RAZYÇYLYK 101: HEMMELERE GOLLANMA

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.60 (5 Ses)

razycylyk

Ýetginjekleriň aglabasynyň ilkinji söýgi gatnaşyklary esasy tejribe bolup hyzmat edýär. Megerem, başga adam bilen araçägiňe üns bermekde ilkinji ädim söýgi gatnaşygynda ädilýär. Her bir fiziki ýakynlygy öz içine alýan gatnaşykda razyçylygyň (Adamyň her bir işi etmäge razy bolmagy. Razyçylyk bermek üçin adamyň zehini dury bolmaly. Ýagny serhoş, aklyna zeper ýeten ýa-da kanuna görä rugsat edilen ýaşdan kiçi bolmaly däl.) zerur bolşy ýaly, söýgi gatnaşygynda hem seniň möhüm hasaplaýan zatlaryň bolup biler. Öz islegleriňe düşünmegiň we şertleriň barada ýoldaşyň bilen gürleşmegiň welin birbada çylşyrymly gelmegi mümkin. Çäkleriňi anyklamak we olary ýoldaşyň bilen gürleşmek üçin aşakdaky ädimleri göz öňüne tutup bilersiň.

Ýatda sakla: sen islendik söýgi gatnaşygynda özüňi parahat we howpsuz duýmaga mynasypsyň.

Öz näme isleýäniňi we özüňe nämäniň zerurdygyny anykla.

Seniň hem durmuşda möhüm hasaplaýan zatlaryň bardyr. Ýörite wagt tapyp, bular hakynda özbaşdak pikir ýöredip bilersiň. Pikirleriňi kagyza ýa-da elektroniki enjamyňa belläp almak hem uly kömek eder. Özüňe fiziki, emosional we psihiki taýdan zerur bolan şertler barada oýlan.

↪ Jynsy gatnaşykda nähili çäkleri goýmak isleýärsiň? Anyk, etmek islemeýän hereketleriň barmy? Şulary göz öňüne tutmak we amala aşyrmak möhümdir.

↪ Seň üçin jynsy gatnaşyklaryň howpsuz bolmagy zerurmy? Nähili kontrasepsiýa usulyny ulanmak isleýärsiň? Eger ýoldaşyň kontrasepsiýany ýatdan çykarsa sen muňa çözgüt tapmaga taýýarmyň?

↪ Şol bir pikir gatnaşygyň emosional bölegine hem degişlidir – "Seni söýýän" diýip bilermiň?

↪ Ýoldaşyň ynamdar adamdygyny we onuň ýanynda howpsuzdygyňy nädip kesgitlärsiň? Seniň üçin çynlakaý söýgi gatnaşygy nähili bolmaly?

Islegleriňi we çäkleriňi aýyl-saýyl edeniňden soňra olary ýoldaşyň bilen ilkibaşda we gatnaşygyň dowamynda nädip maslahatlaşjakdygyň barada pikirlen.

Aragatnaşykda bol!

Her kimiň aragatnaşyk etmek usuly üýtgeşik bolýar. Aragatnaşygyň ähli gatnaşyklara laýyk bolan ýeketäk görnüşi ýokdur. Sen özüň üçin aragatnaşygyň haýsy usulynyň has oňaýlydygyny özüň çözmelisiň. Saňa öz islegleriň we çynlakaý hasaplaýan temalaryň barada ýoldaşyň bilen sms arkaly gürleşmek rahatmy ýa email üsti bilen? Ýa-da ýüzbe-ýüz görüşip gürleşmek?

↪ Eger ýüzbe-ýüz gürleşjek bolsaň, öňünden aýtjak zatlaryňy bellik edip goýmak pikiriňi aýdyň beýan etmek üçin peýdaly bolar.

↪ Sen öz bellikleriňi ýoldaşyňa berip bilersiň ýa-da gürrüňdeşligiň dowamynda aýtjak zatlaryňy unutmazlyk üçin oňa wagtal-wagtal seredip bilersiň.

↪ Eger ýüzbe-ýüz görüşmän, ähli zady ýoldaşyňa hat (email, sms) üsti bilen beýan etmek isleseň örän seresap bolmalysyň. Okyjynyň ýazuwda islendik söze nädogry düşünmegi ahmal.

↪ Özynamly we gönümel bol.

↪ Seniň islegleriň we zerurlyklaryň hemme zatdan öňürti gelýändigini ýatda sakla.

Barlap dur.

Ýoldaşyň bilen gatnaşygyň şertleri barada aragatnaşykda bolmak bir gezek edilip goýulýan iş däldir. Bu bir taraply hem bolmaly däl. Ýagny, islegler we zerurlyklar barada diňe sen däl, ýoldaşyň hem açyk bolmaly. Bulary mahal-mahal ikiçäk maslahatlaşyp durmaly. Şol bir wagtda öz-özüň bilen hem aragatnaşygyňy ýitirmeli däl. Özüňe şahsy wagt aýryp, öz duýgularyňa düşünmäge we özüňi has içgin tanamaga ymtylmaly. Seniň we ýoldaşyň islegleridir şertleri wagtyň geçmegi bilen üýtgäp biler. Muňa bilelikde düşünmek we uýgunlaşmak hem açyk aragatnaşygy talap edýär.

Her haçan öz durmuşyň we bedeniň üçin sagdyn çözgütleri saýla. Öz duýgularyňy bolşy ýaly kabul et. Olar sebäpli özüňi günäli duýma. Ýatda sakla: sen islendik gatnaşykda özüňi parahat we howpsuz duýmaga mynasypsyň. Seniň ýoldaşyň hem şeýle.

Ulanylan WEB Salgy

Terjime eden: Aşyr Öwezow