ALKOGOL BEÝNIŇ ÖÝJÜKLERINI HAKYKATDAN HEM ÖLDÜRÝÄRMI?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.25 (4 Ses)

alkogol we beyniAdam beýnisi – beýni öýjükleri bolan onlarça milliard neýronlaryň örän çylşyrymly baglanşygy bolup, olar bedeniň daşary gurşaw bilen gatnaşykda bolmagyny, dogry hereketi we içki agzalaryň sazlaşykly işini üpjün edýär. Nerw öýjükleriiniň sazlaşykly işi bize pikirlenmäge, geplemäge, ýatda saklamaga, begenmäge ýa-da gynanmaga mümkinçilik berýär.

Alkogol içgileriniň (piwo bolsun, çakyr, arak, konýak ýa-da wiski) hemmesiniň düzüminde etil spirti (etanol) saklanýar. Aşgazana düşüp, ýörite fermentiň kömegi bilen etil spirti bölekleýin dargaýar, onuň galan bölegi bolsa gan damarlary arkaly bütin bedene ýaýradylýar. Alkogol hem suwda, hem ýagda gowy ereýär – şonuň üçin hem etil spirti bedeniň hemme ýerine, şol sanda beýnä hem düşmäge ukyplydyr.

Spirtiň molekulasy nerw öýjükleriniň daşky bardasyna "ýapyşyp", onuň işini üýtgetmäge ukyplydyr. Alkogol içgisiniň kadaly (hepdede birnäçe gezek) kabul edilmegi we nerw öýjükleriniň reseptorlarynyň kadaly gyjyndyrylmagy netijesinde "öwrenişme" döräp, alkogolizm keseline getirip bilýändir.

Etil spirti gan öýjükleriniň – eritrositleriň dargap, özara ýelmeşmelerine we gan lagtalaryny emele getirip, gan damarlarynyň dykylmagyna getirýär. Netijede, köp kiçijik gan damarlary basyşy saklap bilmän ýarylýarlar. Beýnide köpsanly kiçijik gan öýme ojaklary emele gelýär.

Alkogol içgilerini kadaly kabul edýän adamlaryň pikir ediş endikleri kütelýär, ünsi we ýatkeşligi erbetleşýär, görüş we eşidiş ukyplary, agyryny biliş düýgüsy, hakykata dogry baha bermek ukyby hem peselýär. Keýpiniň üýtgäp durmagy, birden gaharynyň gelmegi-alkogolly depressiýanyň alamatlarydyr. Alkogol içgileriniň kadaly, uzak kabul edilmegi, soňundan kemakyllylygyň (alkogol demensiýasy) döremegine getirýändir.

Alkogol içgisini kabul eden serhoş gyza ýa-da oglana ýardam berilmelidir we olar ýeke galdyrylmaly däldir. Öz hereketlerine we ýagdaýa dogry baha berip bilmeýändikleri üçin olar bilen jynsy gatnaşyk geçirilmeli däldir. Pajygaly ýol hadysalaryň sebäbi bolmaz ýaly, alkogol serişdelerini kabul eden adam hiç haçan ulag sürmeli däldir.