NÄME ÜÇIN ÝETGINJEK OGLANLARYŇ SESI ÜÝTGEÝÄR?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.41 (27 Ses)

Salam hormatly lukman! Ýetginjek oglanlaryň sesiniň ýognamagy naçe yaşda başlap, naçe yaşda gutarýar? Sesiň inçe bolmagynyn sebäbi näme we oňa garşy çäreler barmy?

Saýtyň okyjysy.

Hormatly lukman! Meniň 15 ýaşly oglumyň sesiniň üýtgeýändigini duýýaryn: ol käwagt ýogyn, käwagt inçe bolýar, käwagtlar bolsa gyrylýar. Ýetginjeklikde şeýle bolýandygy barada men bir ýerde okapdym. Bu dogrudan hem şeýlemi we onuň sebäbi nämeden?

Saýtyň okyjysy.

 

Jynsy taýdan ýetişmek döwri durmuşyň çylşyrymly pursatlarynyň biridir. Psihiki taýdan bu döwürde bolup geçýän üýtgemelere döz gelmek kynçylyk döredip, ulularyň goldawyny talap edip biler. Bu döwürde çagalar ýetginjeklik döwrüne gadam basyp, jynsy taýdan ýetişmek hadysalaryna degişli dürli üýgemeleri başdan geçirýärler. Oglanlar üçin şeýle jynsy üýtgemeleriň biri hem – sesiniň üýtgemegidir. Köp oglanlarda sesiniň üýtgemeleri adamlar bilen gatnaşykda oňaýsyzlyk döredip, çekinjeňlik, utançlyk duýgusyny döredip biljek sebäp bolýar.

Ses nädip döreýär?

Döş kapasasynyň hereketlenmegi bilen biz dem alyp, howany öýkenlere düşürýäris. Ses gasynlary (golosowyýe swýazki) howany geçirmek üçin bu pursat açyk bolýarlar. Howa göýberlende, ses gasynlarynyň ýanyndan geçip (ol wagt olar ol diýen açylmadyk), olaryň yrgyldamagyny ýüze çykarýarlar. Bu yrgyldylar hem sesi döredýärler. Dörän ses ony güýçlendiriji agzalar bolan döş kapasasyndan, bokurdakdan, burun-damak çäginden geçip gidip, diliň, kentlewügiň, dişleriň, aşaky äňiň kömegi bilen sözleýiş äheňine öwrülýändir. Bu fiziologiki hadysalaryň hemmesi beýnide ýerleşýän sözleme merkeziniň gözegçilik etmeginde amala aşyrylýar.

Birmeňzeş sesli çagalar

Kiçi çagalaryň bokurdagy we ses gasynlary uly bolman, olar inçe sesleri çykarýarlar. Çagalarda howa akymy ses gasynlaryny tutuş yrgyldatman, diňe olaryň gyrasyny yrgyldadýar. Aýdymçylarda şeýle sese falset ses diýilýär.

Köplenç ýagdaýlarda kiçijik oglanjygyň sesini gyzjagazyň sesinden tapawutlandyryp hem bolmaýar. Tebigat näme sebäpden şeýle etdikä? Çagajyklaryň howpsuzlygy üçin. Inçe sesler uzak aralyga eşidilip, ene-atalara öz çagalaryna gözegçilik etmäge we howply ýagdaýlar dörände kömege gelmäge mümkinçilik berýär.

Näme üçin ses üýtgeýär?

Çagalar ösdügiçe, bokurdak bilen ses gasynlary hem ösýär.10-12 ýaşlarda biz oglanlar bilen gyzlaryň sesiniň aratapawudyny duýup başlaýarys. Sebäbi ses gasynlary üýtgäp, oglanlarda onuň uzynlygy 16,5 mm. deň bolsa, gyzlarda ösüş yza galyp, ses gasynlarynyň uzynlygy 15 mm. barabar bolýar.

13-14 ýaşda, jynsy taýdan ýetişme döwri başlanyp, sesiň üýtgemegini jyns gormonlary amala aşyrýarlar. Oglanlaryň ses gasynlary galyňlaşyp, sesiň hem ýognamagyna sebäp bolýar. Hut şu döwürde hem ses üýtgeýär: inçe we ýogyn sesleriň gezekleşmegi bolup geçýär. Sesiň üýtgemeginiň hemmeler üçin birwagtda başlanmaýandygyny bellemelidir. Sesiň üýtgemeginiň 11 ýaşda başlandygy ýa-da birinji gezek 18 ýaşda syn edilendigi baradaky maglumatlar hem bellidir.

Sesiň üýtgemegi näçe wagt dowam edýär?

Bu döwürde sesiň üýtgäp, ýola goýulmagy üçin ortaça, 2-5 aý gerek bolýar. Ýöne her kim üçin ol dürli wagtlarda tamamlanyp bilýändir. Eger sesiň üýtgäp durmagy uzak ýyllara dowam etse ýa-da ol aslynda bolup geçmese, elbetde endokrin üýtgemeleri anyklamagyň zerurlygy ýüze çykyp biler.

Hut oglanlarda bolşy ýaly, gyzlaryň hem sesiniň üýtgemegi bolup geçýändir. Gyzlaryň bokurdagynyň, oglanlar bilen deňeşdirlende, ol diýen ösmeýänligi sebäpli, olaryň sesiniň üýtgemegi dowamly bolup, üýtgeýiş häsiýeti hem tapawutlanýandyr.

Sesiňize aýawly bolmaly döwür

Sesiniň üýtgäp durmagy, ýogyn çykmagy, birden hem inçelmegi, elbetde ýetginjek oglany uly ünjä goýýar. Bu hadysanyň sebäbini düşündirip, onuň basym geçýändigini ýetginjege aýtmalydyr. Bu döwürde oglanyň aýdym aýtma synanşygy hem başa barman biler. Eger oglan gaty gygyryp, öz sesini üýtgetmäge synanyşsa, ses gasynlaryny şikeslendirmäge sebäp döredip biler. Şikeslenen ses gasynlarynda düwünler döräp, sesiň gyryljyk bolmagyna getirip bilýändir. Ses gasynlaryna aýawly çemeleşip, gaty gygyrmazlyk, gaty ses bilen aýdym aýtmazlyk, ýuwaş gürleme bu düwünleriň aýrylyp, sesiň dikeldilmegine ýardam berip biler. Agyr nerw dartgynlylygy hem bu döwürde sesiň ýitmegine getirip biler. Eger şeýle oňaýsyzlyk dörän bolsa, oglanjygy logoped ýa-da foniatr lukmanyna görkezmelidir.

Ösýän ses gasynlarynyň köp gany talap edýändigi sebäpli, bu döwürde bokurdak gyzyl reňkli bolup biler. Eger dümewleme ýagdaýynyň başga alamatlary bolmasa, bejergini başlamagyň geregi ýokdur. Sebäbi ulanyljak dermanlar sesiň üýtgeme hadysasyny haýalladyp bilerler.

Ýogsa-da...

Garrylyk döwründe hem sesiň ýene üýtgeýändigi barada maglumat bar. Erkek bedeninde jyns gormonlarynyň peselýändigi sebäpli ses gasynlary ýukalyp, erkek adamynyň sesiniň inçelmegine getirýär.