SAGDYN OŇURGALYK – SAGDYN BEDENIŇ GÖZBAŞYDYR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.82 (11 Ses)

Oňurgalygy döretmek bilen, tebigat oňa ýaşaýyş taýdan wajyp bolan işleri hem ýerine ýetirmegi tabşyrypdyr. Aşaky bölegi çanaklyk süňkleriň arasynda bitişen, ol ýokaryk, kelle çanaga çenli dowam edýär we kelle hem-de eginler üçin uly hemaýat bolup durýandyr. Olaryň hereketlenmegine gatnaşyp, oz gezeginde oňurga ýiligini hem şikeslenmeden goraýandyr. Öz çeýeliginiň kömegi bilen, hemme urgulary we çaýkanmalary azaldyp, beýnini we içki agzalary zeperlenmeden goraýandyr.

Oňurgalyk 33-34 sany oňurgadan ybaratdyr. Olaryň 24 sanysy erkindir. (7 boýun, 12 döş we 5 bil oňurgalar). Galanlary – biri-biri bilen bitişen bolup, iki süňki emele getirýär: türräni (5 oňurga) we türreujy (4-5 oňurga).

Boýun oňurgalary kelläni saklap, onuň dürli hereketlerini amala aşyrmaga kömek edýändir. Döş oňurgalary gapyrgalar bilen birleşip, döş kapasasyny emele getirýändir. Bil oňurgalary oňurgalygyň bil bölegini emele getirýär. Olar iň uly, güýçli we hereketli oňurgalardyr. Çünki olar adamyň hereketiniň 80%-ni amala aşyrýarlar. Bäş sany biri-birine sepleşen oňurgalar türräni emele getirýär. Dört sany bitişen oňurgalar bolsa, ewolýusiýa netijesinde ýok bolup giden guýruk skeletiniň galyndysy bolan türreujyny düzýärler.

Oňurgalar latyn harplary bilen bellenilip, olaryň umumy sany görkezilýär: C1-C7 – boýun oňurgalar; Th1-Th12 – döş oňurgalar; L1-L5 – bil oňurgalar; S1-S5 – türräni emele getirýän oňurgalar bolup durýandyr.

Her oňurga uly bedenden we ondan gaýdýan eginlerden ybaratdyr. Biri-biriniň üstünde ýerleşip, oňurgalaryň eginleri, içinde oňurga ýiligi ýerleşýän, oňurga kanalyny emele getirýändir.

Oňurgalygyň bedeni öýjükli süňkli dokumadan ybarat bolup, köp gan damarlaryndan durýandyr. Ol örän berk süňk gatlagy bilen örtülendir.

Süňk dokumasy – bu janly dokuma bolup, ol ýerde kalsiniň, fosforyň, witamin D we başga witaminleriň üsnüksiz alyş-çalşygy bolup geçýändir. Her oňurgada dört sany bogun ýeri bolup, olaryň üsti bilen, ol ýokarky we aşaky oňurga bilen bitişýändir. Bogun ýerleri kekirdewik bilen örtülendir.Süňklerden tapawutlylykda, kekirdewikde  gan damarlary ýokdyr.

Uly  güýje döz gelmäge oňurgalyga oňurgaara diskleri kömek edýär. Oňurgaara diskleri oňurgalygyň “jany“ bolup, olar aşakdaky işleri ýerine ýetirýändir:

 

Her disk fibroz halkadan we ýadrodan durýandyr. Ýadronyň düzüminiň 83%-ne golaýyny suw tutýandyr. Gartaşan adamlarda suwuň mukdary 70%-den köp däldir. Suwuň mukdarynyň azalmagy, diskiň çeýeliginiň peselmegine we onuň “könelmegine“ getirýändir.

