GYZ AÝBAŞY DÖWRI JYNSY GATNAŞYK GEÇIRSE GÖWRELI BOLUP BILÝÄRMI?
Biziň köpümiz aýbaşy wagty göwreliligiň galyp bilmejekdigine ynamly bolýarys. Ýöne bu ýagdaý gyzyň aýbaşy halkasynyň dowamlylygyna baglydyr. Eger gyzyň aýbaşy halkasy gysga bolsa (19-21 gün), elbetde aýal öýjüginiň 8-10-njy günlerinde ýetişip başlamagy ähtimaldyr. Owulýasiýa wagtyndan takmynan 3-4 gün öň we soň jynsy gatnaşykdan saklanmagyň hökmandygyny ýatlasak, biz edil aýbaşy günlerine düşüp bilýäris. Aýal öýjüginiň hem ýetişip ortaça 48 sagat, erkeklik öýjüginiň jyns ýollarda 3 gün ýaşaýandygyny ýatda saklamalydyr.
Edil şonuň üçin hem, aýbaşy halkasy gysgamöhletleýin bolan aýal-gyzlar aýbaşy wagty hem kontrasepsiýa barada aladalanmalydyr.
- 2042 gezek okalan