BIZ, HAJATHANALAR WE ONUŇ BILEN BAGLY MESELELER

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.71 (24 Ses)

HAJATHANA BARADA GYZYKLY MAGLUMATLAR

► Adam bir ýylyň dowamynda ortaça 2500 gezek hajathana barýar. Bu bir gije-gündizde 6-8 gezek bolup, wagt möçberinde adam ömrüniň 3 ýylyna barabardyr.

► Hajathananyň esasy ulanylýan enjamy bolan unitazyň ulanyş möhleti 50 ýyla deňdir.

► Dünýäde iň gymmat we kaşaň unitaz arassa gyzyldan ýasaldy. Ol Gonkgongyň zergärler federasiýasyna degişli bolup, dünýäniň dürli künjeginden syýahatçylaryň ünsüni çekmek üçin döredildi.

► Astronawtlar uçuş wagty hajathana talaplaryny nähili ýerine ýetirýärlerkä? Düzgün bolşy ýaly, adamyň bölünip çykmalary açyk kosmos güňişligine zyňylýandyr.

► 19-nji noýabrda Hajathananyň Halkara Güni bellenilip geçilýär.

► Ilkinji hajathana kagyzy 1880-nji ýylda Angliýada öndürildi. Ýöne ol saralan (rulon) görnüşde bolman, aýry-aýry kagyzjyklar görnüşde gutulara salnyp hödürlenýärdi.1890-nji ýylda Scott Paper kompaniýasy rulonly hajathana kagyzlaryny öndürip başlady.

► Hajathana meseleleri boýunça Birinji Bütündünýä Sammiti 2001-nji ýylda Singapurda geçirildi.

► Birinji gezek hajathanalaryň erkekleriňkä we aýallaryňka bölünşigi 1739-njy ýylda Pariž şäherinde geçirildi.

Adam üçin dem almanyň, iýmitlenmäniň möhüm bolşy ýaly, hajathana işlerini hem wagtynda, arassa şertlerde, saglyga we daşky gurşawa zyýan bermezden amala aşyrma möhüm bolup durýandyr. Geçen asyrda suw geçirijiler ulgamynyň döredilmegi arkaly suwuň berilmegi, lagym ulgamynyň işe girizilmegi bilen hajathanalaryň hem ulanylmagynda amatlyklar peýda boldy. Şeýle tehniki amatlyklar, hajathana işleri üçin ulanylmaga niýetlenen enjamlar biziň hajathanalarymyzy ulanylyş babatynda kämilleşdirmäge ýardam berdi. Ýöne oňa garamazdan, bu gün hem bu mesele babatynda çözülmeli soraglar az däl. Bu esasan hem jemgyýetçilik hajathanalaryna has hem mahsus kynçylyklar bolup durýandyr.

JEMGYÝETÇILIK HAJATHANALARY WE DAŞKY GURŞAW

Hajathanalaryň ekologiýasy arassaçylyk üçin ulanylýan himiki serişdeleriň täsirine bagly bolup durýandyr. Hlor ergini we başga işjeň himiki serişdeler ýokançlyklary ýok edip, arassaçylygy gazanmaga kömek edýän bolsa hem, ol erginleriň işjeň bolup galýan galyndylary lagym ulgamy arkaly suw howdanlaryna düşup, suwdaky ýaşaýjylara ýaramaz täsirini ýetirip bilýändir. Häzirki wagtda howpsuz böleklere bölünip dargaýan himiki maddalary ulanma we hlor saklaýan serişdeleri ulanmakdan ýüz döndürme çärelerine ýykgyn edilýändir. Bu maksat üçin ulanylyp başlan aşgarlar, wodorodyň öteturşysy (perekis wodoroda) we başga maddalar düňe bir arassaçylygy üpjün etmekde belli serişdeler bolman, eýsem lagym ulgamyna düşende zyýansyz böleklere bölünip dargap gitmäne ukyplydyr.

TEHNIKA KÖMEGE GELÝÄR

Jemgyýetçilik hajathanalary üçin (hususylara hem degişli edilse ýalňyşmarys) tygşytlylyk çärelerii alyp barma esasy meseleleriň biri bolup durýandyr. Suwuň, elektrik energiýanyň, ýuwujy we arassalaýjy serişdeleriň harç edilşini peseltme diňe bir daşky gurşawa düşýän agramy azaltman, eýsem hajathananyň saklanylşynyň çykdaýjylaryny peseltmäge hem kömek edýändir. Bu işde uly kömekçi höküminde "akylly" tehniki enjamlary ulanma peýdaly we tygşytly bolup durýandyr.

