ÖZÜŇIZI BAGTLY EDIŇ!

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.72 (29 Ses)

Adamlar öz durmuşynda bagtly ýaşamagy arzuw edýärler. Her kim bu düşünjäni özüçe teswirläp, bagt guşuny "tutmagyň" öz ugurlaryny saýlap alýar. Ýöne "Siz üçin bagt näme?" diýlen soraga birnäçeler jogap beräýmese, köpler bu anyk soragy eşidip ikirjeňlenýärler. Kim bagtlylygy galyň gapjykda, beýlekiler ýalpyldap duran "Leksus" maşynynyň salonyndan gözlese, uçünjiler ony agzybir maşgalanyň içinden gözleýär. Käbirleri belent dagyň gerşine çykyp özüni bagtly saýsa, beýlekileri öz halaýan işi bilen meşgullanyp kanagatlylyk tapýarlar.

"Özüňi hemişe nädip bagtly duýup bolarka?" diýlen sorag, bizi asla iňkise goýup biler. Meniň doganym, biraz pikirlenmeden soň, bu soraga: "Elmydama bagtly bolmak üçin, meniň pikirimçe, özüňi gowy görmeli" diýip jogap beripdi.

Şu sorag bilen gyzyklanyp ýörite edebiýatyň sahypalaryny agtaramda, psihologlaryň berýän maslahatlarynyň üstünden bardym. Eldetde, bu maslahatlara eýerip, özüňizi bir sagadyň içinde bagtly duýup ýetişmezligiňiz hem mümkin, ýöne olaryň birnäçesini hemişe ulanyp, özüňi bagtly saýma endigini terbiýeläp bolar.

1. "Kynçylyk" sözi ulanmadan gaça duruň. Durmuşyňyzdaky dörän hemme kynçylyklary "mesele" diýip atlandyryň. Öňüňizde duran hemme meseleleri öz bellikler kitapçaňyza ýazyp, olary çözdügiňiz saýyn üstüni çyzyň. Hemme bolup geçýän ahwalatlary oňatlyga ýorüň. Başgaça aýdylanda, her bir bolup geçen ýaramaz ahwalatyň peýdaly, ýaramly taraplaryny tapmaga ymtyljak boluň. Pully gapjygyňyzy ýitirdiňizmi? Gamlanmaň. Belki-de ony, pula sizden hem mätäç adam tapandyr. Siz bolsa täze gapjyk alnarsyňyz. Täze gapjyga puluň köp düşýänligi baradaky halk yrymynyň bardygyny hem unutmaň. Söýgüliňiz bilen tersleşdiňizmi? Bolýan zat. Oňada, sizede pikirlenmäge, hemme zady ölçermäge, ýalňyşlyklaryň "üstünde işlemäge" wagt bar. Ýaraşmadan soň, siziň gatnaşyklaryňyzyň nähili ajaýyp boljakdygyna bir syn ediň!

2. Özüňize dogry buýruklary bermäge başaryň. Kelläňiziň içindäki "bulam-bujarlyklary" taşlap, özüňize peýda getirip, sizi dogry hereketlere gönükdirjek buýruklary beriň. Meselem, "Men öz durmuşymdaky hemme gowylyklara hut şu gün garaşýaryn" ýa-da "Meniň durmuşymda hemme zat ajaýyp, ýöne şundan hem gowy bolar". Her gün säher bilen, aýnadaky öz şekiliňize seredip, "Men hemmelerden gözel we zyýada! Men özümi gowy görýärin!" diýip ýylgyrmagy unutmaň. Mümkin bolandan ýylgyryň, gülüň. Şatlanma netijesinde bagtyýarlyk gormony – endorfinler bölünip çykýar.

3. Özüňizi söýüň. Bize çagalykdan hemme aladany, söýgüni başgalara bagyş etmäni öwredýärler. Elbetde, adam aragatnaşyklarynda bu juda gerekli häsiýet. Ýöne siz öz-özüňizi gowy görmeseňiz, sizi başga adamlar gowy görermikä? Siz öz daş-töweregiňize, söýgä mynasyp däldigiňiz barada habar ýollaýarsyňyz ahyryn. Özüňi söýmek – öz-özüňi hemme gowy taraplaryň we ýetmezçilikleriň bilen kabul etmekdir. Özüňizi tüýs ýürekden söýseňiz, daşyňyzdaky adamlar hem size söýgi bilen jogap bererler.

