ÄHLISI BIR ZATMY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.43 (7 Ses)

hukuk soraglarySalam Saglyk,

Şu "pedofil", "pederast" diýip bizde geýlere diýýärler welin şularyň ählisi bir zatmy?

Gadyrly okyjy,

Pedofiliýa – psihiki keseliň bir görnüşi bolup, 16 ýaşdan uly adamlaryň ýetginjekler we ýetginjek ýaşyna ýetmedik çagalar bilen jynsy aragatnaşyk etmegi ýa-da olarda şol islegiň bolmagy bilen häsiýetlendirilýär. Pedofiliýa jenaýat hasaplanýar. Her döwlet bu jenaýat işiniň jezasyny döwletde kabul edilen kanunçylyga laýyklykda özi kesgitleýär. Ondan başga-da, günbatar döwletleriniň köpüsinde pedofillere çagalar baglarynyň we mekdepleriň gapdalynda jaý satyn almak ýa-da ýaşamak gadagan edilýär. Mundan başga-da, olar ýerli hukuk edaralary tarapyndan hasaba alynýar.

Käbir günbatar döwletlerinde pedofiliýa meýilli adamlar üçin dürli terapiýalar alnyp barylýar. Şeýle terapiýalar pedofiliýa jenaýatynyň öňüni almakda (entek jenaýat edilmänkä, meýilli adama psihologik kömek) we pajygaly ýagdaý bolup geçende türmede jenaýatçynyň reabilitasiýasynda ulanylýar.

Pederast – pederastiýa (grekçe "oglanlara bolan söýgi") – seksologiýanyň döreýşiniň ilkinji basgançagynda umumy erkek gomoseksuallygy üçin ulanylýan söz bolupdyr. Emma soňra bu sözüň ylymda ulanylmasy bes edilýär. Gepleşik dilinde bu söz heniz hem erkek gomoseksuallygyny suratlandyrmak hem-de gomoseksual gatnaşyklara bolan erbet garaýşy we äsgermezçiligi aňlatmak üçin ulanylýar.

Gomoseksualizm – duýgularyň (romantiki, emosional) we jynsy islegiň öz jynsyňa gönükdirilmegi bilen häsiýetlendirilýän isleg bolup, aýalyň aýala (lesbiý, geý) we erkegiň erkege (geý) gönükdirilen jynsy islegi görnüşlerinde ýüze çykýar. Bu gatnaşyklar kämillik ýaşyna ýeten adamlaryň arasynda razyçylykly geçirilýär. Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe, Täjigistan, Indoneziýa ýaly ýurtlarda gomoseksual gatnaşyklar jenaýat hasaplanmaýar. Özbegistan we Türkmenistan (Jenaýat Kodeksiniň 135-nji maddasy) gomoseksual gatnaşyklary jenaýat hasaplaýarlar. 1990-nji ýylda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) gomoseksuallygy keselleriň sanawyndan aýyrdy. BMG-nyň Adam Hukuklary Komiteti ýurtlara meňzeş jynsly adamlaryň arasyndaky razyçylykly seksual gatnaşyklary kanunylaşdyrmagy we gomoseksuallygy biabraýçylyk hasaplamagyň soňuna çykmagy maslahat berýär.

Adamlar (gomofobiýa ýa-da bilimsizlik sebäpli) geý adamlaryň adamçylyk mertebesini kemsitmek, olara garşy ýigrenç döretmek, öjükdürmek maksady bilen olary "pedofil", "pederast" diýip atlandyrýarlar. Şeýle hem, geý adamlar diskriminasiýa, biabraýçylyga, zorlanmalara, sebäpsiz tussag edilmelere sezewar bolýarlar. Gomoseksuallygyň gadagan edilen ýurtlarynda geý adamlar lukmançylyk hyzmatlaryndan doly peýdalanyp bilmeýärler. Bu bolsa jemgyýetde adam ýitgilerine, zorlugyň kada öwürlmegine we keselçiligiň ýaýramagyna getirýär.