UJYT JYNSHANA GIRMESE HEM GYZ GÖWRELI BOLUP BILÝÄRMI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (2 Ses)

jynsy terbiye 3Aslynda ujydyň jynshana salnyp, jynsy gatnaşygyň geçirilmegi göwreliligiň galmagynyň esasy şerti hasaplanýar. Ýöne lukmanlaryň bellemegine görä, ujyt bilen daşky jyns agzalaryň gyjyndyrylmagy (petting) netijesinde bölünip çykýan dölüň jyns agzalaryna düşmegi, käbir ýagdaýlarda göwreliligiň galmagyna getirip bilýär. Bu ýagdaýda göwreliligiň galmagy üçin döl jyns agzalaryna düşmelidir we döldäki erkeklik öýjükleriniň hereketjeňligi ýokary bolmalydyr. Ondan başga-da, bu günler ýumurtgalykda aýal öýjüginiň ýetişip çykýan günleri (owulýasiýa) bilen gabat gelmelidir.