BIZIŇ JEMGYÝETIMIZDE PSIHIKI SAGLYGA ÜNS BERILÝÄRMI?

1 1 1 1 1

Dünýädepsihiki saglyga uns berilyarmi milliarddan köp adam psihiki bozulmalardan ejir çekýär. Diňe 2021-nji ýylyň özünde dünýäde 727 müňe golaý adam öz janyna kast edipdir, janyňa kast etmek 15-29 ýaş aralykdaky ýaşlaryň ölümçiliginiň sebäpleriniň arasynda üçünji orny eýeläpdir we bu hadysalaryň 73% orta we pes girdejili ýurtlaryň paýyna düşüpdir.

Bu maglumatlary Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy habar berip, şu ýylyň 25-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda geçen BMG-nyň Baş Assambleýasynda bu meselä dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekdi. Taryhda birinji gezek ilatyň psihiki saglygy şunuň ýaly ýokary derejede gün tertibine çykarylýandyr.

Biziň ruhy saglygymyza nämeler zyýan berýär?

Ykdysady krizis, ösüp barýan işsizlik, sosial deňsizlik, barha ýaýbaňlanýan migrasiýa, jemgyýetimizi içinden iýýän korrupsiýa we "ruhy we emosional garyplyk", maşgala gymmatlyklarynyň dargamagy Adamyny güýçli basyşa sezewar edýär. Eger Adam ruhy taýdan durnukly bolup, öz erjelligi hem-de tagallalaryndan başga-da, ýanyndaky adamlaryň kömegini, emosional goldawy wagtynda alsa, elbetde bu ony durmuş krizisinden çykaryp biler. Ýöne şunuň ýaly mümkinçilik hemmelerde bolmaýar we her adamyň durmuşynyň öz aýratynlyklary bolýar.

Biziň döwrümizde Adamyň özbaşdak şahsyýet hökmünde kabul edilmegi ret edilýär. Sen jemgyýetiň kabul eden "ülňüsine" tabyn bolup ýaşamaly we belli durmuş "standartlaryny" ýerine ýetirmeli: uly jaý tutmaly, karzyna almaly ýa-da ipoteka girmeli. Eger 2-3 jaýyň bolsa – uly bagt, sylagyň uly bolmaly. Hökman hususy maşynyň, mellek ýeriň bolsa, ol hem 2-3 bolsa, seni "gurply maşgala" diýip tanaýarlar. Uly bergä girip, 500-600 adamlyk toý tutmaly, berjek naharlaryň, çagyryljak bagşylar, paýlanjak sowgatlar iliňkiden pes bolmaly däl. Bolmasa, il näme diýer?!...

Oba ýerlerinde bolsa, ruhy çökgünlige getirip biljek ýagdaýlar has hem sanardan köp. Oba hojalygynyň pese düşüp, obalaryň garyplaşmagy, işsizlik, bilimiň pesligi, migrasiýa netijesinde maşgalalaryň dargamagy, obalarymyzyň döwrebap abadanlaşdyrylşynyň (köçeleriň, seýilbaglaryň, işleýän medeni we sport binalaryň bolmazlygy we baş.) ünsden düşürilmegi meselelere çynlakaý garamaga esas döredýär. Ýeri gelende aýtsak, soňky ýyllarda jana kast etmeleriň oba ýerlerinde köpelendigi barada oba ilaty habar berýär.

Jemgyýetiň talabyna görä, baýlygyň, emlägiň, puluň, pully wezipäň bolmasa, sen "kiçijik" adam. Şu standartlar Adamy hakyky durmuşy gymmatlyklardan: özüňe bolan sylag, islegleriňi duýmak, durmuşyň lezzetli pursatlaryny duýmak, ýakynlaryňa üns bermek, gyzyklanmalaryňy kesgitlemek ýaly, ynsan üçin wajyp zatlardan daşlaşdyrýar. "Jemgyýet ülňüsine" doly girişip bilmedik Adam özüni güýçsüz duýýar, kemsinýär, gamgynlyga batýar, içki gapma-garşylyklary bilen ýaşaýar.

Psihiki saglyk maşgalada goralyp başlanmaly

Maşgalanyň içki klimaty, agzalarynyň aragatnaşygy, agzybirligi, islendik wagtda kömege taýynlygy, biri-biriňi eşidip we diňläp bilmek häsiýeti onuň her agzasyna uly goldaw beriji faktorlar bolup durýar. Är-aýalyň arasyndaky, ene-ata bilen çagalaryň, uly doganlar bilen kiçileriň arasyndaky ynamly, ýakyn gürrüňdeşlikler her kimde bar bolan kynçylyklary, ruhy dartgynlylygyny kesgitlemäge we degişli çözgüt tapmaga, goldaw bermäge kömek edip bilýär. Biz; "Döwür üýtgedi, her kim ýetişiksiz, gara güni bilen ylgap ýör" diýip, zeýrenýäris. Hakykatdan bolsa, biz, adamlar üýtgedik. Jemgyýetde şeýle arzan düşýän, ýöne bahasyna ýetip bolmajak gadyr azaldy. Biz sözleşenimizde doly eşitmegi, diňlemegi başarmaýarys. Biz öz aladalarymyz, pikirlerimiz bilen gümra. "Bize peýda bolmajak bolsa, Adama düşünjek bolmak nämä gerek?" diýýäris. Ýakynlarymyzdan, tanyşlarymyzdan biri özüne kast edip ölen halatynda bolsa, "Ol näme üçin beýle hereket etdikä?" diýip, pikire batýarys.

Ruhy saglygy saklamaga kim kömek etmeli?

Görşümiz ýaly, ruhy saglygyň berkligi köp faktorlaryň utgaşmasyna bagly bolup durýandyr. Onuň kanagatly ýagdaýda bolmagy üçin döwlet tarapyndan Adamyň ykdysady garaşsyzlygy üpjün edilip, onuň özüniň we maşgalasynyň geljegi babatda arkaýyn bolmagy juda wajyp faktordyr.

Jemgyýetimiziň bolsa kämilleşip we döwrebaplaşyp, ADAM üçin hakyky, wajyp gymmatlyklaryň ornaşdyrylmagy we nygtalmagy ynsan durmuşyny has gyzykly we manyly edermikä diýip pikir edýärin.

Lukmançylyk ulgamynda bolsa, psihologlaryň we psihiatrlaryň taýynlygyna we ýeterlik sanyna çynlakaý üns berilmelidir. Jemgyýet adamda ruhy krizis bolanda, öz pikirleri, kynçylyklary bilen ýeke galman, taýynlykly hünärmenlere ýüz tutmagyň aýyp we gelşiksiz ýagdaý däl-de, dogry we wajyp ädimdigini bilmelidir.

Ýazgyda beýan edilýän pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli bolup, redaksiýanyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler.