EL TELEFONYNY EDEPLI ULANMAGYŇ DÜZGÜNLERI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.46 (24 Ses)

Köpçülikde el telefonda gürleşende özüni ker bilen gürleşýän ýaly alyp barýanlara duşmadygymyz ýok bolsa gerek. Şeýle ýagdaýlarda köpümiz ýylgyryp oňýan bolsak, köpümiziň rahatlygymyz bozulýandyr. Köpümiz biygtyýar ol kişiniň gürrüňlerine ünsümizi berýändiris. Köpümiz bolsa içimizden zeýrenýändiris. "Ker bilen gürleşýän" adam bolsa töwereginden bihabar gürrüňini dowam etdirýändir.

Aramyzda näçämiz şeýle wakalardan täsirlenip, öz telefonda gürleşme ýollarymyzy derňewden geçirýärkäk? Näçämiz özümizi telefon ulanmakda kämil diýip hasaplaýarkak? Eýsem, siz telefon ulanmagyň hem öz edebi düzgünleriniň (etika) bardygyndan habarlymysyňyz?

Häzirki zamanda telefon gürrüňdeşlikleri arkaly adamlar köplenç gödekligini we edepsizligini ýüze çykarýarlar. Emma şunuň şeýle bolmasy dogry däl. Adamlaryň köpüsiniň edýän ýalňyşlyklaryny gaýtalamazdan ozal aşakdaky kadalary okap, öz-özüňize sorag beriň: "Men şulary berjaý edýärinmi?"

► Jemgyýetçilik ýerlerinde telefon ulananaňyzda ses badyňyzy peseldiň.

► Telefon arkaly gürleşeniňizde, siziň daş-töweregiňizdäki adamlar size on ädimden ýakyn durmaly däldir. Şonuň üçin awtobusa, otla ýa-da uçara gireňizde telefon ulanmakdan gaça duruň. Sebäbi töweregiňizdäki adamlara jaňyňyzyň sesi ýa-da edýän gürrüňiňiz päsgel berip biler.

► Haçanda teatrda, restoranda, keselhanada ýa-da uçarda "Telefon ulanmak gadagan" bildirişli tagtajygy göreniňizde, haýal etmän telefonyňyzy sessiz düzgüne goýuň. Telefon ulanmagyň edebine görä, bildiriş tagtajygy bolmadyk ýagdaýynda-da kinoteatrlara, restoranlara we şuňa meňzeş ýerlere girilende telefonlar sessiz düzgüne goýulmalydyr.

► Gürrüňiňiziň eşdilip bilinjek ýerlerinde (işde, okuwda, supermarket dukanlarda) şahsy gürrüňleri etmekden saklanyň. Onuň deregine il içinde gürrüň edip bolýan mowzuklar barada gürrüňleşiň.

► Haçan-da telefon arkaly gürleşeňizde ajyksaňyzam, suwsasaňyzam iýip-içmekden daş duruň.

► Adamlar bilen ýüzbe-ýüz gürleşeniňizde telefonyňyza gelýän jaňlara jogap bermekden gaça duruň we telefonyňyzy derrew sessiz düzgüne geçiriň. Emma siz gyssagly bir jaňa garaşyp duran bolsaňyz, onda gürrüňdeşiňiziň razylygy bilen jaňy açyp bilersiňiz.

► Edil gelýän jaňlar ýaly, gelýän sms hatlaryňyzy hem gürrüňdeşiňiziň ýanynda açyp okamaň. Gyssagly bolaýan yagdaýynda, bir-iki agyz gürrüňdeşiňize düşündireniňizden soň, onuň razylygy bilen kän wagt eglemän okap, jogap berip bilersiňiz.

► Eger-de siz kinoteatra ýa-da teatra gelen bolsaňyz girmezden ozal telefonyňyzyň ekranynyň ýagtylygyny peseldiň. Sebäbi jaň ýa-da sms geläýen ýagdaýynda-da gapdalyňyzdakylaryň ünsüni çekmän jogap berip bilersiňiz.

► Ulag sürýän mahalyňyzda jaň geläýen ýagdaýynda iň gowusy, ulagyňyzy ýoluň gyrasynda saklap, soňra jaňa jogap bermekdir. Eger-de siz bir wagtda ulag sürüp we nauşnikler arkaly gürleşseňiz, onda hem özüňiziň hem-de daş-töweregiňizdäki adamlaryň janlaryna howp salyp bilersiňiz.

► Telefonda gürleşeniňizde gürrüňdeşiňiziň size jogap bermegi üçin gürrüňiňiziň arasyna maý salyp gürleşiň. Eger-de siz gürrüňiňizi kesmän yzygiderli gürleseňiz, onda bu hormatsyzlygy we gürrüňdeşiňiziň pikirlerine üns bermeýänligiňizi görkezer.

► Hiç-haçan jaň edýän adamyňyzy jaňyňyzyň kesileni ýa-da jaň edeňizde düşmänligiňiz üçin günäkärlemäň. Sebabi beýle ýagdaýlara jaň edýän adamyňyz däl-de, telefon operatorlary günäkar bolup biler.

► Dost, garyndaş ýa-da nätanyş bilen gürleşýän wagtyňyz ünsüňizi telefonyňyzdan daşary hiç zada bölmäň. Meselem, telefonda gürleşýän wagtyň telewizora seretmek, telefonda gürleşýän wagtyň telefonyňdaky başga zatlar bilen meşgullanmak we ş.m.

► Internet profiliňize edebi kadalara laýyk gelmeýän suratlary çap etmekden esewan boluň. Sebäbi siz Internet arkaly jaň edeniňizde, jaň edýäniňiziň ekranynyň ýüzünde siziň profiliňizdäki suratyňyz çykýar. Eger-de siz Internetde dostuňyz ýa-da joraňyz bilen bile düşen suratyňyzy goýjak bolsaňyz, onda etika görä siz ilki onuň razylygyny soraň. Sebäbi käbir adamlar öz şahsy durmuşlaryny gizlin saklamak isleýärler.

Biz jemgyýetçilik ýerlerinde el telefonlarynda gürleşenimizde haýsy kadalar gödek bozulýar? Haýsy gülküli, gynançly wakalara duş gelýärsiňiz?

Makalanyň awtory: Leýli Annageldiýewa