DILI ÝARAGLY AWÇYLAR WE SENIŇ SAGLYGYŇ

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (8 Ses)

dili yaraglySen egindeşleriň ýanynda özüňi elmydama rahat duýýarmyň? Olaryň diline düşmezlik üçin okuwa ýa üýşmeleňe gidesiň gelmedik wagtyny ýadyňa sal. Belki bu ýagdaý seniň öz başyňdan geçen däldir, ýöne ýa özüň ýa dost-joralaryň başga biriniň üstünden gülüp görensiňiz.

Lakam dakmak, masgaralamak, ýaňsylamak, agzyna öýkünmek, badak atmak – ýönekeý göz bilen seretseň bu hereketler ýaşlaryň arasynda adaty zat ýaly bolup görünýär. Emma welin, bularyň hemmesi zyýansyz däldir. Hut şular ýaly, ilkibaşda adaty bolup görnüp, soňra ula ýazýan "üns alamatlary" sebäpli müňlerçe ýaşlaryň okuw, dostluk we şahsy durmuşy zaýalanýar.

Haýwanlar dünýäsinde käbir ýyrtyjylar oljany süriniň içinden saýlap hüjüm edýärler. Muňa "zulum" diýilýär. Şeýle hadysa ynsanlaryň içinde hem bolup geçýär: ýaşymyza garamazdan, biziň her birimiz belli bir toparyň adamlarynyň betniýetli ünsleriniň pidasy bolup bilýäris.

Pida nädip saýlanylýar? Örän aňsatlyk bilen. Gyz ýa oglan, tapawudy ýok: pida bolmak üçin adamyň köpçülikden çala saýlanmasy ýeterlikdir. Dakynýan äýnegi, saçynyň reňki, boý-syraty, utanjaňlygy, halaýan zatlary, uýýan dini ýa-da jynsy aýratynlygy – garaz, ululy-kiçili her bir aýratynlygy adama beýlekiler tarapyndan azar berilmegine sebäp bolup bilýär. Azar bermekde esasy maksat adamy kemsitmek we gorkuzmakdyr. Bu bolsa äsgermezlik, ýaňsylamak, yrsaramak, ýalan gybat ýaýratmak, online hüjüm etmek ýaly dürli ýollar bilen amala aşyrylýar.

Emma, köp halatlarda azar bermäniň sebäbi pidanyň häsiýetleri däl-de, klasyň we onuň liderleriniň häsiýetleri bolup durýar. Eger ulular we mugallymlar hem pida parhsyz garasalar, ýakymsyz bellikler aýtsalar ýa-da hemme zada göz ýumup gezseler, bu azar berijilere goldaw bolup hyzmat edýär we netijede zulum ula ýazýar.

Azar berijiler esasan dost-ýarlarynyň ýa klasyň içinde başlyksyraýarlar. Emma göze nähili güýçli görünseler-de, hakykat ýüzünde olar başgalary diňe öz statuslaryny ýokarlandyrmak, gereklerini artdyrmak üçin kemsidýärler. Olaryň geçmişde özleriniň hem kemsitmeleriň pidasy bolan bolmagy gaty ahmaldyr. Olaryň bu hereketi maşgalalarynda ululardan görüp ýa-da kinolardan görüp edýän bolmaklary hem mümkin. Olar başgalar bilen parahat we dostlukly gatnaşyklary gurup bilmeýärler; başgalaryň duýgularyna we düşünjelerine düşünmeýärler. Olaryň diňe sahnada gahryman bolaslary gelýär we özlerini alkyşlar ýaly tomaşaçy gözleýärler.

Eger sen haçanda azar bermäniň pidasy bolsaň we näme etjegiňi bilmeseň, etmeli iň dogry zat ululardan maslahat we kömek soramakdyr. Has hem sen gorkuzylýan bolsaň we hüjüm ediji saňa zyýan ýetirjek bolýan bolsa, ululara ýüzlenmek örän möhümdir.

Eger ýagdaý onçakly howply bolmasa we seniň mundan baş alyp çykjagyňa ynamyň bar bolsa, aşaky maslahatlardan peýdalanyp bilersiň:

Azar berýän bilen gidişme. Tersine, oňa ünsem berme. Bu seň ejizdigiňi aňlatmaýar. Bu diňe seniň güýçlidigiňden habar berýär. Çünki göwnüne degiljek bolnan mahaly sesini çykarmazlygy diňe erki güýçliler başarýar. Azar berijiniň esasy maksady seniň reaksiýaňy görmekdir. Seniň reaksiýa görkezmezligiň bolsa oňa we onuň hereketlerine bolan parhsyzlygy aýan edýär. Sen näçe parh bermeseň, azar beriji hem şonça çalt pälinden el-çeker.

Gaharyňa erk et. Seň gaharyňy getirmek azar berijiniň uly islegidir. Eger onuň ýanyndan gaýtmaga mümkinçiligiň ýok bolsa, onda onuň gep-sözüni degişmä ýazdyrmaga synanyş. Ýumruk düwüp, urşa girmekden saklan. Azar berijiniň saňa çynlakaý hüjüm etmek üçin pursat gözleýän bolmagy ahmal. Sen näçe agressiw reaksiýa görkezseň saňa abanjak howpam şonça uly bolar.

Özynamlylygyňy ösdür. Özüňi has güýçli we ynamly duýmak üçin gerek zatlar hakda pikir et. Karate, aikido, ýoga, sazçylyk ýa kompýuter klaslary muňa mysal bolup bilerler. Ondan daşary hem, öz gyzyklanýan toparlaryň ýa kuržoklaryň agzasy bolsaň, täze dost-joralar taparsyň. Şonda özüňi egindeşleriň içinde "gara goýun" ýaly duýmarsyň.

Duýgularyňy we gorky-şübhäňi ynanýan adamlaryň bilen paýlaşmakdan çekinme. Bu seniň adamlar bilen gatnaşygyňy we özüňe bolan erkiňi kämilleşdirer.

Terjime eden: Nyýaz Kerimow

Ulanylan WEB Salgy