NÄME ÜÇIN AÝALLAR ERKEKLERDEN UZAK ÝAŞAÝARLAR?
Emma erkekler hem aýallara mahsus käbir endikleri öwrenmek bilen ömürlerine ömür goşup bilerler.
Dünýäniň ähli ýerinde aýallar erkeklerden uzak ýaşagan bolýar. Meselem, Türkmenistanda aýallar erkeklerden ortaça 6,5 ýyl uzak ýaşaýarlar.
Germaniýada ylmy barlagçylar bu tendensiýanyň haýwanlarda hem birmeňzeşdiginiň üstüni açyp, 528 dürli süýdemdirijileriň 72 göteriminde urkaçylaryň erkeklerden 13% uzak ýaşaýandygyny öwrendiler.
Erkekleriň ir ýogalmagynyň sebäpleriniň aglabasy adamlarda we haýwanlarda meňzeşdir. Diňe bir genetiki tapawutlyklar däl, eýsem töwekgel häsiýetler we başgalara ýakyndan ideg etme jogapkärçiliginiň pesligi erkekleriň ömrüni gysgaldyp bilýär. Giňişleýin aýdylanda:
↪ Genetika: Süýdemdirijileriň urkaçylarynda iki sany X hromosomasy emma erkeklerinde welin ýeke X we ýeke Y hromosomalary saklanýar. Ylmy barlaga görä, aýallarda X hromosomanyň artykmaçlygy olary zyýanly genetiki mutasiýalardan has gowy gorap biler.
↪ Töwekgel hereketler: Haýwanlaryň erkekleri öz genleriniň nesilden-nesle geçmegini gazanmak üçin birek-birege agressiw çemeleşip, birek-biregi heläk etmekden hem gaýtmaýarlar. Erkek adamlar hem edil beýle hereketlere ýygy-ýygydan baş goşmasalar-da, aýallara garanyňda durmuşda has köp töwekgelçilik edýärler. Meselem, aýallara garanyňda has köp erkekler ömri gysgaldýan temmäki, alkogol we neşe serişdelerini kabul edýärler. Bu serişdeleri köp kabul etmek ýürek-damar, öýken we rak kesellerine eltip, adamyň ýarawsyzlykdan ejir çekmegine we ir ýogalmagyna eltip bilýär. Şeýle-de, öz janyňa (suisid) we başgalaryň janyna (homisid) kast etme hadysalary hem erkekleriň arasynda has ýygy duş gelýär. Erkekler aýallara garanyňda günüň zyýanly şöhlelerinden hem has az goranýarlar – munuň netijesinde deriniň rak keseline has köp duçar bolýarlar.
↪ Başgalara ideg etmek: Haýwanlaryň hem adamlaryň hem arasynda çagalaryň idegini has köp edýän jyns uzak ýaşagan bolýar. Ewolýusiýa esaslanylsa, çaga ýetişdirýän kişi çaga özbaşdak bolýança özüni howp-hatadan goramaly bolýar. Dürli milletlerdäki taryhy we medeni kadalar hem, erkekleri eklenç we aýallary çaga idegi wezipesinde goýupdyr. Häzirki döwürde gender rollary özgerip, erkekleriň we aýallaryň maşgaladaky ähli jogapkärçilikleri deň bölüşmegi barha artyp barýan hem bolsa, dünýä derejesinde beýle deňlige ýetmäge ýol heniz uzak.
Adamyň haýsy jyns bolup doguljagyny özi saýlap bilmeýär. Erkekleriň aýallardan az ýaşamaklaryna goşant goşup bilýän genetiki we biologiki tapawutlylyklaryna görüp biljek çäreleri ýok hem bolsa, olaryň diňe bir aýallarça uzak däl, eýsem has sagdyn ömür sürüp biljekdiklerini ylmy barlagçylar nygtaýarlar. Muny gazanmagyň bir ýoly hem aýallaryň ömrüni uzaltýan hereketlerini endik edinmekdir: alkogoldan, neşe serişdelerinden daşda durmak, dogry iýmitlenmek, gowy uklamak, kadaly agramda gezmek we yzygiderli fiziki hereket etmek arkaly ýokanç däl keselleriň öňüni almak; maşgalada çagalara ideg etme jogapkärçiligini deň we adalatly bölüşmek; ýaşyňa we saglyk ýagdaýyňa baglylykda maslahat berilýän lukmançylyk barlaglaryndan wagtly-wagtynda geçip durmak.
- 43 gezek okalan