NÄME SEBÄPDEN ADAMLAR BIRI-BIRINI KEMSIDÝÄRLER?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.47 (32 Ses)

Bu häsiýet wagtal-wagtal adamlaryň köpüsinde ýüze çykýar: kimdir biriniň mertebesini peseltmek, onuň kemçiligini ulaldyp görkezmek, göwnüne degmek ýa-da özgäniň eden işiniň ähmiýetini peseltmek. Şeýle adamlara, megerem siz öz ýaşaýan jaýyňyzda, dükanda nobata durkaňyz, jemgyýetçilik transportynda, iş ýeriňizde ýygy duşýan bolsaňyz gerek. Aragatnaşyklaryň seýle görnüşini maşgalada hem synlama bolýandyr.

Käbir adamlar üçin özgäniň gymmatyny gaçyryp, ony tankytlama häsiýetini saklamak, aragatnaşyk saklamagyň ýeke-täk nusgasyna öwrülýär. Üstesine-de, olar özüni alyp barşynyň nädogrudygyny hem aňmaýarlar, meseläniň başga çözgüdiniň bardygyny göz öňüne-de getirip bilmeýärler.

KIŞINIŇ GYMMATYNY GAÇYRMA NÄME SEBÄPDEN ÝÜZE ÇYKÝAR?

Gymmatyny gaçyrma ýa-da bigadyrlyk – biziň psihikamyzyň gorag mehanizmidir. Bir söz bilen kesgitlänimizde sowut ýa-da gabykdyr. Adamlar ömrüniň dowamynda kem-kemden bu pes häsiýet bilen örtülip başlaýar, ol näçe uzak ýaşasa, bigadyrlyk gabygy şonça hem galňaýar we agralýar. Bu häsiýet kime we näme üçin gerek?

Ol özüne pes baha berýän, içki närazylygy bilen ýaşaýan, başgalaryň üstünliklerine gözigidijilik bilen seredýän adamlar üçin, birini kemsidip içki kanagatlanmasyny ýokarlandyrmak, zerur psihologik i gorag çäresi bolup durýandyr. Bu gorag mehanizmini özleşdiren adamlar söýgi we mähir bilen ýol alyp bolýandygyna düşünmeýärler. Olar diňe güýç we mejbury sylag bilen orun alyp bolýandyr diýip pikir edýärler. Ýöne adam ilki bilen özüne hormat goýmalydyr. Näme üçin? Ynsan özüni ösýänligi, saldamly üstünliklere eýe bolýanlygy üçin ( dörediji ýol) ýa-da özgäni "kiçeldip", kemsidip, gymmatyny gaçyryp bilýänligi üçin sylap bilýär. Bu psihologiki ösüşiň haýsy ýoly aňsat? Elbetde, ikinjisi.

Geň hem bolsa, käbir adamlar bigadyrlygy, kemsitmäni öz pes mertebesini, bahasyny, ornuny belende galdyrmak üçin ulanýarlar. Ýöne olar özgäni kemsitmän, özüni – öz bilimini, başarnygyny, maksadyny, üstünliklerini peseldýärler. Bular ýaly ýagdaý, adatça, birden bir şowsuzlyga duçar bolan ýagdaýynda, özünden göwni geçmezligi üçin ulanylýar. ("Meniň bar bolup bilşim-dä şu, başga nämä garaşdyňyz? Bişow adamlaryň hem üstünligi bolarmy".)

Kemsitmäniň üsti bilen biz duýgularymyzdan hem goranýarys. "Kes sesiňi, heleý!", "Erkekler indi ownap başlapdyr!".

Adatça, pes bahany, kömegine örän mätäç bolunýan, ýöne belli bir sebäplere görä "bil baglap bilmeýän" adamlaryna hem berýärler. Şeýle hem kemsitmäni we gymmatyny gaçyrmany özüne ýakynlaşdyrmazlyk, ysnyşmazlyk we ýüregiňi açmazlyk üçin ulanýarlar. Bu ýagdaýy özüne ynamy ýok adamlar, haçanda bir wagt "ýaňagyňa şarpyk çalynanda" (Bu elbetde şeýle hem bolýar. Sebäbi oňa toplanan tejribe şaýatlyk edýär.) garaşylmadyk urgy bolmazlygy üçin ulanýarlar.

