SÖÝGI WE HALAMAK BIRMEŇZEŞ DUÝGYMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.75 (4 Ses)

24 soygi we halamakAdamlar köplenç "Men seni halaýaryn", "Men ol gyzy söýýärin" diýenlerinde, bu sözleriň aýry-aýry manylary aňladýandygyna üns hem bermeýärler.

Halamak – bu başga adamynyň daşky gözelligine ýa-da adamkärçiligine, içki dünýäsine maýyl bolmak, gyzyklanmakdyr. Bu gyzyklanmanyň täsirinde ýaşamakdyr. Sebäbi ýigidi gyzyň gözelligi, inçe syraty, onuň akyly, mähremliligi özüne maýyl eden bolsa, gyzy oglanyň başarjaňlygy, durmuşa bolan garaýşy, edermenligi, owadan gözleri, saçlary özüne çekip biler. Halaýanlar wagtyň her pursatynda biri-biri bilen duşuşmaga, biri-biriniň ýanynda bolmaga, halaýan adamsyny eşitmäge, onuň hereketlerine şatlyk bilen syn etmäge çalyşýarlar.

Söýgi, bir adamyny söýmek – bu has çuň, çynlakaý duýgydyr. Çünki söýgi – halaýan adamyňa diňe bir maýyl bolmak, oňa guwanmak dälde, oňa islendik ýagdaýlarda kömege gelmäge, ol barada alada etmäge taýynlyk düýgusydyr. Halamak düýgusyndan adam söýmäge geçmelidir. Bu diňe bir ýönekeý ädimjik bolman, uzak geçilmeli ýoldur. Söýýän adam halaýanyna peýdaly boljak bolar, diňe bir ondan aladany, ünsi talap etmän, özi hem halaýan adamsynyň durmuşyna “garylyp-gatylmaga”, oňa kömek etmäge, goltgy bermäge çalşar. Hakyky söýgi wagtyň gelmegi bilen maşgala gurmaga itergi berer, ony jebisleşdirer.

Ýöne ýetginjeklik döwründe halaýan adamyňa düýgyň näçe-de berk ýaly görünýän bolsa hem, esasan halamak düýgusy köplük edip, seýrek ýagdaýlarda hakyky söýgi duýgusyna geçip bilýändir. Ýetginjeklik pursady üçin halaýan adamyňa diňe bir guwanmak, halamak mahsus bolup, bu duýgular gysga wagtlaýyndyr. Dogry, ýetginjeklik döwründen halaýan adamsyny söýüp, ony sylap, hemmelerden eziz görüp we bütin ömrüni oňa bagyşlaýan adamlar hem duş gelýär. Ýöne şeýle gatnaşyklar örän seýrek duş gelýärler. Sen ýetginjeklikde diňe bir boýdaşyňy halaman, eýsem halan aýdymçyňa, artistiňe, öz mugallymyňa, sport türgenine hem maýyl bolup bilersiň we bu düýgular basym geçip biler.

Öz düýgularyň hemişe şeýle durnuksyz bolarmyka diýip aladalanma! Sen garşydaş jyns bilen gatnaşyk açmaga, sözleşmäge, oňa mahsus bolan häsiýetleri öwrenmäge çalyşýarsyň. Wagtyň geçmegi bilen sen kämilleşersiň, seniň halaýan adamyňy hem duýmak, oňa guwanmak, düşünmek ukybyň kämilleşip, ahyrynda söýgä öwrülip biljegi iküçsyzdyr.