SÜNNET EDILEN UJYT BILEN EDILMEDIK UJYDYŇ ARASYNDA NÄHILI TAPAWUT BAR?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

16 sunnet edilen ujytSünnet geçirme käbir milletleriň wekilleriniň arasynda ýörgünli bolup galýar. Ony geçirmegi her maşgala öz maşgala, dini ynançlaryna görä kesgitleýär.

Sünnet etmek (oňa lukmançylykda "sirkumsiziýa" diýilýär) – bu ujydyň pürçügini onuň kellejiginiň töwereginden kesip aýyrmakdyr. Netijede, sünnet edilen ujydyň kellejigi ýalaňaçlanýandyr. Edil şu alamat bilen sünnet edilen ujyt edilmedikden tapawutlanýandyr.

Ondan başga-da, sünnet edilmedik erkek adamlar sünnet edilenler bilen deňeşdirlende jyns agzalaryň ýokançly keselleri bilen ýygy keselleýär. Sebäbi ujydyň pürçüginiň aşagynda onuň mäziniň bölünip çykmalary ýygnanyp, bakteriýalaryň köpelmegi üçin oňaýly gurşawy düzýärler. Şeýle hem käbir barlaglaryň bellemegine görä, sünnet edilen ujytda howply çiş keselleriň döremek mümkinçiligi peselýändir.

Sünneti geçirmek ýörite lukmançylyk emi bolup, hemme arassaçylyk çäreleriniň berjaý edilmegi bilen hirurg lukmany tarapyndan geçirilmelidir.

Sünnet edilenine ýa-da edilmedigine garamazdan, daşky jyns agzalarynyň gigiýeniki çärelerini dogry we kadaly geçirmek hemişe wajyp bolsa-da, sünnet geçirilmedik ýagdaýynda oňa has hem üns berilmelidir. Sünnet edilmedik ýagdaýynda ujydyň pürçigini çöwrüp, onuň aşagynda ýygnanýan ýörite nemi (smegma) ýuwup aýyrmak hökmandyr. Çünki onda bakteriýalar köpelip, ujydyň kellejiginde sowuklama keselleriniň döremegine getirip biler.