SAGLYGYŇYZY GORAŇ!

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.75 (24 Ses)

SAGLYGYŇYZY GORAŇ!

ÝA-DA ONUŇ ÜÇIN ÝYL BOÝY GEÇIRMELI ÇÄRELERIŇ SANAWY

Adam üçin dünýäde iň gymmatly, iň tapylgasyz hazyna näme? Dogry belleýärsiňiz. Elbetde, saglyk. Sagdyn adam dürs pikirlenmäge, öz meýilleşdiren işlerini amala aşyrmaga, gurmaga, döretmäge, şatlanmaga, başga adamlara kömek etmäge ukyply bolýar. Ýöne saglygy hem goramalydygyny we onuň hem "halyndan" wagtal-wagtal habar almalydygyny, adam ýaşynyň ulalmagy bilen onuň hem ýagdaýynyň üýtgäp bilýändigini ýatdan çykarmaly däldir.

Onuň üçin näme etmeli? Tejribeli we ünsli lukmanyň gözegçiliginde wagtly-wagtynda we ýaşyňyza, saglyk ýagdaýyňyza baglylykda öňüni alyş-anyklaýyş çärelerini geçirmeli. "Wagtym ýok. Onsoň hem, men lukmana nobata durmagy we gan tabşyrmagy halamok" diýip bahana tapmagyňyz mümkin. Ynanaýyň, berk jan-saglyk islendik pidalara mynasyp baýlykdyr.