ÝETGINJEKLIK DÖWRÜNIŇ PSIHOLOGIKI WE FIZIOLOGIKI AÝRATYNLYKLARY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.90 (20 Ses)

 

Adamzadyň ýaşaýşynyň her bir pursady özüçe ajaýypdyr. Şonuň bilen birlikde her bir ýaşyň öz aýratynlyklary, öz kynçylyklary bar. Ýetginjeklik döwri hem bu meselede çetde durmaýar. Ol iň uzak geçiş döwri bolup, ençeme fiziologiki we psihologiki üýtgeşmeler bilen häsiýetlendirilýändir. Ýetginjeklik döwründe şahsyýet güýçli depginde ösüp başlap, onuň gylyk-häsiýetiniň we dünýägaraýşynyň esasy taraplary emele gelýändir.

Psihologiki sözlükde: "Ýetginjeklik döwri – çagalyk bilen uly, kämil adam bolma döwrüniň arasyndaky ösüş tapgyry. Ol jynsy taýdan ýetişmek we ulularyň durmuşyna gadam basmak bilen bagly üýtgeşmeler bilen häsiýetlendirilýär" – diýip bellenilýär.

Adatça geçiş döwri 12-13 ýaşdan 16-18 ýaşa çenli dowam edýär. Şeýle hem bu tapgyr gyzlarda, oglanlara garanyňda az-kem öň başlaýar. Çagada keýpiniň birden üýtgemegi, gaharjaňlyk, ynjalyksyzlyk, kesirlik peýda bolýar.

ÝETGINJEKLIK DÖWRÜNIŇ FIZIOLOGIKI ÜÝTGEŞMELERI

Fiziologiki jähtden nazar salnanda, ýetginjeklik döwrinerw ulgamynyň yzygiderli täsirindebolan jyns mäzleriniň ýetişmegi bilen häsiýetlendirilýär. Jyns mäzleriniň gormonlary bedende bolup geçýän ähli ahwalatlaryň geçişine, şol sanda nerw ulgamyň hemme bölümlerine hem täsir edýär.

Gyzlarda jynsy taýdan ýetişmeklik 12-14 ýaşlarynda başlanyp, 16-18 ýaşlarda tamamlansa, oglanlardabu döwür biraz uzaga çekip 13-15-den, 18-20 ýaşlar aralygy dowam edýändir. Bu döwür ikilenç jyns alamatlaryň peýda bolmagy, şeýle hem gyzlarda aýbaşynyň gelmegi, oglanlarda bolsa pollýusiýanyň (gyjynmalardan soň biygtyýar dölüň dökülmegi) ýüze çykmagy bilen häsiýetlendirilýär.

ÝETGINJEKLIK DÖWRÜNDE BEDENIŇ ÖSMEGINIŇ AÝRATYNLYKLARY NÄMEDEN YBARAT?

Ýetginjeklerde beden agramynyň batly depginde ýokarlanmagyny belläp bolýar. Adatça olaryň agramy bir ýylyň dowamynda 3-5 kg artýar. Ýetginjeklik döwründe boýuň çalt ösmegi we durkuň deň ölçegliliginiň bozulmagyny hem belläp bolýar. Bir ýylyň içinde olar 10 sm ösýär, gyzlarda depginli ösüş, oglanlara garanyňda ir amala aşyp başlaýar.

Bu döwür çaganyň ähli beden bölekleri, dokumalary we beden agzalary ösýär we kämilleşýär. Ýöne olaryň ösüş derejesi deň bolmaýar. Elleriň we aýaklaryň ösýänligi has göze ilýär. Oglanlaryň göwresi – elleri, aýaklary we çanaklygy inligine ýeterlikli ösüp bolan soň uzalýar. Bu döwürde olaryň ýüzüniň keşbi hem üýtgeýär, gursagy bolsa uly adamyň gursagynyň görnüşine eýe bolýar.

Beden bölümleriniň deň derejede ösmeýänligi hereketiň sazlaşygynyň wagtlaýyn bozulmagyna getirýär – tagaşyksyzlyk, äwmezeklik, çemesizlik peýda bolýar. 15-16 ýaşdan soň bu ýagdaýlar kem-kemden geçip gidýär.

Bedeniň depginli ösüş döwründe, ýetginjegiň göwresini saklaýşyna has ykjam üns bermeli. Bu döwür olaryň partada oturşy hem wajypdyr, sebäbi hat ýazylýarka we okalýarka göwräni nädogry saklamak,  oňurganyň gyşarmagyna (skolioz) getirip bilýär.

Hakyky ses perdesiniň kämilleşmegi çaganyň ömrüniň birinji ýylynda we 14-15 ýaşlarynda has güýçli bolup geçýär; 12 ýaşdan soň oglanlaryň ses perdesi, gyzlaryňka garanyňda uzyn bolýar. Oglanlaryň sesiniň "döwülmegini" geçiş döwri bilen we bedendäki bolup geçýän gormonal çalşygy bilen baglanyşdyrýarlar.

