SIZ ÖTÜNÇ SORAP BILÝÄŇIZMI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.43 (23 Ses)

Adamzat durmuşynda, jemgyýetde, özara gatnaşyklarda, maşgalada yzygiderli ýa-da wagtal-wagtal döreýän düşünişmezlikleri, gaty görüşmeleri, öýke-kineleri biziň her birimiz başdan geçiren bolsak gerek. Tötänlikden kimdir biriniň göwnüne degip, soňra ondan nähili ýol bilen, haýsy usul bilen ötünç soramaklygyň görnüşlerini aňymyzda agtaran halatlarymyz hem az bolan däldir. Şeýle ýagdaýlarda gatnaşyklarymyzy saklamak maksady bilen, şeýle hem gatnaşyklary dargydyjy öýke-kinäni aradan aýyrmaklyk üçin ötünç soramaklyk hökmanydyr. Türkmen halkymyzda ötünç soramaklyk ýa-da bolmasa ýaşulylarymyzyň arada dörän öýke-kinäni aýyrmaklyk maksady bilen, töwella barmaklygy ýaly ýagdaýlar asyrlaryň jümmüşinden häzirki günlere, türkmençiligimiziň bir bölegi bolup gelip ýetendir.

Haçanda biz öz ýakynlarmyzda ýakymsyz duýgulary, öýkeleri döredenimizde, bu ýagdaýlar üçin öz ötünç bildirmegimiz bilen gatnaşygy kadalaşdyrmalydyrys, ony öňki kaddyna gaýtaryp getirmelidiris.

Ötünç soramaklykda, eger siz özüňizi oňaýsyz duýýan bolsaňyz, göwnüne deglen tarap bilen ýüzbe-ýüz bolmak hökman däldir. Öýke-kinäni çalt aradan aýyrmaga kömek etjek oýlanşykly hereketler, haýsydyr bir saýlanan zadyň kömegi bilen hem ötünç soramak bolar. Meselem, hat üsti bilen ýa-da ynanjyňa görä Hudaýdan onuň bagyşlamagyny dilemeklik, göwnüne deglen adama ýaraýjak garaşylmadyk sowgatlary ibermek bilen we ş. m. Esasy zat – ötünç soramaklyk çyn ýürekden bolup, kinäni, tolgunmany, ýakymsyz duýgulary aradan aýyrma gönükdirilen bolmalydyr.

Siz adamyň göwnüne güýçli degip ötünç soranyňyzda hem göwne deglen sizi bagyşlamasa, bu seredilmeli ikinji derejedäki ýagdaý bolup durýandyr. Esasy zat – siz özüňiziň bagyşlanmagyňyzy soradyňyz, galan hereketler bolsa garşydaşyňyza baglydyr. Biziň her birimiz aýratyn şahs bolup, bagyşlamakda dürli ukyplara eýediris we oňa herimiz özümizçe düşünýändiris. Siz bir gezek ötünç soradyňyzmy? Belli çözgüdi kabul etmegi onuň özüne goýuň.

NÄDIP DOGRY ÖTÜNÇ SORAMALY?

1. Taýýarlanyň

Ötünç soramaklyk – bu kyn hereketdir, çünki öz günäňi bilip, boýun almak adamda belli bir emosional dartgynlylygy döredip bilýändir.

Haýsy sözleri diýmelidigiňiz we özüňizi nähili alyp barmalydygyňyz hakda pikirlenip, öňünden taýynlanyň. Ýöne bu hereketleriňiziň edil sahna çykýan artistleriňki ýaly bolman, ak ýürekden we ýoldaşyňyzyň ýüregine jüňk bolar ýaly derejede bolmagy zerurdyr. Inha şonda siziň bagyşlanmak ähtimallygyňyz ýokarlanar.

Siziň diýjek sözlerňizi garşydaşyňyzyň nähili kabul etjekdigi hakda oýlanyň. Aýdylanlaryň kimdir birine ýönekeý we peýdasyz zat ýaly bolup görünmegi hem mümkin. Elbetde, degerli netije gazanjak bolsaňyz, bu işde öňünden taýýarlanmaklyk hökmanydyr. Ötünç soramaklyk, ýaraşmaklyk iki tarapy hem gyzyklandyrýan we garaşylýan ýagdaý bolsa-da, bu has hem göwne degen tarap üçin esasy bir jogapkärlige eýedir. Şonuň üçin hem, göwne degen tarapyň "bergisi" ýokary netijeler, hoşmeýillilik bilen tamamlanmalydyr.

2. Özüňizi aklamaň we jogapkärçiligi öz üstüňize alyň

Özüňi aklamaklyk öz günäkärlik derejäňizi azaltmaklygy isleýändigiňizden habar berýändir. Hemme zat size bagly bolman, bu wakada garşydaşyňyzyň hem eliniň bardygyny aýdyňlaşdyrjak bolmaklyk, ötünç soramaklykda kynçylyga getirip biler. Mümkin, täzeden öýke-kinäni hem döreder.

Jogapkärçiligi ähli tarapdan öz üstüňize alyň. Bu hereketiňiz siziň diňe bir içki güýjüňizi görkezmän, garşydaşyňyzyň kynçylyk çekýän meselelerine hem düşünmäne ýardam berer. Oňa bolan aýratyn ullakan kinäňiziň ýokdugy hakda aýdyň we bolan göwnedegişligi ýatlap oturmagyň gereginiň ýoklugyny ýaňzydyň.

