MEN KONTRASEPTIW SERIŞDELERINI HAÝSY ÝAŞDAN ULANMALY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

jynsy terbiye 3Ýaşyna garamazdan, kontraseptiw serişdeleri jynsy gatnaşyklary başlanylan wagtdan ulanmak möhümdir. Lukmanlar gyzlara gormonal gerdejikleri aýbaşysy başlap, kadalaşandan soň (azyndan 3 aýbaşy geçmeli) kabul edip başlamagy maslahat berýärler. Ýöne gormon saklaýan gerdejikleriň jynsy gatnaşygy arkaly geçýän ýokançlyklardan, şol sanda AIW ýokanjyndan goramaýandygyny bilmelidir.

Jynsy gatnaşygy başlan ýaş ýigit hem bolup biljek ilsenilmedik göwrelilik we ýokançlyklar barada habarly bolup, gatnaşyklara jogapkärli çemeleşmelidir we prezerwatiwy satyn alyp ulanmak barada pikir etmelidir.

Jynsy gatnaşyklarda, kontraseptiw serişdeleri ulanma meselesinde oglan hem, gyz hem deň jogapkärçiligi alyp barýarlar.