HIÇ BIR SEBÄPSIZ EREKSIÝANYŇ BOLMAGY KADAMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.56 (9 Ses)

36 sebapsiz ereksiyaÝetginjeklikde hiç bir jynsy gatnaşyklara degişli sebäpsiz, öz-özünden ereksiýa (ujydyň gönelmegi) bolup bilýändir we bu ýagdaý ýetginjegi gorkuzmaly däldir.

Ýaş ýigit görmegeý gyzy görende, seksual manyly kitap okanda ýa-da kinofilme tomaşa edende, owadan gyzy ýa-da aýal bedenini göz öňüne getirende, ereksiýa döräp biler.

Şeýle hem, lukmanlar ukyda (3-4 gezek) ýa-da irden döreýän ereksiýany kada hasaplap, onuň erkek jyns agzalarynyň köp keselleriniň öňüni almaga kömek edýändigini belleýärler. Irden döreýän ereksiýany peşew haltanyň dolmagy bilen hem baglanyşdyrýarlar.

Ýöne sebäpsiz döreýän ereksiýanyň kesel höküminde ýüze çykmagy hem mümkindir. Bu keseli "priapizm" diýip atlandyrýarlar. Onda dürli sebäpleriň täsiri bilen ujyda ganyň üznüksiz gelmegi we onuň agyryly uzak gönelmegi bolup geçýär. Beýle ýagdaý köp wagt dowam edip, çylşyrymly bejergini talap edýändir.