Ýetginjeklik döwründe öýkeniň güýçli ösüşi bolup geçýär; onuň göwrümi hem örän çalt ulalýar: çaga 12 ýaşa ýetende onuň öýkeni ýaňy dünýä inendäkiden 10 esse ulalýar. Oglanlaryň dem alyşyna garyn, gyzlaryňka bolsa döş we garyn işjeň gatnaşýar.

ÝETGINJEKLIK DÖWRI ÇAGANYŇ SAGLYGYNA TÄSIR EDÝÄRMI?

Ýetginjeklik döwründe dürli beden agzalarynda fiziologiki üýtgeşmeler bolup geçýär. Köplenç, ýüregiň göwrüminiň ulalmagy we diňlenende kadasyz urgy sesleriniň ýüze çykýanlygy bilen häsiýetlendirilýän, "ýetginjeklik ýüregi" peýda bolýar. Arterial gan basyşynyň ýokarlanmagy (ýetginjeklik gipertoniýasy), güýçli ýürek urmasy, damar urgusynyň çaltlaşmagy (käýarym gan basyşy pese düşüp, damar urşy haýallap hem biler), demgysma, maňlaýda ýüze çykýan kellagyry ýaly alamatlary hem synlap bolýar. Käbir ýetginjeklerde baş aýlanma, çaşmaklyk (köplenç gyzlarda bolup geçýär), aşgazan-içege ulgamynyň dürli bölümlerinde gysylmalar ýüze çykyp bilýär. Uzak wagt aýak üstünde durlanda, köp gymyldaman oturmaly bolanda baş aýlanma, ýüregiň we garyn boşlugynyň töwereginde, aýaklarda ýagdaýy üýtgetmäge bolan isleg döreýär. Çaşmak, gaýtarmak ýaly ýagdaýlar hem döräp bilýär, şeýle pursatlarda ýüzüň reňki solup, elleriň aýasy sowaýar, olaryň gögermegi hem ahmal. Bu ýagdaýlaryň ählisi çagany rahat, arkan ýatyrylandan soň derrew geçip gidýär.

Bular ýaly ýetginjekler derlegen bolýarlar, olaryň keýpiniň üýtgäp durmagy synlanylýar.

Agzalan bozulmalaryň sebäpleri, köplenç, bu ýaşa häsiýetli bolan wegetatiw nerw we endokrin ulgamynyň durnuksyzlygy, şeýle hem psihiki we fiziki dartgynlyk diýip hasaplanylýar. Wagtyň geçmegi bilen bu alamatlar özbaşdak ýitip gidýär. Ýöne ätiýaçlylyk üçin, olar peýda bolandan, takyk sebäbini anyklamak üçin lukmana ýüz tutmak maslahat berilýär.

ÝETGINJEKLIK DÖWRÜNIŇ ESASY PSIHOLOGIKI AÝRATYNLYKLARY:

Bu döwürde ýetginjeklerde döreýän gormonal üýtgemeler olaryň psihologiýasynda hem gapma-garşylyklaryň ýüze çykmagyna getirýär:

► maksadaokgunlyk, erjellik – göçgünlilige,

► durnuksyz hereket – perwaýsyzlyga,

► özüne bolan ynamyň ýokarylygy, gutarnykly, üýtgewsiz çözgütleri tapmak ukyby – bir pursadyň içinde ynamsyzlyga, ynjyklyga öwrülýär,

► biri bilen söhbetdeş bolmak islegi – köpçülikden çetde durmak islegine,

► edepsiz hereket – utanjaňlyga,

► ýakymly mylakatlylyk bolsa, çaga mahsus bolmadyk zalymlyk bilen utgaşyp bilýär.

Ýetginjeklerde bilesigelijilik, täze maglumatlary kabul etmäge bolan isleg ýokary bolýar, ýöne olar mydama bu maglumatlary rejeläp, kadaly ulanmaga başarmaýarlar. Adatça, olar akyl ýetiriş ukyplaryny diňe özüni gyzyklandyrýan akyma ugrukdyrýarlar. Ýöne olaryň höwesi durnuksyz bolýar. Ýetginjek wagtynyň köp bölegini deň-duşlarynyň arasynda geçirmegi isleýär. Şeýle hem bu döwürde okuwda we ulular bilen aragatnaşykda kynçylyklar peýda bolmak töwekgelçiligi döreýär.

ÝETGINJEKLIK DÖWRÜNIŇ BIRNÄÇE AÝRATYNLYKLARY:

► Özbaşdaklyga ymtylmak (eýýäm çaga däl, ýöne uly hem diýip bolmaýar).

► Özüne meňzeşi gözlemek (bu döwürde "men kim" diýen sorag çaga üçin örän wajyp bolýar).

► Deň-duşlary bilen aragatnaşykda bolmak zerurlygynyň artmagy (ululara garanyňda ýaşdaşlaryna has düşnükli we ýakyn bolan täze gymmatlyklaryň kemala gelmegi).

