PREZERWATIWIŇ ŞEÝLE KÖP GÖRNÜŞLERI HÖDÜRLENÝÄRKÄ, MEN ONY NÄDIP SAÝLAMALY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (3 Ses)

jynsy terbiye 2Häzirki wagtda dermanhanalarda we söwda dükanlarynda prezerwatiwleriň dürli görnüşleri satylýandyr. Olar öz öndürijisi, hili, ululygy, reňki boýunça tapawutlanyp bilerler. Hatda düýgurlylygy ýokarlandyrmak maksady bilen olaryň ýüzi halkalysy, digir-digirlisi, ýörite yslysy hem öndürilýär.

Prezerwatiwleriň kiçi, orta we uly ölçegdäki görnüşleri tapawutlandyrylýandyr. Uly prezerwatiwleriň gatnaşyk wagty sypyrylyp gaçmagy, kiçileriň bolsa ýyrtylmagy mümkindir. Ölçegleri seljermek üçin prezerwatiwler satyn alnanda onuň gabynyň arka tarapyna seredip, ýazylan maglumat bilen tanyşmalydyr.

Şeýle hem, prezerwatiwleriň ýasalan serişdesine üns bermek wajypdyr. Olaryň köpüsi lateksden öndürilýändir, ýöne öndürijiler latekse alleriýa täsirliligi bolan adamlara başga serişdelerden öndürilen prezerwatiwleri hem hödürleýärler. Meselem, poliuretandan öndürilen prezerwatiwler lateksden ýukadyr. Poliizoprenden öndürilen prezerwatiwler bolsa allergiki täsirliligi döredýän däldir we poliuretandan galyňdyr. Ýöne galyň bolsa hem, rezine meňzeş däldir we elläniňde ýumşakdyr.

Şeýlelikde, prezerwatiwler saýlananda onuň hiline, haýsy serişdeden ýasalanyna, ölçegine, ulanyş möhletine üns bermek wajypdyr. Dogry saýlanan prezerwatiw seni islenilmedik göwrelilikden we howply ýokançlyklardan goranmaga kömek edip biler.