OGLANJYKLARDA ÝUMURTGAJYKLAR ÝUMURTGA HALTAJYGA DÜŞMESE NÄME BOLÝAR?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (3 Ses)

11 yumurtga haltajygyOglan çaga enesiniň içinde ösüp ulalýan wagty ýumurtgajyklary onuň garyn boşlugynda emele gelip, ösýärler. Eger ösüş dogry gidýän bolsa, soňrak ol ýörite gasykdaky "ýodajygyň" üsti bilen ýumurtga haltajygyna düşýär. Çaga doglanda ýa-da doglandan soň 6-8 aýyň dowamynda ýumurtgajyklar öz ýerine düşýändirler.

Eger birnäçe sebäplere görä ýumurtgajyklaryň biri (käwagtlar ikisi hem) öz ýerine düşmän garyn boşlugynda ýa-da gasykda saklanyp galsa, onda lukmana ýüz tutup onuň maslahatyny diňlemek hökmandyr. Sebäbi garyn boşlugynyň temperaturasy ýokary bolup, ol ýerde düşmän "saklanan" ýumurtgajykda erkek öýjükleriniň emele gelmegine ýaramaz täsirini ýetirip biler. Bu bolsa oglanjygyň soňundan önelgesiz bolmagyna getirip bilýändir.

Ýumurtgajyklaryň biriniň ýa-da ikisiniň hem ýumurtga haltajygyna wagtynda düşmedik ýagdaýynda lukmanlar hirurgiki usul bilen bejergi geçirýärler. Bejergi esasan çaga 1 ýaşandan soň geçirilýär.