Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
Iki ýyl mundan öň Culture Machine atly Mumbaý şereketi habarlar mediýasynyň baş mowzugyna öwrüldi. Bu şereket zenanlara aýbaşylarynyň ilkinji günlerinde her aýda iki gün jogap berýändigini yglan etdi we Hindistandaky ähli şereketleri şeýle etmäge çagyrdy.
YouGov Omnibus ylmy barlag işiniň netijelerine görä, aýbaşynyň ilkinji günleriniň ynjalyksyzlygyny başdan geçirýän işgär zenanlaryň 57%-i agyrylaryň iş etmekde uly kynçylyk döredýändigini tassykladylar. Her on aýalyň üçüsi başlygyna agyrynyň hakyky sebäbini aýdyp bilmeýär.
Gyssagly kontrasepsiýa (rus. экстренная контрацепция) – bu goragsyz geçirlen jynsy gatnaşykdan soň meýilleşdirilmedik, islenilmedik göwreliligiň öňüni almak üçin ulanylýan usullaryň toparydyr. Gyssagly kontrasepsiýa göwrelilikden goraýan hiç bir başga usul ulanylmadyk ýagdaýynda peýdalanylýar. Bu usuly goragsyz geçirlen jynsy gatnaşykdan soň 3-5 günüň dowamynda ulanmagа çemeleşmelidir, has dogrusy, näçe çalt ulanylsa şonçada netijeliligi ýokary bolýar.
Ýumurtgalygyň rak keselinden döreýän ölümçilik aýallaryň ölümçiliginiň arasynda dünýä boýunça 7-nji orny eýeleýär. Bu kesele mahsus bolan alamatlaryň ýoklugy sebäpli ony irki tapgyrlarda anyklama mümkinçiligi bolmaýar we bu kesel köplenç giç anyklanylýar. Eger kesel ilkinji tapgyrlarda anyklanylsa, bejergiden soň näsagyň ömrüni bäş ýyla uzaltmak mümkinçiligini gazanma 90-95%, ikinji tapgyrda – 70%, üçünjide – 15-20%, dördünji tapgyrda 1,5% düzýändir.
Uzak wagtdan bäri çaga isläp, birnäçe bejergilerden haýyr tapman oz çagalaryny dünýä indirmegi arzuw edýän çatynjalary maksadyna ýetirýän ekstrakorporal tohumlandyrma (EKT) usulydyr. Ýatgy boşlugyna tohumlandyrylan düwünçek goýlan badyna, zenany göwreliligiň alamatlaryna degişli soraglar biynjalyk edip başlaýar.
"Salam lukman! Gyz jyns agzalaryny gyjyndyryp sypalanda gyzlyk perdesine zyýan ýetirip bilermi?"
"Hormatly lukman! Men durmuşa çykmadyk gyz. Jynsy gatnaşygy başlamok. Ýöne jyns agzalaryny sypalap, gyjynma endigi mende döredi. Degişli maglumat çeşmelerinden bu ýagdaýyň "masturbasiýa" diýip atlandyrylýandygyny bildim. Ol endik meniň durmuşa çykyp, çaga dogurma mümkinçiligime zyýanyny ýetirip bilermi?"
"Salam saýtyň lukmanlary? Durmuşa çykan aýalyň masturbasiýa bilen meşgullanmagy zyýanmy? Onuň meniň adamym bilen gatnaşyklaryma zyýanyny ýetirmegi mümkinmi?"
Meniň öňümde oturan gelin durmuşa çykandan soň birinji gezek aýal lukmanynyň maslahatyny almak üçin gelipdi. Ýüzüni aşak salyp, utanyp we çala ýylgyryp maňa arzyny aýtmaga ymtylýardy: "Meniň aýal ugrum agyrýar we hapa gelýär. Aýbaşydan soň ol ýerde agyrylar has hem güýjeýär". Men onuň "aýal ugrum" diýip atlandyrýan ýerini, şonuň ýalyda onuň agyrýan ýerlerini aýdyňlaşdyrmak üçin sorag berýärin we aýallaryň aglaba böleginiň aýal jyns agzalaryny dogry atlandyryp bilmeýändigine göz ýetirýärin. "Aýal ugrum, aşagym" diýen ýaly salgy beriji sözleri ulanyp umumylaşdyrýarlar, ýöne bu agzalary atlandyrýan sözleriň bardygyny bilmeýärler. Tersine, näme üçindir halk arasynda zenan jyns agzalaryny kemsidiji paýyş sözleri ulanmak has ýörgün bolup, ol sözler bolsa hemmelere mälimdir.
