AIW BILEN AIDS-IŇ TAPAWUDY NÄME?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

jynsy terbiye 5AIW (adamynyň immunodefisit wirusy, rusca ВИЧ) – adama ýokuşanda AIW-ýokançlygy keseli ýüze çykýar.

AIDS (rusça СПИД) – bu AIW-ýokançlygynyň iň soňky tapgyrydyr. AIDS keselinde immun ulgamynyň bozulandygy we ýokançlyklara garşy göreşip bilmeýändigi üçin adam her dürli agyr ýokançly keseller bilen keselleýär.

AIW-ýokançlygyny göterijilikden AIDS keseli döreýänçä 5-12 ýyl wagt geçip bilýändir. Şol sebäpden hem "AIDS ýokuşyp bilýärmi?" diýen sorag ýalňyşdyr. AIW-ýokanjy ýokuşyp, köp ýyllardan soň, bejergi alynmadyk halatynda soňky tapgyra – AIDS keseline duçar edip biler.

Şonuň üçin hem, AIW-ýokançlygyny göterijilige wagtynda barlagdan geçip, kesgitlenen halatynda ömürboýy degişli, netijeli bejergini dowam etmek, adamynyň ömrüni uzaltmaga kömek edýär.