Oňurgaara diskleriň beýikligi gije-gündizde deň däldir. Günüň soňunda ol peselýändir, gijeki dynç almadan soň bolsa, beýgelýändir. Şonuň üçin hem oňurgalygyň uzynlygy gije-gündiziň dowamynda 2 sm. golaý üýtgäp durýandyr.

Oňurgalygyň her hereketi myşsalaryň we bogun baglaýjylaryň çylşyrymly utgaşmasy bilen amala aşyrylýar. Onuň hereketini arkanyň, döşüň we garnyň myşsa toparlary döredýärler. Garnyň we döşüň myşsalary bedeni öňe  hereketlendirse, arkanyň myşsalary oňurgalary dik ýagdaýda saklaýandyr.

Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, oňurgalygyň ýerine ýetirýän möhüm işiniň biri hem, oňurga ýiligini gorap saklamakdyr. Kelle beýniden oňurga ýiliginiň üsti bilen myşsalara hereketlendiriji habarlar barýandyr. Yzyna bolsa, bedeniň dürli ýerlerinden duýujy signallar geçýändir. Oňurga ýiligi gan damarlara baý bolup, tutuş uzynlygyna oňurgalar, myşsalar bilen goralandyr.

Biziň oňurgalygymyzyň saglygy, bedeniň saglygy ýaly, köp faktorlara baglydyr. Olara gün tertibiniň düzülişi, dogry we kadaly hereketlenme, işiň we dynç almanyň utgaşma kadasy, dogry iýmitlenme ýaly görkezijiler girýändir.

Oňurgalygyňyzyň sagdyn, bek, hereketli bolmagy üçin dogry iýmitlenmäniň düzgünlerini berjaý etmelisiňiz.

 

Oňurgalyk üçin nämeler peýdalyka?

Kalsiý– tebigatda giňden ýaýran bu element, süňk  dokumasynyň esasydyr. Bedende saklanýan kalsiniň 90%-den köpüsi süňk dokumasynda ýygnanandyr. Olar ätiýaçlyk materialy höküminde saklanýar. Kalsiniň ýetmezçiliginde, olar süňklerden alnyp, öwezi dolmasa  osteoporoz keseli döreýändir.

Osteoporoz keselinde kalsiniň ýetmezçiligi netijesinde, süňkleriň berkligi peselip, olaryň döwülmegi bolup geçýändir. Kalsiý myşsalaryň işi üçin hem hökmany mikroelement bolup durýandyr. Onuň ýetmezçiliginde nerw ulgamynyň işi hem bozulýar. Adamda gaharjaňlyk, ynjyklyk döreýär. Kalsiniň öwezi dolunmasa, damar çekmeler döräp biler.

Kalsiý bagyrda, böwrekde, çig ýumurtgada, süýt önümlerinde, kelemde, käşirde, hyýarda saklanýar. Ol has hem köp mukdarda ýumurtganyň gabygynda saklanýar. Ony külke görnüşde ownadyp, duza garyp, (1kg. duza 1 nahar çemçe kalsiý tozy) uzak wagt ulanmak bolýar.

Fosfor – bu elementiň ýetmezçiligi süňk dokumasynyň gurluşyny gowşadýandyr. Fosfor süňk öýjükleriniň ösmegine kömek edýär. Ol kalsiý bilen birleşmelerde bolup, onuň saklanmagyna kömek edýär we süňkleriň berkligini amala aşyrýar.

Fosfor balykda, balyk ýagynda, ysmanakda, kelemde, nohutda, hyýarda saklanýandyr.

 

Magniý – bu element süňküň mineral düzümini saklamaga kömek edip, onuň berk bolmagyna kömek edýär.

Ol noýba önümlerinde, hyýarda, ysmanakda, hozda, günebakar çigidinde, balda, guradylan erikde, kişmişde saklanýar.

 

Marganes– bu element oňurgaara diskleriň iýmitlenmegine kömek edýär. Marganes ýetmezçilik edende, osteohondroz, diskler “könelip“, oňurgaara ingi keseli döräp biler. Ol ýumurtganyň sarysynda, guş etinde, peýnirde, deňiz suw otunda, soganda, bagyrda, hozda, bananda, noýba önümlerinde saklanýandyr.