Sen ýaş adam bolup, megerem maşgala agzalaňdan we dost-ýarlaňdan göwreliligiň döreýşi, onuň öňüniň alynşy barada her hili çapraz gelýän gürrüňleri eşiden bolsaň gerek.
Ýöne eşidýän maglumatyň dogrudygyny barlamak üçin ynamly çeşmelere ýüzlenmek zerurdyr. Biz şu ýerde boş gürrüň bilen hakykatyň arasyny açmak maksady bilen birnäçe giňden ýaýran göwrelilik ýagdaýy baradaky düşünjeleri inkär etdik.
Toslama 1: Ilkinji jynsy gatnaşykda göwreli bolup bilmeýärsiň.
Ýaňy-ýakynda ene bolan Maýa gürrüň berýär: – "Birinji dogumdan soň aýal maşgalaň öňünde gaty kän kynçylyklar döreýär. Olaryň biri hem bäbegi iýmitlendirmek, ýagny, emdirmek. Çagam emip başlandan soň göwsümiň emzikleri jaýyrlyp, ýara bolup başlady. Her gezek emdirjek bolsam çydap bolmaýan agyrylar biýnjalyk edip başlady. Öýdäkilere "özüni oňarmaýan" ýaly görünmejek bolup, utanyp ilkibaşda aýtmajak boldum. Emma agyrylar galmandy. Göwsümde gaty emele gelmeler we çişler döräp başlady. Gijelerine beden gyzgynym 38-den geçýärdi. Üstesine-de, bäbegimiň içi geçip başlady. Indi men gorkup başladym. Öýdäkiler bilen maslahat edip, lukmana ýüz tutmaly boldum. Lukman meni süýt mäzleriniň ultrases barlagyna ýollady. Barlaglaryň netijesi boýunça mende mastitiň abssedirlenen görnüşi anyklanyldy. Sada dilde aýdaňda, süýt mäzlerinde iriňli ojak emele gelipdir. "Siz irräk ýüz tutan bolsaňyz bular ýaly ýagdaý ýüze çykmazdy. Ol ojagy operatiw ýol bilen aýyrmaly bolarys" – diýip lukman aýtdy. Men öz-özümi şu ýagdaýa eltenime gaty gowy düşünýädim. Utanjymdan hassa bolanyma ökündim".
Döwürdeş zenanlara öý hojalygynyň keşigini çekme, hünärmenlik ösüşini gazanmak, döreýän dürli durmuşy kynçylyklary ýeňip geçme bilen birlikde zenan näzeninligini, mylakatlylygyny saklamak kyn bolsa gerek. Durmuşy kynçylyklaryň çözgüdini gözleme, barha ýokarlanýan jemgyýetçilik talaplary mylakatlylygy, zenan mähirliligini ýok edip, zenana mahsus bolmadyk yňdarmalygyň, rehimsizligiň, duýgularyň sowuklygynyň döremegine getirmäge ukyplydyr. Öz kalbyňda ýumşaklygy, hoşamaýlygy saklap, nädip mähirli bolup galyp bolýarka?
Meniň joram öz gyzynyň adamsyndan aýrylşýanyny aýdyp kellesini aşak egdi. Joramyň gözlerinden syrygyp gaýdan ýaş bolsa, bu ahwalatyň ene ýüregini gyýym-gyýym edip kesýändiginden habar berýärdi. Joramyň bir ýyl mundan ozal gyzynyň toýunda begenjinden ýelgamak ýaly ylgap myhmanlary garşy alşyna, gyzyny durmuş ýoluna ibermek üçin uly taýynlyk görşüni ýatlap, oňa ýüregim awady. Ene arzuwy puç boldy. Men: "Mähri näme üçin aýrylyşmagy ýüregine düwdi?" diýip soradym. Joram uludan demini alyp: "Döwran düýbünden başga adam ekeni. Özi hem ejem ogly. Biz hiç düşünşip bilemzok diýýär" diýip jogap berdi...
Näme üçin biziň döwrümizde nikalaryň bozulmagy köp duş gelýär? Näme üçin biziň mama-babalarymyzdyr, ata-enelerimiziň döwründe durmuşy şertler ol diýen ýaramly bolmasa hem, nikalar berk bolup, olar özara hormat we söýgi bilen ýaşapdyrlar? Belki-de, biziň ýaşlarymyz durmuş ýoluna taýynlyksyz rowana bolýandyrlar? Men bu mesele babatda pikirlendim we biziň ýaşlarymyzyň nazara almaly esasy ýagdaýlaryny kesgitlemäge synanşyk etdim.
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.