ÖPÜŞME ARKALY ÝOKANÇLYKLAR GEÇIP BILÝÄRMI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.13 (8 Ses)

22 opusmek yokanclyklarÖpüşmek biri-birini halaýan, hormat goýýan adamlaryň özara düýgularyny bildirmäge kömek edýän hereketi bolsa-da, birnäçe ýagdaýlarda saglyk üçin howply bolup biler. Köplenç öpüşme arkaly dümew we uçuk (gerpes) wirusy bilen ýokuşyp bilinýändir. Eger dümewden sagalyp bolýan bolsa, uçugyň wirusy adamyň bedeninde ömürlik galyp, beden gowşanda bildirip biler. Uçuk diňe bir agzyň töwereklerine örmän, eýsem jyns agzalaryny hem şikeslendirip bilýändir.

"Öpüşme keselleriniň" ýene biri sitomegalowirus ýokançlygydyr. Bu wirus bedende köplenç alamatsyz "ýaşaýar" we ony diňe barlag arkaly ýüze çykaryp bolýar.

Käbir geçirlen barlaglar, öpüşmeler arkaly adamyň papilloma wirusynyň hem ýokuşyp bilýändigini görkezýär. Bu wirus ýatgynyň boýunjygynyň howply döremeleriniň esasy sebäbi hasaplanýar.

Görşümiz ýaly, öpüşmeler (tapawudy ýok – sen halaýan adamyňy öpýämiň, ejeňi, kakaňy ýa-da daýzaňy gowy görüp öpýämiň) birnäçe ýokançlyklaryň geçmegine sebäp bolup bilýändir. Şonuň üçin hem özüňiz kesellän wagtyňyz öpüşmeden we kesellän adamyny öpmeden gaça duruň.