MEN JYNSY GATNAŞYGYŇ GEÇIRILMEGINE RAZY BOLMADYM, ÝÖNE ÝOLDAŞYM MENI DIŇLEMEDI. MEN NÄME ETMELI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

jynsy terbiye 6

Eger seniň ýoldaşyň seniň garşylygyňa, "Ýok!" diýýänligiňe garamazdan jynsy gatnaşyk geçiren bolsa, onda ol zorlanma bolýar. Sen: "Ol meniň ýoldaşym ahyryn. Men ony köpden bäri tanaýan. Ol maňa ýakyn adam" diýip geň galmagyň mümkin. Adamyny tanaýandygyňa ýa-da tanamaýandygyňa garamazdan, seniň islegleriňe garşy geçirilýän hereketlere zorlanma (saňa zor salmak) ýaly seredip bolar. Zorlaýjy adam "nätanyş adam bolup garaňky ýerde bukulup üstüňe topulýany" hakykata laýyk gelýän düşünje däldir. Hakykatda we barlaglara görä zorlaýyjy adam aýalyň, gyzyň tanaýan adamsy bolýar.

Eger seniň razylygyňa garamazdan, ýoldaşyň seniň bilen jynsy gatnaşyk geçiren bolsa sen islenilmedik göwreliligiň öňüni almaly bolarsyň. Eger sen adaty kontraseptiw usullaryň hiç birini ulanmaýan bolsaň, onda gyssagly kontraseptiw usullardan peýdalanmaly bolarsyň. Ony bolsa wagt geçirmän, kabul etmelidir.

Eger sen ýoldaşyňy ol diýen köp wagt tanamaýan bolsaň ýa-da ol bejergi alýan bolsa, onda barlag geçirip, jynsy gatnaşygy arkaly geçýän ýokançlyklara garşy bejergi almak barada lukman bilen maslahatlaşmaly bolarsyň.

Jynsy gatnaşyklar hökman aýalyň razyçylygy bilen geçirilmelidir. Zorlanma bolup geçen ýagdaýynda hökman polisiýa ýüz tutmaly.