АSPIRIN DIŇE ÝÜREGAGYRYLY ADAMLAR ÜÇIN?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.33 (3 Ses)
Alymlar ýürek-damar keselleriniň alamatlarynyň bolmadyk ýagdaýynda aspiriniň peýdasyndan zyýanynyň has köpdügi barada duýdurýarlar.

Lukmanlar ýürek-damar keselleriniň öňüni almak üçin aspiriniň az mukdaryny içmegi maslahat berýärler. 

Lancet we The Drugs and Therapeutics Bulletin (DTB) žurnallarynda çap edilen ylmy derňewleriň soňky netijelerine laýyklykda, aspiriniň kabul edilmegi ölüme eltýän ýürek keselleriniň öňüni alyp bilmeýär. Tersine, onuň içki gan akmanyň ýüze çykmagyna sebäp bolmagy ahmal.

Ýürek-damar keselleriniň öňüni almak maksady bilen öz syrkawlaryna  aspirin bellän lukmanlara şol  syrkawlarynyň kesel taryhlaryny ýene bir gezek gözden geçirmek maslahat berilýär.

 Infarkty ýa-da insulty başdan geçiren adamlara ýürek-damar keselleriniň ýaýbaňlanmagynyň öňüni almak maksady bilen aspiriniň ujypsyz mukdarynyň kabul edilmegi giňden ulanylýar.

"Ikinji öňüni alyş” diýip atlandyrylýan bu usul köpden bäri bellidir. Onuň syrkawlar üçin bähbitlidigi babatda hiç bir şübhe ýokdur.

Emma Beýik Britaniýada müňlerçe adamlar özlerinde ýürek-damar keselleriniň alamatlary bolmasa-da, bu keselleriň öňüni almak maksady bilen aspirini kabul edýärler.

 

Synag barlaglary

2005-2008-nji ýyllar aralygynda The Drugs and Therapeutics Bulletin (DTB) žurnalynda kada-kanunyň dört warianty çap edildi. Bu wariantlarda ýürek keselleriniň alamatlary bolmadyk syrkawlaryň kesgitli toparyna „ilkinji öňüni alyş” serişdesi hökmünde aspirini kabul etmek maslahat berilýär.

Bu kesgitli topara 50 ýaşdan geçen ýa-da ikinji derejeli diabet keseli bolan adamlar girýär.

Lancet žurnalynda aspirin babatda geçirilen synag barlaglarynyň altysynyň netijeleri çap edildi. Bu synag barlaglaryna 95 müň adam gatnaşdy. Synag barlaglaryň netijeleri syrkawlarda aşgazan gan akmasynyň açylmak töwekgelligi sebäpli aspirini syrkawlara bellemekligiň nädogrudygyny mälim edýär. Şeýle-de, ölümiň öňüni almak maksady bilen aspirini bellemekligiň bähbitli täsiri hem tassyklanylmady.

"Ylmy derňewleriň soňky netijeleri öňki nukdaýnazara täzeden garamalydygyny subut edýär. Ilkinji öňüni alyş serişdeleriniň peýdaly we zyýanly täsirlerini jikme-jik derňemeli. Bu hatda ýürek-damar keseli bolan, ýokary gan basyşly we diabet keseli bolan  syrkawlara hem degişlidir” — diýip, DTB-niň redaktory lukman Ike Ikeanaço aýdýar.

 

"Örän paýhasly pikir"

The Drugs and Therapeutics Bulletin žurnalynda çap edilen netijeleri terapewt lukmanlary taýynlaýan Patyşa Kolejiniň hünärmenleri hem goldaýar. Bu kolejiň başlygy professor Stiw Fild şeýle diýýär: «Aspirin babatda geçirilen ylmy-derňewleriň soňky netijeleri, DTB-niň maslahatlary örän paýhaslydyr».

British Heart Foundation guramasynyň baş şepagat uýasy Jun Dewison öz gezeginde ýürek-damar kesellerine ýykgyn bolýan syrkawlaryň infarktyň we insultuň öňüni almak maksady bilen aspirini kabul edýändiklerini aýdýar. «Emma ýürek-damar kesellerinden ejir çekmeýän syrkawlarda aşgazan gan akmasynyň döremek töwekgelligi aspiriniň peýdasyndan üstün gelýändir, — diýip, Dewison belleýär. — Biz syrkawlara aspirini günde kabul etmegi maslahat bermeýäris. Muny diňe lukman belläp biler».

 Şeýle-de Dewison  ýürek-damar keselleriniň öňüni almakda çilim çekmezligiň, ýagly naharlardan gaça durmaklygyň, ir-iýmişleri köpräk iýmekligiň we yzygiderli ýagdaýda sport bilen meşgullanmagyň has oňat serişdedigini nygtaýar.

Ulanylan WEB Salgy