DAŞYNA "DÖKMEKLIK" GOWY USULMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (6 Ses)

jynsy terbiyeEýakulýasiýa wagty ýetende döli daşyna, ýagny jynshanadan daşyna "dökmeklik" göwreliligiň öňüni alyş usullaryna degişli edilýändir. Başgaça ol usuly "üzülen jynsy gatnaşyk" diýip atlandyrýarlar. Ýöne ol göwreliligiň öňüni almagyň ygtybarly usuly hasaplanyp bilmeýär, çünki dölden öň ujytdan bölünip çykýan suwuklykda hem erkeklik öýjükleri saklanyp we jyns ýollaryna düşüp, göwreliligi döredip bilýändir.

Döli daşyna dökmek erkek adamdan hem psihiki agramlylygy talap edýändir we jynsy gatnaşykdan onuň ünsüni sowup, lezzetlilik almaga päsgel berip biler.

Şeýle hem, "üzülen jynsy gatnaşyk" jynsy gatnaşyk arkaly geçýän kesellerden, şol sanda AIW-den goraýan däldir.