► Ýetginjegiň jemgyýetiň gymmatlyklaryna we düzgünlerine bolan garaýşynyň üznüksiz üýtgäp durmagyna bagly bolan, keýpiniň ýokary durnuksyzlygy bilen häsiýetlendirilmegi (şatlygyň we gam-gussanyň, özünden we daşyny gurşap alýan dünýäden nägile ýa-da hoşal bolmagy mydam üýtgäp durýar).

► Deň-duşlarynyň we ulularyň tankydy belliklerine, oňa garaýyşlaryna we edilýän gürrüňlere ýokary duýgurlyk peýda bolýar (bu ýaşda özüne negatiw baha bermek ýokarlanýar, şonuň üçin onuň şahsyýetine başga adamlaryň, esasan hem ene-atanyň umumy položitel baha berip durmagyna zerurlyk ýüze çykýar).

► Umumy fiziki ýagdaýynyň hem düýbünden üýtgäp durmagyny synlap bolýar - çensiz aktiwlikden doly passiwlige (bedeniň çalt depginde fiziologiki ösüşiniň ýokarlanmagy – boýunyň, agramynyň, bedeniň durkunyň üýtgemegi, gormonlaryň derejesiniňbirden ýokarlanmagy – çalt ýadamaklygyň, işjeňligiň we ýetişiginiň peselmeginiň sebäbi bolup durýar).

Ýokarda ýetginjeklik döwründe bolup geçýän üýtgeşmeleriň diňe käbiri görkezilen. Ýöne olar çaga bilen ata-enäniň aragatnaşygyna täsir edýän esasy özgerişmelerdir.  

HORMATLY ATA-ENELER!

► Öz çagaňyzy mydama we hemme ýagdaýda sözüni bölmän, boýun gaçyrman, sabyrly-takatly diňlemegi öwreniň. Sypaýçylygy elden bermäň.

► Çagaňyzyň ulalýandygyny – siz ýaly şahsyýete öwrülýändigini düşünip, özüňize ýakymly bolaýjak äheňde gürleşmäge çalyşmagyňyz wajypdyr. Söhbetdeşlik döwri gödeklige we iňňirdemege, çendenaşa öwüt bermege ýykgyn etmän, ýumşak we sylanyşykly gürleşiň.

► Jezalandyrmak baradaky pikiri aradan aýryň. Jeza gorkyny döredýär, gorky bolsa gahar-gazaba, ýigrenje getirýär we çagany sizden daşlaşdyrýar. Onuň ýerine çagaňyz bilen bilelikde oýlanyşykly yzygiderli talaplary we düzgünleri belläp, olary ýerine ýetireni üçin höweslendirmegiň ýoluny gözläň.

► Diňe özüňiz çagaňyza gündeki durmuşdaky edep-ekramyň, zähmetsöýerligiň nusgasy bolanyňyzda, terbiýede ýokary netije gazanyp bolýandyr. Elbetde, agzyna paýyş sözleri alyp ýören ata-ene çagasyndan edepli gürlemegi talap edende,  netije bermejegi bilen ähliňiz ylalaşarsyňyz.

► Diňe güýçli adam – şahsyýet – öz ýalňyşyny boýn almaga gorkýan däldir, şonuň bilen birlikde-de beýleki adamlaryň ýalňyşmaga bolan hukugyny sylaýandyr. Hormatly ata-eneler! Öz ýalňyşyňyzy boýun almaga, ters hereketiňiz üçin ötünç soramaga çekinmäň. Şony etmek bilen siz özüňize we beýlekilere dogry baha berip, adalatly bolmagy başarýandygyňyzy subut edersiňiz.

ÇAGA HAÇAN WE NÄDIP ÝETGINJEGE, ÝETGINJEK BOLSA ULY ADAMA ÖWRÜLÝÄR?

Bu soraga anyk jogap ýokdur. Ýöne ol bir güniň işi däl we köplenç ýaş üýtgeşmeleri bildirmän geçýär. Bu ýaşy dürli hili atlandyrýarlar: "geçiş döwri", "kyn döwri", "krizis döwri". Ol dogrudan hem çaganyň durmuşynyň beýleki tapgyrlaryndan düýpli tapawutlanýar, ýöne ata-ene şol döwürde ýetginjek bilen ynamdar aragatnaşygy saklamagy başarsa, dartgynly ýagdaý geçip gidýär we kadaly rahat durmuş ýene gaýdyp gelýär.

Ynsan ýaşyna, jynsyna garamazdan mydama söýgä mätäçdir. Ol özüniň owadanlygy akyly, paýhasy, şowlulygy we ş.m. üçin däl, ýöne barlygy üçin söýülesi gelýär. Şonuň üçin, hormatly ata-eneler çagalaryňyzy söýüň we olaryň ähli gowy häsiýetlerini we ýetmezçiliklerini kabul etmegi öwreniň!