Meselem, suw gyrandyna oturdylan ýörite datçikler eller oňa ýakynladylanda suwy awtomatiki düzgünde açyp bilýändir. Bu gigiýeniki talaplary üpjün edýändir:adaty gyrant dürli elleriň ony açyp ýapmasy netijesinde bakteriýalaryň toplanyp geçirilýän ýerine öwrülýändir. Onsoň hem, suwuň awtomatiki usulynda berlişi onuň 55% tygşytlanmagyna getirip, şol netijesinde hajathana edilen çykdaýjylary peseldip bilýändir.

Başga bir täsin we peýdaly çäre-unitazyň oturylýan üstüniň täze, gigiýeniki örtük bilen awtomatiki usulynda, her adamdan soň täzelenip durmagydyr. Bu bolsa giren adamyny hajathana kagyzyny ýa-da gazeti ýazyp oturmadan dyndyrýandyr we kagyzyň harçlanşyny peseldýändir. Ýeri gelende aýtsak, hut kagyz ýazyp oturma talabynyň döremegi aýallaryň hajathanasynda ýüze çykýan uzyn nobatyň sebäpleriniň biri bolýandyr. Bu bir gezek ulanylýan örtük täzeden işlenilme mümkinçiligini 100%-e çenli berýän serişde bolup, ony soüundan gaplaýjy serişdeleri we elektron enjamlaryň böleklerini öndürmek üçin ulanýarlar.

HAJATHANA HOWPSUZLYGY: ÄGÄ BOLUŇ, TYPDYRÝAN POL!

Köplenç hajathanalaryň poly keramiki örtükler bilen örtülýändir. Onuň öl ýa-da ýuwlan wagty bolsa buz ýaly typanjaň bolýandygy hemmämize mälimdir. Üns bermän, gyssanyp giren adamynyň ýa-da gowuşgynsyz garry adamynyň typyp ýykyljagy ikiuçsyzdyr. Şonuň üçin hem, adaty örtüji serişde höküminde polimer serişdeleri ulanmaga ýykgyn etme peýdaly bolup biler. Ondan başga-da, suw geçiriji turbalary bejerip we kagyzlaryň hem-de gigiýeniki serişdeleriň unitaza zyňylmagynyň we turbalaryň dykylmagynyň öňüni alyp, pola suwuň ýygnanmazlygyny gazanyp bolýandygyny ýatda saklamalydyr.

HAJATHANA WE ARASSA ELLER

Ýaňy ýuwlan we arassalykdan ýaňa lowurdap duran hajathanany hem howply bakteriýalardan arassalanan ýer diýip hasaplap bolmaz. Unitaz ýuwujy serişdeler bilen tämiz ýuwlan bolsa-da, bakteriýalar unitaz oturgyjynda, hajathana kagyzynyň rulonynda, suwy çekiji basma enjamynda toplanyp bilýändir. Döwrebap tehnologiýalar bizi bu ýokançlyklardan goramaga ukyply dälmikä?

Häzirki wagtda jemgyýetçilik hajathanalarynda adam unitazdan turanyndan soň, onuň hereketini duýup, suwuny göýberip ýuwýan duýujy enjamlardan peýdalanýarlar. Unitaz oturgyjynyň örtüginiň özbaşdak täzelenmegi, el ýuwujy we hajathana kagyzyny beriji enjamlaryň ulanylmagy hajathana enjamlaryna elleriň galtaşmagynyň we ýokançlyklaryň geçirilmeginiň öňüni almaga kömek edýändir.

Hajathana ysy bilen göreş, köplerde allergiki täsirliligi döredýän we häzir giňden ulanylýan aerozol serişdeleri ulanmagy öz içine alman, hajathanahyň ýelejirediş ulgamyny dogry gurmakdan ybaratdyr. Howany iýonly bölejikler bilen baýlaşdyrma, ultramelewşe çyralary ulanma diňe bir hajathananyň howasyny arassalaman, ony ýakymsyz yslardan hem dyndyrmaga ukyply bolup durýandyr.

Görşümiz ýaly, hajathanalaryň tehniki taýdan döwrebap kämilleşmegi onuň ulanylmagyny ýeňilleşdirýär, oňaýly we ýakymly şertleri döredýär. Bize, ulanyjylar höküminde, enjamlardan dogry we aýawly peýdalanyp, arassaçylyga üns berme gerekdir. Ýeri gelende aýtsak, hajathanalary gurnama we abadanlaşdyrma çäreleriniň şäherde gowy ýola goýluşy ýaly, ýakyn geljekde oba ýerlerinde hem bu meselede özgermeler geçiriler diýen uly tama etme islegi döreýär.

Adamlaryň medeniýetliginiň derejesini olaryň ulanýan hajathanalarynyň ýagdaýyndan hem kesgitläp bolýandygyny biz ýatda saklamalydyrys.