TÄZE ÝYL BAÝRAMYNA TAÝÝARLYK HOWUŇY BASÝARMY?

1 1 1 1 1

taze yyl bayramyna tayyarlyk"Täze ýyl" diýlende esasy göz öňüne gelýän zatlaryň biri üsti doly täze ýyl saçagy bolsa gerek. Onuň ýany bilen hem oňa taýýarlanmagyň berýän howsalasy we ýadawlygy. Ýakynlaryňy sowgat bilen begendirmekden başlap, öý-içerleri arassalamak, saçakda goýuljak dürli nygmatlary taýýarlamak, belki-de çagalar bilen myhmançylyklarydyr syýahatlary planlamak ýa-da özüň öýde ençeme günläp myhman almak – baýramçylyk möwsüminiň başagaýlygy ýetik bolýar. Eger seni baýramçylyk "etsem-petsemleriň" sanawy ýa-da olaryň saljak gaýgy-aladasy howpurgadýan bolsa, ýadyňa sal: pikir edişiňden has köp zat seniň erkiňdedir. Nähili başagaý ýa-da uly maşgalaly kişi bolsaň hem, sanlyja usullaryň kömegi bilen, baýramçylygy rahat we lezzetli geçirip bilersiň.

Garaýşyňy üýtget

Sanawyňda täze ýylda ençeme "etmeli" zatlar ýazylgy bolup biler. Emma olara borç ýa-da jogapkärçilik hökmünde garaman, baýramçylygy manyly geçirmek üçin "mümkinçilik" ýaly görmek howsala duýgusyny ýeňledip biler. Meselem, "nahar bişirmeli" düşünjesine derek "ýakynlarym bilen wagt geçirmek üçin nahar bişirýärin" ýa-da "çagalary ýolka äkitmeli" däl-de "çagalaryň gyzykly pursatlary başdan geçirmesi üçin olary ýolka äkidýärin we olaryň şatlygyna şaýat bolýaryn".

Köp zadyň öz eliňdedigini ýadyňa sal

Täze ýyly ýerlikli geçirmek üçin sanawyňdaky ähli zady bitirmeli ýaly duýýan bolsaň-da, bu asla beýle däldir. Eger ol bitirilmeli işler lezzet we many bermeýän bolsa, olardan boýun towlamaga doly hakyň bar. Biş-düşüň saňa berýän lezzetinden güzaby köpmi? Onda tagamlaryň sanyny azalt, olary sargyt et ýa-da bile baýramçylyk belleýän adamlaryň bilen goşulyşyp et. Köp sanly çakylyklar stres berýärmi? Edeplilik bilen "baryp bilmeýärin" diýmekden çekinme. Mümkin bolan ýerinde, taýýarlygyň ýüküni maşgalaňdaky beýlekiler bilen paýlaş.

Tamalaryňy seýisle

Köplenç bizi bolan zatlaryň özi däl-de, isleglerimiziň we tamalarymyzyň ýerine düşmedigi has gynandyrýar. Hemişe ähli zatlaryň edil seniň islegiňe görä bolmajakdygyny kabul et we her bir wakadan gowulyklary gözlemäge synanyş. Baýramçylyk döwründe, köp kelläniň bir ara üýşen ýerinde galagoplugyň, stresiň, düşünişmezlikleriň we hatda göwnedegişlikleriň hem ýüze çykmasy adaty zat. Emma oňa derek hökman ýakymly we rahatlandyryjy pursatlar hem bolup geçýändir. Ünsüňi pozitiw zatlara bermäge çalyş we seniň garaşygyňa gabat gelmeýän netijeleriň hem lezzetli we täsirli bolup biljegine ynan.

Çeşme