MENIŇ UJYDYMYŇ ULULYGY KADALYMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.17 (6 Ses)

14 ujyt kadalymyÝetginjek oglanlaryň aglabasyny ujydyň ululygynyň, uzynlygynyň we ýogynlygynyň nämelere baglydygy baradaky soraglar gyzyklandyrýar. Elbetde erkek adamynyň durmuşynda bu möhüm agzadyr. Köpçülikleýin jemgyýetçilik medeniýetimiz bolsa ujyda degişli belli bir düşünjeleri öňe sürüp, ýetginjekleriň öz-özüne berýän bahasyna ýaramaz täsir edip biler. Erkek adamlaryň pikir edişiçe, ujyt näçe uly boldugyça, ol öz eýesini şonça abraýly edýär we oňa jynsy kuwwatlylygy berýär. Hakykatda bolsa ujydyň ululygy diňe nesil yzarlama we seniň bedeniňdäki erkeklik gormonynyň (testosterona) derejesine baglydyr.

Gönelmedik ýagdaýynda ujydyň uzynlygy adatça 5-10 sm. aralygy düzýändir. Onuň gönelen ýagdaýyndaky uzynlygy dürli geçirlen barlaglarda dürli sanlary görkezýär. Bu bolsa onuň dürli adamlarda dürli uzynlykda bolup biljekdigini aňladýandyr. Deňeşdirme barlaglaryň köpüsi takmynan 13-15sm. aralyk ortaça gönelen uzynlygy belleýärler. Ýöne bu hökman sende hem bolup biljek uzynlygy aňlatmaýar.

Ujydyň görnüşi we gönelme burçy her adamda dürli bolup, olara degişli kada ýa-da ortaça görkezijiler ýokdur. Ujydyň ortaça ýogynlygy 3,5 sm. düzýändir.

Jynsy ýetişme başlanandan soň ujyt adatça 16 ýaşa çenli ösýändir.