 

Süňk dokumasy we oňurgalyk üçin witaminleriň ýetmezçiligi hem öz täsirini ýetirýär.

Witamin A we D– bu witaminler süňkde fosfor we kalsiý alyş-çalyş hadysalaryna gatnaşyp, nerw ulgamynyň işine hem täsir edýär. Şu witaminleriň ýetmezçiligi, galkan şekilli mäziň ýanyndaky mäzjagazyň kadaly işini bozýar we ol süňkde mineral düzüminiň özleşmegini üpjün edip bilenok.

A witamin ýumurtgada, bagyrda, gyzyl we sary ir-iýmişlerde we bakja önümlerinde saklanýandyr.(käşir, gawun, kädi, şetdaly). D witaminini bolsa, bagyrdan, ösümlik ýagyndan, mesgeden, süýtden alyp bolýar. Bu witamin günüň şöhleleriniň täsiri bilen deride emele gelýär. Şonuň üçin hem süňkleriň kesellerinde gün wannalaryny almak peýdalydyr.

Witamin C – bu witamin bedeniň hemme bogun baglaýjy dokumalarynyň berkligini amala aşyrýar. Ol bedende ýygnanmaýar, şonuň üçin hem önümler bilen her gün öwezini doldurmak hökmandyr.

Witamin C, kelemde, süýji burçda, smorodinada, sitrus miwelerinde saklanýar. C witamini gyzdyrlanda dargaýanlygyny göz öňüne tutup, önümleri çig görnüşde kabul etmelidir.

B toparyň witaminleri – myşsalaryň işine, nerw süýümleriň geçirijiligini, deriniň we nemli bardanyň ýagdaýyna täsirini ýetirýändir.

Bu witamin tüwüde, doňuz etinde, balykda, greçkada, ysmanakda, bananda, kömelekde, deňiz önümlerinde, süýtde, peýnirde, ýumurtgada saklanýandyr.

 

Oňurgalylygy bedeniň gözellik naýbaşysy höküminde saklamagyň ýene bir esasy ýoly – fiziki türgenleşik we  seresaplylyk çäreleri berjaý etmekdir. Tehniki taýdan üpjünçilik bizi hereketden aýyrdy.

...Agşam işden gelip, telewizoryň başyna geçýäris. Iýip bolup, ýene ýumşak kürsümize oturýarys. Biz işlämizde hem, köp sagatlap kompýutoryň, noutbuklaryň başyndan turamzok.

Ýakynda ýerleşýän dükana gitjek bolsak hem, öz maşynymyza münýäris.

Ýaltalyk, hereketsizlik oňurgalygyň çeýeliginiň peselmegine getirýär. Onda myşsalaryň gowşamagy, oňurgaara diskleriň üýtgemegi bolup geçýär.

Eger adam 8-10 sagat stoluň başynda oturyp işlese, bil we türre oňurgalaryna uly agram düşýändir.

Agyr fiziki iş edilende, bil oňurgalary 500 kg. deň basyşa sezewar bolýandyr. 6 kg. barabar kelläni götermek üçin, boýun oňurgalaryna hem üzniksiz agram düşýär.

 

Oňurgalygy aýawly saklamak üçin üns beriň:

 

Günde birnäçe gezek maşklar arkaly oňurgalygy süýndirmäge çalşyň.

 

Ýokardaky maşklar ýönekeý bolup, oňurgalaryň, myşsalaryň dartgysyny aýyrmaga kömek eder. Maşklary günüň dowamynda, işiňiziň arasynda ýerine ýetirip bolar.

Bedeniň saglygyny, sagdyn oňurgalygyň kömegi bilen gazanyp boljakdygyny ýatdan çykarmaň.