SAÇ DÜŞMÄNIŇ SEBÄPLERI WE ONUŇ ÖŇÜNI ALMAK

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.02 (53 Ses)

Kölge diýip saýaladym,

Turup görsem tylla saçyň.

Aňabilmän, köp oýladym,

Tutup görsem, tylla saçyň.

Mollanepes

 

Türkmen medeniýetinde saç gyz-gelinleriň buýsanjy, görki hasaplanylýar. Emma gynansak-da, käwagt köp zenanlar saç düşmesi ýaly ýagdaýlara sezewar bolýar. Eger siz hem şular ýagdaýa düşen bolsaňyz, onda şu makalamyz siz üçin peýdaly bolar diýip umyt edýäris.

Saç düşmäniň sebäpleri we onuň öňüni almak

Adamyň saçy düşse, bu adaty we kadalaýyk ýagdaýdyr. Hatda haýwanlaryň tüýleri düşýär, guşlar perlerini çalyşýar, ýylanlar bolsa gowlaryny çalyşýar.  

Saçlar täze ösüp çykýan saçlara orun bermek üçin düşmelidir. Emma olaryň jemi günde 60-100 gyldan köp bolmaly däldir. Eger bir günüň dowamynda düşen saçlaryň mukdary mundan köp bolsa, onda bu organizmde haýsydyr bir näsazlygyň bardygyny aňladýar.

Ýazyna, güýzüne we gyşyna saçlar köp düşýär, ýöne soňra olaryň sany öňki ýagdaýyna gelýär. Emma käwagt saçlar düşse-de, olaryň ýerine täze saçlar ösmeýär ýa-da haýal ösýär. Şular ýaly ýagdaýlarda munuň sebäplerini bilip, degişli çäreleri görmeli. Şeýle-de saçlara has köp üns berip, halk serişdelerini ulanyp başlamaly.

Saç düşmäniň sebäpleri

Saç düşmäniň esasy sebäplerine şular degişlidir: nädogry iýmitlenmek, witaminleriň we mineral maddalaryň ýetmezçiligi, daş-töwerekdäki gurşawyň ýagdaýy, tolgunmalar, ýadawlyk, himiki dermanlaryň kabul edilmegi, saçy boýamaklyk, fen bilen guratmak we ş.m. faktorlar.

Ýöne şu faktorlaryň täsirini kemeldäýen ýagdaýymyzda-da, saçlara ýörite üns berip, degişli serişdeleri ulanmasak, saçyň sagdynlygy we gürlügi tiz wagtda dikeldip bolmaz.

Öý şertlerinde tebigy serişdelerinden edilen ýapgylar saçlar üçin gaty peýdalydyr. Olar saçyň düşmesini bes etdirip, saçyň ösmegine ýardam berýär. Olary gür, ýümşak edýär we güýçlendirýär. Wagty biderek sarp etmezlik we gerekli netijeleri gazanmak üçin, bu ýapgylaryň düzümini dogry taýýarlamalydyr.

Öý şertlerinde taýýarlanylyp, saç düşmäniň öňüni alýan ýapgylar:

Aloe (sarysabyr) ösümliginiň şiresinden edilen ýapgylar saç düşmäniň öňüni alýar.  Mysal üçin, aloeniň sykylyp alnan şiresine (3 n.ç) baly (1 ç.ç) we ýumurtganyň sarysyny garmaly-da, saça çalyp 20min. saklamaly. Soňra mylaýym suw bilen bu ýapgyny ýuwup aýyrmaly. Şeýle-de şu ýapga sarymsagyň suwuny (1 ç.ç.) garyp, soňra  çitçitiniň we çopantelpegiň gaýnadylan suwuna durlamaly. Şu ýapgynyň ulanylan ýagdaýynda çala mylaýym suw bilen durlamalydyr. Gyzgyn suw ysy güýçlendirip bilýär.  Eger bu peýda etmese, saça reňksiz hyna  goýaýmaly. Şonda sarymsagyň ysyndan nam-nyşan galmaz.

Sogan bilen sarymsakdan edilen ýapgylar saç düşmäniň öňüni alýar. Gyrgyçdan geçirilen sogan bilen sarymsagy garmaly (hersinden 2 n.ç.). Muny saça  ýapyp, bir sagadyň dowamynda saklamaly. Soňra şampun bilen ýuwmaly-da, çitçitiniň we çopantelpegiň gaýnadylan suwuna durlaýmaly. Şeýle ýapgylara gatyk goşulsa, sarymsagyň ysyny kemeldýär. Mysal üçin, 1-2 soganyň suwuny gatyk bilen (1:1 gatnaşykda) garyp, saça çalmaly. 40 minutdan soň ýuwup aýyrmaly.