4. Ruhy deňagramlylygy saklaň. Hiç kimiň keýpiňizi bozmagyna ýol bermäň. Halamaýan adamlaryňyz bilen gatnaşmaň. Zorlugy, ölümi görkezýän kinofilmleri hem töwerekdäkileriň göwni üçin görmegiň geregi ýokdur. Betbagtçylyklar baradaky habarlary diňleme hem siziň ruhuňyzy asla şatlandyryp bilmez. Hemme zatdan hemişe närazy tanyşlaryňyzyň nalyşlarynyň "bedreläp" ustüňize guýulmalaryna ýol bermäň.

5. Duýgularyňyzy mälim ediň. Söýgi, gabanjaňlyk, kine, gorky, şatlyk ýaly güýçli duýgulary özüňizde saklamaň. Olary saklap, siz özüňizi güýçli emosional dartgynlylygyna sezewar edýärsiňiz. Eger mümkinçilik bar bolsa, ýakyn adamlaryňyza öz duýgularyňyzy aýan ediň. Öz emosional duýgularyňyza howpsyz çykalga tapmak bolsa, ýene bir başga oňaýly usul bolup durýandyr. Meselem, gezelenç etme, halaýan sazyňa goşup tans etme, sport bilen meşgullanma siziň bedeniňizi emosional "gysyçlardan" halas etmäge kömek edip biler.

6. Pikirdeşleriňiz bilen söhbetdeş boluň. Olar edil siz ýaly ruhy deňagramlylygy saklamaga ymtylýan ýa-da gyzyklanmalaryňyz (balyk tutma, syýahat etme, gülleri idetme we s. m.) bilen meňzeş bolan adamlar bolsa gowy bolar. Duýgularyňyza ýol berip, gülüşmek we göwün açyşmak üçin köne dostlaryňyz bilen hem wagtal-wagtal görüşmek peýdaly bolar.

7. Halaýan işiňiz bilen meşgullanyň. Eger durmuşda siz halaýan hünäriňizi saýlap alan bolsaňyz, bu eýýäm uly bagtlylyk bolup durýandyr. Bu şeýle bolmadyk ýagdaýynda, boş wagtlaryňyz öz gowy görýän pişäňiz bilen meşgullanmaga çalşyň. Hiç haçan aýdym aýtmagy, surat çekmegi, suwda ýüzmegi, keşde çekmegi, saz guralynda çalmagy öwrenmek giç däldir. Halaýan işiňiz bilen meşgullanyp, bagtlylyk duýgusyny berkidýän kuwwatlylyk çeşmesine eýe bolup bilersiňiz.

8. Kiçijik hadysalara hem begenmegi öwreniň. Her gün siziň şatlanmalaryňyzyň sebäbi bolup biljek pursatlary görmäge çalşyň. Howludaky oýnaýan pişijekler, öz birinji ädimine şatlanýan körpejik, höwürtge ýasaýan guşjagaz, ýagyşdan soň görnen älemgoşar... Daş-töweregiňize seredip, siz onuň köpdürli öwüşginli reňklerini görersiňiz.

9. Her gün täzeliklere ymtylyň. Her gün täze zatlary, maglumatlary bilmäge, öwrenmäge höwesli boluň. Ruhy taýdan ösme, kämilleşme barada edebiýatlary okaň, täze adamlar bilen tanyşmaga, täze ýerleri, şäherleri özüňiz üçin açmaga çalşyň. Birbada tanyşlyklar kitabyň kömegi bilen bolup geçsede bolar. Esasy zat – bilmek!

10. Şu günki gün bilen ýaşaň. Geljekden gorkup ýa-da geçmişde edilen ýalňyşlyklar barada pikir edip ýaşamagy bes ediň. Şu ýerde we häzir bolup geçýän ahwalatlaryň möhümliligine baha bermäge çalşyň. Eger birine kömek berip, peýda getirjek bolsaňyz, size diňe rowaçlyk arzuw etme galýar. Başgalara peşgeş beren bagtyňyzyň Size üç esse bolup gaýdyp geljekdigini hiç haçan unutmaň.