MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNA HOWP SALÝAN ÇÖLLEŞMÄNIŇ ESASY SEBÄPLERI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.71 (21 Ses)

"Guraýan, ýarym gurak we gurak ýerlerde, adam işjeňligi ýa-da howanyň çalyşmagy sebäpli bolup geçýän ýer zaýalanmasyna çölleşme diýilýär".1

Birleşen Milletler Guramasynyň
Çölleşmä Garşy Konwensiýasy.

Adam işjeňliginiň ene topraga ýetirýän zyýany kän. Has takygy, ykdysady we senagat işjeňligi sebäpli ýer togalagy öň hiç haçan bolmadyk ýer zaýalanmasyna sezewar edilýär. Ýygnalan görkezijilere görä, ýylda 24 million tonna hasyl berip bilýän toprak ulanyşdan çykýp, gurak ýerleriň 10-20 %-i ýer zaýalanmasyna sezewar bolýandyr.

ÝERIŇ ÇÖLLEŞMEGI GELJEK NESLE HÄHILI TÄSIRINI ÝETIRIP BILÝÄR?

Geljekki nesilleriň ýaşaýyş üçin ýeriň berýän ähli mümkinçiliklerini ulanyp we peýdalanyp bilmegi üçin, çölleşmäniň we ýer zaýalanmasynyň öňüni alyp göreşmek ugrunda degerli çäreleri alyp barmalydyr. Onuň üçin, durnukly ösüşiň şertlerine laýyklykda, biz geljekki nesillerň mümkinçiliklerini elinden alman, tebigy serişdeleri rejeli ulanmagy başarmalydyr.

ÝER ZAÝALANMASY NÄME WE ONUŇ SEBÄPLERI?

Gurak ýerleriň özüniň bio we ykdysady önümçiligini ýitirmegi – ýer zaýalanmasy diýlip atlandyrylýar. Ýer zaýalanmasyna bir näçe faktorlar sebäp bolup bilerler. Olaryň arasynda, ýowuz howa şertleri, esasanam gurakçylyk hem-de topragyň hilini peseldýän we zaýalaýan adam işjeňligi esasy orny eýeleýändir. Bellenip geçilenleriň ählisi azyk önümleriniň önümçiligine, ýaşaýyş derejesine we beýleki ekosistema önümleriniň öndüriliş derejesine täsir edýär. Suw serişdeleriniň we adam ýaşaýşy üçin gerekli bolan beýleki önümleriň azalmagynyň netijesinde ilat ýaşaýyş üçin has ýaramly ýerlere göçmäge mejbur bolýar.

BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ ÇÖLLEŞMÄ GARŞY KONWENSIÝASYNYŇ MAKSATNAMASY NÄMELERDEN YBARAT?

1992-nji ýylda, Rio Ýer Sammitinda, çölleşme, howanyň üýtgemegi we bioköpgörnüşliligiň ýitmegi ýaly hadysalar, durnukly ösüşiň iň uly bökdençlikleri diýip bellenildi. BMG-nyň Çölleşmä Garşy Göreş hakyndaky Konwensiýasy 1994-nji ýylda ykrar edildi we ol häzirki wagtda durnukly ýer ulanyş bilen daşky gurşaw meselelerini baglaýan ýeketäk kanuny resminama bolup durýar.

2007-nji ýylda ykrar edilen strategiýa laýyklykda, 2008-nji – 2018-nji ýyllar aralygynda, Konwensiýa goşulan ýurtlaryň esasy maksady "çölleşme we ýer zaýalanmasy bilen göreşmek we onuň öňüni almak üçin; gurakçylygyň garypçylyk we durnukly ösüşe bolan täsirini azaltmak üçin bütindünýä şärikdeşligi öňe sürmekdir".2

ÇÖLLEŞME ADAM SAGLYGYNA NÄHILI TÄSIR EDÝÄR?

Ýer zaýalanmasy we çölleşme adam saglygyna dürli ýollar bilen täsir edip biler. Çöl giňeýär, iýmit önümçiligi peselýär, suw çeşmeleri guraýar. Netijede, gurakçylyk we açlyk ilaty hasylly topraklara göçmäge mejbur edýär. Azyk we suw serişdeleriniň azalmagy ýalňyş iýmitlenmege alyp barýar. Suw we iýmit üsti bilen geçýän keseller, şemal eroziýasy sebäpli atmosferadan gelýän tozan we beýleki howa hapalanmasy sebäpli dem alyş ýollaryň keselleri we adamlaryň başga ýerlere göçmegi netijesinde ýokanç keselleriň ýaýramagy köpelýär.3

MERKEZI AZIÝADA ÇÖLLEŞME NÄHILI BOLUP GEÇÝÄR?

Suw serişdeleriniň rejeli ulanylmagy Merkezi Aziýa ýurtlarynda hiç haçan öňdelik mesele bolup durmady. Häzirki wagtda çölleşme regionyň aglaba bölegine howp salýar. Ýurtlaryň özara hyzmatdaşlyk we daşky gurşaw meseleleri boýunça işleýän tejribeli halkara guramalar arkaly hyzmatdaşlyk etmekligi zerur we gaýragoýulmasyzdyr. Meselem, Gazagystanyň territoriýasynyň aglaba bölegi gurak ýa-da ýarym gurak ýer hasaplanýar we ýylda şol ýerlere 40,64 santimetrden az ygal düşýär. Görkezijilere görä, Gazagystanyň territoriýasynyň 75%-i çynlakaý ekologiki kynçylyklara sezewardyr.4

Türkmenistanyň meýdanynyň 80%-ni Garagum çöli tutýandyr. Türkmenistanda bolup geçýän çölleşme BMG-nyň Ösüş Programmasynyň (UNDP) ünsüni çekdi. Ýurdy abadanlaşdyrmak we çölleşmegi saklamak meýilnamasyna laýyklykda, agaç nahallaryny oturtma we olara talabalaýyk ideg etmek, damja usuly bilen suwarmagy ýola goýmak çäreleri alnyp barylýandyr.

