PREZERWATIWY NÄHILI DOGRY GEÝMELI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

jynsy terbiye 4Prezerwatiw kanun boýunça näçe ýaşdan berlip (satylyp) başlanýar?

Prezerwatiwler kanun boýunça dermanhanalarda 18 ýaşdan satylyp başlanýar. Ýöne käbir hususy dermanhanalardan, şeýle hem dükanlardan ony 14 ýaşdan satyn alyp bolýandyr.

Prezerwatiwy nähili dogry geýmeli?

Prezerwatiwiň dogry geýilmegi göwrelilikden we jynsy gatnaşygy arkaly geçýän kesellerden goraýar.

Prezerwatiwy dogry ulanmak üçin birnäçe düzgünleri bilmelidir:

↪ Ol diňe ujyt gönelen (ereksiýa wagty) mahaly geýilýär.

↪ Geýilýän wagty prezerwatiwyň ujyny gysyp, howasyny çykarmalydyr. Eger şeýle edilmese, dölüň ol ýere ýygnanman, ujyda syrygmagy mümkindir.

↪ Prezerwatiw ujyda çekilýärkä onuň bütewligine üns bermelidir.

↪ Prezetwatiw geýilýäkä ony dyrnagyňyz bilen deşip, şikeslendirmeden ägä boluň.

↪ Prezerwatiwy gatnaşykdan soň çykaranyňyzda ýokardan aşak emaý bilen sypyryp, ujyny daňmalydyr.

Bir prezerwatiw diňe bir jynsy gatnaşygy geçirmek üçin niýetlenendir we ony ikilenç ulanmak bolmaýar.