ILKINJI JYNSY GATNAŞYK AGYRLYMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.13 (16 Ses)

34 ilkinji gatnasyk agyrlymyIlkinji jynsy gatnaşyk gyzlyk perdäniň ýyrtylmagy sebäpli biraz agyryly duýgular bilen geçip biler. Ýöne bu hemişe agyrynyň boljakdygyny aňlatmaýar. Gyzlyk perde gan damarlaryny we nerw süýümlerini saklaýandyr. Eger ilkinji jynsy gatnaşykda ýyrtylma perdäniň nerw süýümleriniň köp ýygnanan ýerinden başlasa, bu agyryly duýgyny berip biler.

Ilkinji gatnaşykda agyryny başga ýagdaýlar hem döredip biler: gyzyň gorkmagy, bedeniň dartgynly saklanmagy, erkek adamynyň gödek, hormatsyz hereketleri, erkek adamynyň serhoş ýagdaýda hereket etmegi, taýynlaýjy ýakymly, oýandyryjy sypalamalaryň, posalaryň bolmazlygy we derrew gatnaşyga geçmek.

Görşümiz ýaly, ýokarda sanalan sebäpler gatnaşyklaryň gyz üçin agyryly boljakdygyny ýa-da bolmajakdygyny köp ýagdaýlarda oglanyň hereketlerine baglydygyny görkezýär.