Täjigistan bilen Gyrgyzystanda ýaýbaňlanýan ekerançylyk we maldarçylyk, uly senagat kärhanalaryny gurmak, ilat ösüşi, öňdebaryjy oba hojalyk tehnologiýalarynyň ýetmezçiligi çölleşme meselesi bilen göniden-göni baglydyr.

Sebitde Aral Deňziniň gurap, suwunyň azalmagy we deňziň kiçi böleklere bölünmegi esasy meseleleriň biri bolup durýar. Amyderýanyň we Syrderýanyň suwunyň ekerançylyk üçin aşa ulanylmagy, Aral deňziňiň ekosistemasynyň we bütün sebitde suw çeşmeleriniň üýtgemeginiň sebäbi boldy. Netijede, Aral deňziniň guramagy Barsagelmez tebigy goraghanasyna howp salyp, Wozroždeniýe adasy bilen Aral deňziniň gündogar kenarynda uly duzly çöli emele getirdi. Hünärmenleriň bellemeklerine görä, bütündünýä ýylama, howanyň üýtgemegi we ýagşyň ýagmagynyň üýtgemegi ýaly tebigy hadysalar sebitde çölleşmäniň esasy sebäpleri bolup bilerler. Emma adamzadyň ýeri ekerançylyk maksatlary üçin aşa we ýalňyş ulanmagy, ýeriň himiki serişdeler bilen işlenilmegi hem ýer zaýalanmasyna getirip biler.5

MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINDE ÇÖLLEŞME BILEN GÖREŞ

Orta Aziýa döwletlerini meňzeş taryh hem-de ykdysady we syýasy ösüş birleşdirýär. 1990-njy ýyllardan başlap, ýurtlaryň ählisi düýpli ykdysady-syýasy üýtgeşmeleri we şol sanda, demokratizasiýa, desentralizasiýa, emlägi şahsy emläkçilige geçirmek, ýer reformalaryny başdan geçirdiler. Bularyň ählisi daşky gurşawy goramak meselesine we şol sanda çölleşmäniň ýaýbaňlanmagyna öz täsirini ýetirdi.

MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNDA ÝER ULANYŞ BAŞLANGYJY (MAÝÝUB)

Awgust aýynda Türkmenistanyň paýtagtynda geçirilen "Ýerleriň zaýalanmagyna ykdysady baha bermek6" atly sebitara maslahatda, tebigatyň baýlyklaryna oňat düşünmek, olary rejeli we oýlanşykly ulanmak maksady bilen, ýer serişdelerine ykdysady baha bermek boýunça uly işleriň geçirilmegi göz öňüne tutulýar diýip bellendi. Maslahatda, Türkmenistanda çölleşme bilen göreşmek üçin Garagumyň merkezinde Türkmen kölüniň gurulmagynyň netijeli işleriň biridigini gatnaşyjylar bellediler. Suw we ýer serişdelerini rejeli ulanmak, ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak, ýerleriň hasyllylygyny dikeltmek, bagy-bossanlyga öwürmek, süýşýän çägeleri berkitmek, biologiki köpdürliligi aýawly saklamak, ekologiki taýdan arassa tehnologiýalary esasynda oba hojalyk önümçiligini döwrebaplaşdyrmak, tebigaty goramak ugrundaky kanunçylgy kämilleşdirmek barada Türkmenistanda düzülen meýilnamalaryň bardygy bellenildi.

MAÝÝUB – halkara donorlar jemgyýeti we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky şärikdeşlik. Bu başlangyç BMG-yň Konwensiýasynyň Strategik Şärikdeşligi tarapyndan 2006 – 2016 ýyllar aralyk meýilnamasy üçin goldaw tapdy. MAÝÝUB-yň esasy meýilnamasy Orta Aziýa ýurtlarynda ýeriň hasyl beriji ukybyny artdyrmak bilen, bu ýerlerde ýaşaýan adamlaryň ykdysady we ýaşaýyş şertlerini ösdürmek hem-de şol wagtyň özünde ýeriň ekologiki mümkünçiliklerini saklamaga gönükdirilendir. Netijede 10 sany milli we 2 sany halkara meýilnamalary işlenilip düzüldi. Şeýlelikde, bütün sebit üçin Halkara Şärikdeşlik Goldaw meýilnamasyny ýerine ýetirmek maksatlary bilen Aziýanyň Ösüş Banky tarapyndan 3, 025, 000 amerikan dollary möçberinde pul serişdeleri geçirildi.

============================================================

1 – Green Facts, Facts on Health and the Environment.

2 – UNCCD, United Nations Convention to Combat Desertification.

3 – World Health Organization.

4 – Проблема опустынивания в Казахстане

5 – Anti-desertification efforts to be mulled in Uzbekistan.

6 – Turkmenistan-UN: Cooperation in the nature protection sphere.