MEN HOWPSUZLYK SERIŞDELERINI ULANMAZDAN JYNSY GATNAŞYGY GEÇIREN BOLSAM NÄME ETMELI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

jynsy terbiye 5Eger dürli sebäplere görä, howpsuzlyk serişdelerini ulanmazdan (prezerwatiw, kontrasepsiýa) jynsy gatnaşyk geçirlen bolsa, degişli barlaglary geçirmek üçin tizden-tiz lukmana ýüz tutmalydyr. Lukman jyns agzalaryndan alnan çyrşagyň we gandan ýörite barlaglary geçirip, jyns gatnaşygy arkaly geçýän keselleriň ýokuşma howpunyň bardygy ýa-da ýokdygy barada netije çykaryp biler.

Goragsyz geçirlen jynsy gatnaşykdan soň barlag üçin özüňiziň degişli Saglyk Öýleriňiziň ginekolog we urolog lukmanlaryna, deri-weneriologiýa merkezleriniň lukmanlaryna ýüz tutup bilýärsiňiz.

Şeýle-de, goragsyz geçirlen jynsy gatnaşyklardan soň, bolup biljek islenilmedik göwreliligiň öňüni almak üçin ginekolog lukmany gyssagly kontrasepsiýa serişdelerini saýlamaga kömek edip biler.