Reňksiz hyna  bilen gatykdan edilen ýapgylar saç düşmäniň öňüni alýar. Bu ýapgy saçyň köküni berkidýär. Hyna  bilen gatygy uýadylan gaýmagyň goýulygynda garyp, kelläniň derisine sürtüp çalmaly. Soňra kellä sellofan geýip, desmala (polotensa) dolamaly-da, 30 minut saklamaly.

Arak ýapgylara goşulan ýagdaýynda peýdalydyr. Mysal üçin, 2 n.ç. araga 2 ýumurtganyň sarysyny garyp, kelläniň  derisine sürtüp çalmaly. Bu ýapgyny 30 minut saklap, soňra çitçitiniň we çopantelpegiň gaýnadylan suwuna durlamaly.
 

Ýumurtgalardan edilen ýapgylar saç düşmäniň öňüni alýar.  Iki ýumurtgany  bala garyp, bu ýapgyny saçyň düýbüne sürtüp çalmaly. Bala allergik täsiriniň bolmadyk ýagdaýynda bu  ýapgyny birnäçe sagatlap saklamak bolýar. Birnäçe sagatdan soň saçy mylaýym suwa durlamaly.  

Gara çörekden edilen ýapgylar saç düşmäniň öňüni alýar.  Gara çöregiň birnäçe bölegini gyzgyn suwa ezmeli-de, bir sagadyň dowamynda demine goýmaly. Soňra emele gelen bulamagy saça ýapmaly. Bir ýa-da birnäçe sagatdan bu ýapgyny ýuwup aýyrmaly. Şampun hökmany däl. Şu ýapgy aýratyn hem ýagly saçlar üçin peýdalydyr.

Gyrgyçdan geçirilen käşir bilen uýadylan gaýmakdan edilen ýapgy saç düşmäniň öňüni alýar.  Bu ýapgyny hepdede birnäçe gezek ulanmak bolýar. Ýapgyny saça çalyp, 30-40 min. saklamaly. Soňra saçyňyzy adatdakysy ýaly ýuwaýmaly. Gyrgyçdan geçirilen käşiriň deregine käşiriň suwuny ualanmak hem bolýar.

Gorçisadan edilen ýapgylar saç düşmäniň öňüni alýar.  Gury gorçisany (1 n.ç.) ajy demlenen çaýa garyp, muňa bir ýumurtganyň sarysyny goşmaly. Ýapgyny saçyň düýbüne sürtüp çalmaly-da, 20 minut saklamaly. Soňra mylaýym suw bilen durlamaly.

Baldan edilen ýapgylar saç düşmäniň öňüni alýar.  Bir litr gaýnadylyp, 40°С çenli sowadylan suwa 2 n.ç. baly garyp, hepdede iki gezek saçyň düýbüne sürtüp çalmaly. Bu ýapgy saçy kuwwatlandyryp, onuň çalt ösmegine ýardam edýär.

«Ekzotiki» ýapgy saç düşmäniň öňüni alýar.  Bu ýapgy ekzotiki bolsa-da, örän netijeli hasaplanylýar. Ol hatda takyr kelle bolmakdan saklaýar. Onuň esasy bölegini sygryň ýiligi düzýär. Ony bazardan satyn alyp bolýar. Ýiligi suwa salyp, gaýnatmaly. Suwy çekilenden soň, ýiligi süzüp, spirt (1ç.ç.)  bilen garmaly. Bu ýapgyny kelläniň  derisine çalyp, desmala (polotensa) dolamaly-da, ýarym sagat ýyly saklamaly. Soňra kellä gwozdikanyň ýagyny çalyp, kelläniň  derisini owkalamaly. Soňra garaýagdan taýýarlanylan şampun (degtýarnyý şampun) bilen ýuwup, kelläniň derisi gowy gyzar ýaly, ony ýene-de oňatja owkalamaly. Mundan soň kelläni gyzgyn suwa ezilip sykylan desmala (polotensa) dolamaly-da, ol sowaýança saklamaly. Muny yzly-yzyna 6-7 gezek gaýtalamlay. Bu ýapgynyň taýýarlanylyşy kyn bolsa-da, 5 gezekden soň saç düşmesi galar.

Zeýtun ýagyndan edilen ýapgylar saç düşmäniň öňüni alýar. Saçlaryň köp düşmedik ýagdaýynda zeýtun ýagynyň bir özüni çalmak hem bolýar.  ¼ stakan zeýtun ýagyny satakana guýup, suwda gyzdyrmaly. Soňra ony saçyň düýbüne sürtüp çalmaly-da, sellofan bilen desmala (polotensa) dolamaly. Bu ýapgyny ertire çenli goýmak hem bolýar. Ertesi gün saçy adatdakysy ýalyp ýuwup durlamaly.