Käbir ýagdaýlar bolýar, hiç bir zady öňki kaddyna getirip bolmaýar. Şeýle ýagdaýada, beýle ahwalatyň bolmagyny islemändigiňiz we muňa çuňňur gynanýandygyňyzy aýtmakdan başga çykalgaňyz bolmaýar. Elbet-de garşydaşyňyzyň pikirinde bagyşlamaklyk bar bolsa, onda ol kinäni uzaga çekmezden bagyşlar we siz özüňiziň üstüňizden ullakan "ýüki" aýyrarsyňyz.

3. Sözleriňizi saýhallaň

Türkmen halkymyzda aýdylşy ýaly, "Ýagşy söz ýylany hininden çykar, ýaman söz gylyjy gynyndan". Hoş söz ynsan kalbyna barýan iň bir ýakymly, ol kalbyň gapysyny açyjy altyn açar bolup hyzmat edýär. Ýekeje söz bilen göwne degip gatnaşygyňyzy bozan bolsaňyz, ýekeje hoş söz bilen hem ony dikeldip biljekdigiňize oýlanyň. Mümkin, siz garşydaşyňyzyň haýsy hem bolsa bir isleginiň bardygyňy bilýänsiňiz? Beýle bolsa isleginiň amala aşmagyny ýola goýuň we ony begendiriň. Şeýle ýagdaýda sowgat bermeklik hem oňat netije berip biler. Ýöne "sözsüz" sowgat geçmez. Hökmany suratda "inçe damarlary" yzarlaýjy sözlerňizi kellänizde taýýarlaň. Hemme diýjek sözleriňizi aýdanyňyzdan soň sowgady gowşursaňyz has gowy bolar.

4. Minnetdarlyk bildirmek

Garşydaşyňyz nähili netijä gelen hem bolsa – bagyşlasada ýa-da bagyşlamasada oňa hormat bilen garaň, ol öz islegine görä karar bermäne haklydyr. Nähili ýagdaý bolanda-da oňa minnetdarlygyňyzy bildiriň, sizi bagyşlamaga güýjiniň ýetendigini ýa-da bolmasa iň bärkisi sizi soňuna çenli diňländigini nygtaň. Bagyşlamaklygyň ýeňil iş däldigini, öýkeleriň könelşip sowaşmagy üçin wagtyň gerek bolýandygyny ýatda saklaň. Mümkün ol Sizi bagyşlar, ýöne azajyk soňrak. Oňa şeýle mümkinçiligi beriň. Onuň çykaran netijesini sylaýandygyňyzy duýduryň, netijesini üýtgetjekdigine umyt baglaýandygyňyzy belläň.

5. Ýürege düşgünç bolmaň

Eger adam sizi bagyşlamana taýýar däl bolsa, onda ony belli bir wagt aralykda "göýberiň". Goşmaça çykalgalary gözläp, ony irizmäň. Bu hereketlerňiz bilen oňa yzygider basyş edýändigiňizi göz öňüne tutuň. Bagyşlamak üçin adama erkinlik we belli bir wagt gerek bolup durýar. Zorluk bilen bagyşlanma ymtylma zyýandan başga netijä getirip bilmez.

Kähalatda iki tarap hem günäkar bolanynda, öz günäňi boýun alyp, ötünç soramaklyk agyr düşýär. Ýöne ötünçsiz gatnaşygy öňki kaddyna getirmek gaty kyn. Siz bu öýke-kinäni bellige almazdan gezip ýörseňiz, elbet-de göwnüňde kine saklap ýörmeklik hiç bir tarap üçin hem arkaýyn durmuşy kepillendirip bilmez.

Şonuň üçin hem, ötünç soraman gezip ýöreniňden, ötünç soramaklyk hiç haçan hem giç däldir. Türkmenlermiziň aýdyşy ýaly "Hiçden giç ýagşy" dalmi eýsem?!

ÖTÜNÇ SORAMAKLYGYŇ 5 SANY UGRY

Amerikan psihologlary Geri Çepmen we Jenifer Tomas özleriňiň "Ötünç soramaklygyň 5 dili" atly kitabynda, ötünç soramaklykda üstünlige we düşünişmä getirip biljek birnäçe ýönekeý, emma netijeli jümleleri hödürleýärler:

"Gynandym" – öz gynanjyňy bildirmegiň nyşany.

"Meniňki ýalňyş bolupdy" – öz hereketiňe jogap bermäne taýýardygyňy mälim etme.

"Ýagdaýy düzetmek üçin men näme etmeli?" – arada dörän kynçylygy aýyrmana bolan ymtylma.

"Bu zatlaryň täzeden gaýtalanmazlygy üçin hemme zady ederin" – çyn ýürekden ökünmek.

"Mümkün bolsa, bagyşla meni" – göwne degilenden bagyşlanma bolan islegi bildirme.

Goý siziň durmuşyňyzda ötünç sorama pursatlary az bolsun! Şeýle hem, ötünç soramaklyk islegiňiz we tagallalaryňyz dogry we gaýdyp ýol berilmezden ak ýürekden bolsun! Durmuşyňyzy diňe dostlukly, mähirli gatnaşyklar gurşap alsyn!