GÖWRELILIK NÄDIP DÖREÝÄR?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (18 Ses)

gowrelilik nadip doreyarGöwrelilik aýal jyns öýjüginiň erkek jyns öýjügi (spermatozoid) bilen tohumlandyrylyp, öýjükler birleşmesi ýatgynyň nemli bardasyna baryp oturanda döreýändir.

Esasy gatnaşyjylar

Döl - bu ak reňkli, şepbeşik suwuklyk bolup, düzüminde ýüz millionlarça spermatozoidleri (erkeklik tohum öýjükleri) saklaýar. Döl eýakulýasiýa (döl dökme) wagtynda daşary çykýar.

Zenanlaryň ýumurtgalygynda owulýasiýa hadysasy arkaly aýda bir gezek aýal jyns öýjügi bölünip çykýandyr. Ýatgy turbalarynyň çukanagynyň (woronka) aýal jyns öýjügini kabul etmäge taýynlygy owulýasiýa hadysasyndan 2 sagat öň başlanýandyr. Ýatgy turbasynyň çukanagynyň üpürjikleri bolup, olar aýal jyns öýjügini saklaýarlar we olaryň ýygrylmasy netijesinde öýjük barmaly ýerine geçirilýändir.

Haçan-da erkek we zenan goragsyz jynsy gatnaşyk geçirende spermatozoidler jynshananyň içine düşýär.

Tohumlandyrmak hukugy

Spermatozoidler ýatgynyň boýunjygyndan we ýatgynyň içinden geçip ýatgy turbasynyň içine ýetmeli. Ýöne bu aralygy geçmek üçin spermatozoidler birnäçe şertli böwetleri aşmaly bolýarlar: ýatgy boýunjygyny geçmek 2sm, ýatgynyň boşlugyny geçmek 5 sm, ýatgy turbalarynyň uzynlygyny geçmek 12sm. aralygy düzýändir. Bu geçiş hadysasy 3 sagada çenli wagty alyp bilýändir. Eger zenan ýakynda owulýasiýa (ýumurtga öýjüginiň ýumurtgalykdan çykmasy) geçiren bolsa, onda spermatozoid ýumurtga öýjügi bilen turbada birleşip bilýär. Birleşme üçin her bir spermatozoid öz kellejiginde fermentler toplumyny saklaýandyr we aýal öýjügine girmek üçin onuň daşky bardasyny eredýändir. Gorag bardasyny geçip spermatozoid tohumlanma geçirýär. Käbir ýagdaýlarda bu gorag bardasyndan iki we ondan hem köp spermatozoid geçip bilýändir, onda öýjükler bölünip ekizler emele gelýändir. Gorag bardasyny geçip bilmedik, galan spermatozoidler iki gije-gündiziň dowamynda ölýärler.

Täze ýaşaýşyň emele gelmegi

Erkek we aýal jyns öýjükleriniň bir ýadro (özene) birleşmesi zigotany emele getirýär. Zigota öýjükler toplumy bolup, ýatgy turbasynyň içindekä bölünip köpelmesini dowam edýär. Zigota 2 günden soň iki sany blastula bölünýär. Mundan soň bölünmeler çalt bolup geçýär we zigota şol bir ululykda bolsa hem, onuň düzümindäki öýjükleriň sany artýar. Tohumlanmadan soň 4-nji gün tohum düwünçegi ýatgynyň turbalaryndan ýatga çenli hereketini başlaýar. Edil şu döwürde tohum düwünçegi süýşup bilmän ýatgy turbalarynda galsa, ýatgydan daşary göwrelilik döräp bilýändir. Ony ultrases barlagy arkaly anyk seljerip bolýar. Indi tohum düwünçegi 12-16 sany öýjüklerden ybaratdyr we onuň daşlarynyň gatamagy başlanýandyr.

Bäşinji-ýedinji günler aralygy tohum düwünçegi ýatga ýetip, onuň bir diwarynda baglanýar. Bu hadysa implantasiýa diýilýär. Implantasiýa hadysasy ganly bölünip çykmalaryň döremeginiň sebäbi bolup biler we köplenç bu aýal tarapdan aýbaşynyň gelmegi ýaly kabul edilýär.

Implantasiýadan soň, ýatgydaky tohum öýjügi embrion, birnäçe hepdeden soň bolsa düwünçek diýlip atlandyrylýar.

Indi embrion emele gelen, ýatga berkän we göwreliligiň bütin dowamynda ösmegini dowam eder.

Awtor: Ayna Hydyrowa