AÝTEREK-GÜNTEREK, GYZLAR, HAÝSY SPORT GEREK?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.28 (47 Ses)

Güneşli tomus günleriň biri tamamlanyp barýardy. Kakam bilen oglan jigilerim daşarda, goňşularymyz bilen üýşüp futbol oýnaýardylar. Men bolsa olaryň oýnuny penjireden synlap otyrdym. Ynha, oglan doganym Myrat topy derwezä saldy. Meniň kakamyň Myrada buýsanýandygyny yüzünden bilip bolýardy. Kakam Myradyň kiçiliginden sport bilen meşgullanmasyny gollaýardy we onuň futbol oýunçysy bolup ýetişmegini isleýärdi. Meniň bu şadyýan pursady synlap damagym doldy, çunki meniň hem kiçiligimden futbol oýnamana höwesim bardy. Ýöne kakam meniň gyz maşgaladygym üçin rugsat bermeýärdi. Kakam maňa: "Gyz öýde, oglan düzde" bolmaly diýip her sapar käýinýärdi. Şeylelik bilen meniň sport baradaky arzuwlarym puç boldy.

Kakamyň bu meselede goldaw berman, islegime garşy çykmaklygy meni ynjydypdy. Ýöne wagtyň geçmegi bilen men kakamyň bu kararyna düşünüp başlapdym.

Gyzlaryň sporta gatnaşmak islegi we jemgyýetçilik düşünjeleri

Biziň jemgyýetimizde gyz maşgalanyň sporta gatnaşmagyna garşy bir näçe böwütler bar. Ilki bilen,  aýal maşgalanyň sporta gatnaşma gadaganlygynyň gözbaşy aýal maşgalalaryň namysyny gorama zerurlygyndan gaýdýandyr. Jemgyýetde bar bolan ynanja görä, aýal maşgalanyň erkekleriň öňünde ylgap ýa-da maşk etmesi aýalyň mertebesine zeper ýetirip bilyär.

"Sport" diýen sözi diňe uly sport bilen meşgullanýan aýal-gyzlara degişli bolman, eýsem ýönekey gündelik dürmuşda edilýän hereketleri, meselem, türgenleşmek, maşk etmek we ylgamak ýaly hereketleri hem göz öňüne tutýandyr.

Aýal maşgala belli bir sport toparyna goşulanda, tälimçiniň aýal maşgalalaryň bedenine ýakyn galtaşmagy halanylanok. Aýal maşgalalaryň açyk ýa-da bedeniniň şekillerini belli edýän sport egin-eşigini geýmegi we şeylelik bilen onuň bedeniniň synlanma esbabyna öwrülmegi maşgalasynda utanma duýgusyny döredýär diýip hasaplanýar. Egerde aýal maşgala ahlak we däp-dessurlaryň sebäbi bilen döredilen çyzykdan çykaýsa, ol öz yzzatyny däl-de, eýsem öz maşgalasynyň jemgyýetdäki ar-namysyny howpa salýar diýip hasaplanylýar.

Biz, türkmen jemgyýeti, aslyýetinde öz adatlarymyza örän bagly millet. Türkmen adatlary aýal maşgalanyň bedeniniň jemgyýetde nirede, haçan we nähili görünmelidigini içine alýan "beden tertibi" düzgünlerine baglydyr we ondan daşa çykmagy adamlar tarapyndan ýazgarylýar. Türkmen däp-dessurlaryna we adatlaryna görä,  aýal we gyz maşgalalar fiziki, ruhy we duýgy taýdan "ejiz jyns" diyip hasap edilýär. Ondan başga-da, aýal-gyzlara ýuwaş gylykly, mesaýy hereketli obraz degişli edilýär. Şu sebäplerden türkmen jemgyýeti gyzlaryň gyz hereketlerini, oglanlaryň bolsa oglan hereketlerini etmesini ündeýär. Sport bolsa käte  aýal maşgalalaryň hereketlerine büs-bütin garşy gelýän hereketleriň edilmegini talap edip bilýär (meselem, derlemek, bökmek, şagalaňly bolmak). Şol sebäpli aýal maşgalalaryň sporta gatnaşyp, erkek oglanlara mahsus bolan hereketlerini görkezmekligi türkmeniň kabul eden "zenanlyk durkuna" gabat gelmeýär.

XXI asyrdaki üýtgeşmeler

Taryha göz aýlanymyzda, 1896-njy ýylda geçirlen Olimpiýa oýunlaryna ýekejede aýal maşgala gatnaşmady. Günbatar ýurtlaryndan aýal-gyzlar ilkinji sapar 1900-nji ýylda Fransiýada geçirlen Olimpiýa oýunlaryna gatnaşypdyrlar. Bu Olimpiýa oýunlaryna gatnaşan ýaryşyjylaryn diňe 2,2%-i aýal maşgala bolupdyr (997 ýaryşyjylaryň bary-ýogy 22 sanysy aýal ýaryşyjylarydy). 1980-nji ýyla çenli dünýewi ýurtlardan dine Türkiýanyň aýal-gyzlary Olimpiýa oýunlarynda bäsleşmek mümkinçiligine eýe boldular. 1936-njy ýylda geçirlen Olimpiýa oýunlaryna bolsa, Türkiýadan sportda basleşmek üçin iki sany gyz maşgala gatnaşýar we olar musulman dünýäsiniň ilkinji aýal ýaryşjylary hasap edilýär.

