ÇOPANTELPEK

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.48 (65 Ses)

Dermanlyk otlardan taýýarlanylýan çaýa goşulýan gülleriň arasynda iň giňden ulanylýanlaryň biri-de çopantelpekdir. Çopantelpek çaýy örän belli bolany sepäpli, ony dükanlarda-da, dermanhanalarda-da satyn almak mümkin.

Çopantelpek köşeşdiriji serişde hökmünde ukusyzlykda, aşa duýgurlyk ýagdaýlarynda ulanylýar. Bu derman oty rahatlandyryjy häsiyete eye bolup, kiçi çagalar üçin, uzak wagtlap dartgynly emosional ýagdaýda bolanlar üçin hem peýdalydyr. Çopantelpek iň howpsuz derman ösümlikleriň biridir.

Tebipçilikde bu ösümlik agyrysyzlandyryjy, sowuklama garşy, köşeşdiriji, damar giňeldiji serişde hökmünde ulanylýar. Çopantelpegiň sowuklama garşy bolan täsiri guragyryda, bogunlaryň çişmesinde (artritde) we beyleki çişmelerde haýyr edýär.

Bu täsin ösümlik içege kesellerini bejermekde, içiň ýellenmegi sebäpli döreýän agyrylary aýyrmakda hem giňden ulanylýar. Çopantelpegi gyzdyrmada, basykda (anginada), dümewlemede ýuwanrak çaý görnüşinde köp mukdarda içmek maslahat berilýär.

Çopantelpegiň güllerinden taýýarlanylýan şampun saçlara oňaýly täsir edýär. Şeýle hem bu ösümligiň gülleri allergiki täsire garşy serişde hökmünde dürli melhemlere goşulýar.

Ösümligiň efir ýaglary bolsa parfýumeriýada ulanylýar. Çopantelpegiň guradylan gülleri dürli mör-möjeklere garşy serişde bolup hem hyzmat edýär.

Çopantelpek aslynda Ýewropada duş gelýärdi. Ol indi diňe ýabany ösümlik bolman, eýsem medenileşdirilip, dünýäniň ähli künjeklerinde ösdürilip ýetişdirilýär. Çopantelpegi gülläp başlaýanda, köküni alman ýygnamak maslahat berilýär.

Reseptler:

Çopantelpegiň goýy demlemesini ary baly, ýumurtganyň sarysy we mindal ýagy bilen garmaly. Bu garyndyny birnäçe gat hasa siňdirip, ýüzüňize ýapyň. Ony 15 minutlap saklaň, soňra mylaýym suw bilen ýuwnuň we ýüzüňize adaty gündiz kremini çalyň. Bu ýapgy ýüzüňiziň ter bolmagyny, wagtyndan öň garramazlygyny üpjün eder. Şeýle hem derasty myşsalarynyň salparmazlygyna yardam eder.

Çopantelpegiň üstüne sowuk suw guýup, agzy ýapyk gapda 10 minut gaýnatmaly. Doly wanna üçin  1/2 kg, ýarty wanna - 1/4 kg, aýaklar üçin 100 gram ulanylýar. Şeýle wannalar rahatlandyrýarlar, köşeşdirýärler, ýaralary aýyrýarlar.

Böwrek kesellerinde çopantelpekli, süýtli çaý içmek maslahat berilýär. 4 nahar çemçesi guradylan çopantelpegiň üstüne 1 bulgur gaýnap duran süýt guýmaly we agzyny ýapyp, 30 minut saklamaly. Soňra demlemäni süzmeli, her nahardan ýarym sagat öň 3-4 owurt içmeli. Bu çaýy 2 hepdäniň dowamynda içmeli. Şeýle çaýy uzak wagtlap saklamak maslahat berilmeýär. Onuň ýokumly maddalary azalýar, süýdüň zaýalanmagy hem mümkindir.