GORMONAL KONTRASEPTIW SERIŞDELER NÄME?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

jynsy terbiye 3Düzüminde gormon saklaýan gerdejikler iki sany aýallyk gormonlarynyň (estrogen we progestinler) emeli sintezirlenen görnüşlerini saklaýandyr we öz düzümleri, mukdarlary, häsiýetleri we ulanyş düzgünleri boýunça tapawutlanýandyrlar. Gormonal serişdeler häzirki wagtda iň ýaýran kotraseptiw usullaryň biri bolup, dogurmadyk aýallaryň arasynda hem ol netijeli ulanylýandyr.

Içilýän gormon gerdejikleri ýumurtgalyklaryň işjeňligini peseldip, aýallyk öýjüginiň emele gelmeginiň öňüni alýarlar, ýatgynyň boýunjygyndaky nemi goýaldyp, spermatozoidleriň ýatygynyň içine geçmegini kynlaşdyrýarlar.

Häzirki wagtda içilýän (oral) gormonal serişdeleriň düzümindäki gormonlaryň mukdarlary boýunça mikromukdarly we pes mukdarly görnüşleri tapawutlandyrylýandyr we olar içilende ýaramaz gaýraüzülmelere getirýän däldirler (meselem, kelläniň agyrmagy, ýürek bulanma, ganyň lagtalanşynyň ýokarlanmagy). Mikromukdarly görnüşleri düzüminde 20 mkg. deň sintezirlenen estrogen gormonyny saklaýandyr we ýetginjek gyzlar üçin oňaýly serişde bolup durýandyr.

Gormonal gerdejikleriň arasynda düwürtikleri bejeriji, bedende artykmaç gyllaryň ösmegini togtatmaga kömek edýän görnüşleri hem ulanylýar.

Göwreliligiň öňüni almaga kömek etmekden başga-da, gormonal gerdejikleri aýbaşy bozulmalaryny, agyryly aýbaşyny, önelgesizligi bejermekde hem ulanylýandyr. Ýöne hemme dermanlarda bolşy ýaly, gormonal gerdejikleriň hem ýaramaz täsirleri bellenilýändir. Olar kabul edilip başlanandan soň, ilkinji 3 aýyň dowamynda jynshanadan ganly çyrşalmalaryň döremegi, ýürek bulanma, keýpiň üýtgemegi, işdäsizlik ýaly alamatlar ýüze çykyp biler.

Şeýle hem, gormonal gerdejikleri ulanmaga garşy hem görkezmeler bellenilendir: bagryň we böwregiň agyr kesellerinde, ýokary gan basyşda, daşly holesistitde, warikoz keselinde, howply täze döremelerde, köp çilim çekmek endigi bolanda gerdejikleri kabul etmek maslahat berilmeýär.

Gormonal serişdeleri Saňa diňe lukman saýlamalydyr! Gormonal gerdejikleri kabul edip başlamazdan öň, ony saýlamak, kabul ediş düzgüni, ýaramaz täsirleri we gaýraüzülmeleri barada lukman bilen maslahat etmek hökmandyr. Her aýalyň gormonal ulgamynyň dürli bolup, joraň ýa-da doganyň kabul edýän gerdejiginiň saňa ýaraman biljegini bilmelisiň.