OGLANJYKLARDA “ŞEÝTAN OÝNAMA” NÄME?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.64 (11 Ses)

6 seytan oynamaÝetginjek oglanlaryň köpüsi wagtal-wagtal, gijelerine içki eşikleriniň öllenýändigini, ýagny dölüň bölünip çykmagynyň bolup geçýändigini aňlaýarlar. Bu ýagdaýa lukmançylykda "pollýusiýa", halk arasynda bolsa "şeýtan oýnama" diýilýär. Jynsy taýdan ýetişme döwründe oglanlaryň ýumurtgajyklarynda tohum öýjükleriniň uly mukdary işlenilip çykarylýar we jyns agzalarda basyş ýokarlanýar. Şonuň üçin hem, agzalarda basyşy peseltmek üçin köplenç gijelerine pollýusiýa bolup geçýär. Ýetginjeklik döwründe bu kadaly hadysa hasaplanýandyr.