ASLY ÇAGALYKDAN GELIP ÇYKAN HÄSIÝET

Gymmaty gaçyrmanyň özeni çagalykda döräp başlaýar. Köplenç ata-eneleriň özleri aragatnaşygyny birek-biregi kemsitme, şonuň bilen birlikde çagasynyň kemçiligini nygtap durmak arkaly gurýarlar. Bu gatnaşygy synlap ýören körpeje ony ýaşaýşyň ýeke-täk ülňüsi höküminde kabul edýär we durmuş ýoly boýunça alyp gidýär.

Onuň üstesine-de, ata-eneler hem adam. Käbir ýagdaýlarda, olar özlerine pes baha berip, özüne ynam etmeýän we durmuşynda bolup geçýän zatlary beýle bir şowly däl diýip hasap edýän adamlara öwrülýär. Olar özge biriniň özlerinden gowy bolmagyny, üstün çykmagyny islemän uly alada galýarlar. Netijede: "Iliň çagasy çaga şekilli, sen bolsa!...", "Ýene uzyn gün oýun oýnadyňmy? Ondan öý işleriňi etmeli ekeniň!", "Tentek! Akmak! Senden hiç wagt kemally zat çykmaz!" diýen ýaly igençler ýüze çykýar.

Şeýle şertde önüp-ösen çagadan özüne ynamly, şowly, etjek işini bilýän adam kemala gelmeginiň ýerine, özüni we özgäni kemsidip, gymmatyny gaçyryp ýören oňşuksyz adam ýetişýär.

GORANMAGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI
Gadyr-gymmaty gaçyrmaga endik eden adamlar bilen özüňi nädip alyp barmaly?

Mümkin bolsa olara ýanaşmaly däl, öz durmuşyňyzdan çetleşdirmäge çalyşmaly.

Eger ol ýakyn adam bolsa, siziň täsiriňiz ähmiýetli bolup, aýdanyňyzyň diňleniljegine umydyňyz bar bolsa, öz duýgyňyz barada, şeýle hem onuň "awuly" sözleriniň siziň kalbyňyza "ýara" salýanlygyny, siziň göwnüňize degip gynandyrýandygyny düşündirmäge synanyşmaly. Nähili aragatnaşygy isleýändigiňizi duýduryp, mundan beýläk çäkden çykmazlygy talap etmeli.

Eger şeýle adamlar siziň işdeşleriňiziň arasynda bar bolsa, siz hem onuň bilen gatnaşygy dowam etmegi isleýän bolsaňyz, gadyr-gymmatyň gaçyrylan pursatyny dogry seljerip, hiç bir ýagdaýda öz hasabyňyza kabul etmeli däldigiňizi özleşdirmelidir. Bolup geçýän ýagdaýa çuňňur nazar salyp, sebäbini tapmaga çalyşmaly. Adatça, bular ýaly ýagdaýa – biri bilen ýakynlaşmaga bolan erksiz howsalaly gorky we söýgä, mähire, duýgudaşlyga mätaçlik sebäp bolýar.

ŞAHSY PIKIR

Diňe ejiz, özüne bolan ynamy ýok adamlar, öz-özüne berilýän bahanyň derejesini kişiň hasabyna galdyrýarlar. Bular ýaly adamlara diňe nebsiň agyryp, rehimiň inmelimikä diýýän. Elbetde gadyr-gymmaty, sylag-hormaty ýeterlikli derejede saklap bilmeýän adamlar bilen gatnaşykda bolmak örän agyr ýük, sebäbi sen mydama dartgynly ýagdaýda bolup, erkiňi "eliňde saklamaly" bolýar. Şonuň üçin, eger siz pes häsiýetli bigadyr adamlar bilen käbir durmuş ýagdaýlaryna görä aragatnaşyk saklamaga mejbur bolsaňyz, sabyrly bolmagy, geçirimli bolmagy, iň ýiti ýaragyňyzyň ýagşy söz bolmagyny maslahat bermek bolarmyka diýýän. Biziň ata-babalarymyz – "Ýagşy söz ýylany hininden çykarar, ýaman söz gyljy gynyndan", diýip ýöne ýere aýdan däldirler.