Türkmenistan ilkinji sapar 1996-njy ýylyň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmana hukuk gazandy we 13 sany zenan ýaryşyjylaryny ugratdy (4 sany atletçi, 4 sany dzýudoçy, 1 sany tüpeň atyjy, 3 sany ýüzüji, 1 sany stol tennisçisi). 2012-nji ýylda Londonda geçirlen Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistandan jemi 3 sany aýal we 7 sany erkek ýaryşyjy gatnaşmana hukuk gazanypdyr.

2012-nji ýyla çenli, sport çäresine degişli düzgünlerinde aýal maşgalalaryň sport eşiginde tirsegi we dyzy ýapyk bolmaly däl diýen kanun bardy. Ýöne 2012-nji ýylda ilkinji bolup FIFA (Halkara Futbol Federasiýasy) tarapyndan sport çäreleriň dowamynda dini däpler boýunça aýallaryň ýüzüne ýapynja dakylmasyna rugsat berildi. Wagtyň geçmegi bilen sportuň başga görnüşlerinde hem (woleýbol, ylgama we ş. m.) ýüz ýapynjasynyň dakylmagyna rugsat berildi. Şol sebäpli Katar, Bruneýa, Saud Arabystan 2012-nji ýylyň Olimpiýa oýunlaryna ilkinji sapar aýal atletlaryny iberdi.

Däp-dessurlarda bar bolan aýal maşgalanyň kabul edilen häsiýetnamasynyň XXI asyrda sport bilen meşgullanýan aýallar tarapyndan özgerdilmegi, aýal atletikaçylaryň özlerini sport dünýäsinde äşgär edip bilýändigini görkezýär. Aýallaryň fiziki başarnygynyň ösmegi we sporta gatnaşyp bilmek baradaky çäklendiriji düşünjelerini we jynsy böwetleri ýeňip geçme ukyplary, olaryň sporta has hem üns berip başlandyklarynyň aýdyn subutnamasy bolup durýar.

Ýöne meniň haýran galýan zadym: näme üçin halkara jemgyýetçiligi dinimize we däp-dessurymyza bolan garaýyşlaryny üýtgetse-de, biziň öz jemgyýetimiz türkmen aýal-gyzlarynyň sport bilen meşgullanmasyna bolan garaýyşlaryny üýtgedip bilenoklar? Näme üçin entek hem Türkmenistanda aýal-gyzlaryň sport bilen meşgullanmasy babatda jemgyýetçilik köpçüliginde negatiw düşünje barka?

Sport we zenan saglygy

Wagtyň geçmegi bilen, meniň bilen garyndaş aýallaryň çaga doguranlaryndan soň semräp, semizlikden ejir çekip başlandyklary ünsümi çekip başlady. Meselem, meniň öz ejem we enem hem semizlik sebäpli gündelik durmuş üçin edýän hereketlerini çäklendiripdiler. Şol sebäpli hem olar artroza-artrit we yokary gan basyş keseline duçar boldular. Enemiň we ejemiň hemişe öz çagalaryna we agtyklaryna: "Aýagymy owkalap beräy" diyip, haýyş edişleri entek hem ýadymdan gidenok. Şulardan başgada, meniň otuz yaşly joram Bibiniň: "Men betnyşan bolup semräp gitdim" diyip aglap oturşy, meniň has hem çuňňur pikire batmagymyň sebäbi bolýardy.

Menin bularyň beýle hala ýetenlerine gaty nebsim agyrýardy we mende gorky döredýärdi. Aslynda bu bir tarapdan maňada bir sapakdy. Hemme zadyň hem bir çözgüdiniň bolşy ýaly, şunuň hem bir çözgüdiniň bardygyna öz ýanymdan ynanyp başladym. Gözleglerimiň soňunda, bu döreýän kynçylyklaryň çözgüdiniň sport bolup durýandygyna göz ýetirdim. Meniň pikir edişime görä, olar ýaşlykdan sport bilen meşgul bolma üns beren bolsalar, bu oňaýsyzlyklara duçar bolmazdylar. Wagtyň geçmegi bilen bu mesele meniň has hem ünsümi çekdi. Lukmançylyk çeşmeleriň bellemegine görä, gündelik maşklaryň geçirilmegi bedeniň göreşme ulgamynyň işlemegine we ruhy asudalygyna peýda getirýär. Semizligiň öňüni almakdan başga-da, maşklaryň kadaly geçirilmegi ruhy gamgynlylygyň öňüni alýar, aýbaşynyň öňýanynda döreýän ýagdaýyň alamatlaryny azaldýar.

Bu peýdalardan daşary, gündelik maşklar gartaşan adamlary hereketsizlikden döreýän akyl ýetirme näsazlyklaryndan halas edýär, olaryň huşuny we ünsüni gowlaşdyrýar. ABŞ-nyň Women’s Sports Foundation (Aýallar Sport Guramasy) bellemegine görä, sport bilen meşgul bolýan ýetginjek gyzlar, sport bilen meşgul bolmaýan gyzlar bilen deneşdirlende mekdebi üstünlik bilen tamamlaýarlar we olaryň özlerine bolan ynamy ýokary bolýar. Bellenilen delillerden sport bilen meşgul bolýan gyzlaryň has hem özüne bolan ynamynyň we hormatynyň artýandygy we ruhy gamgynlylygyň azalýandygy görülýär.

Men durmuşymyň şu böleginde, sportuň aýal-gyzlaryň saglygyna bolan peýdasy barada kän maglumat okadym we meniň bilimim, ýerlikli maglumatlardan habarly bolmagym maňa kakamy ynandyryp bilmegime ýardam berdi. Häzirki wagtda bolsa men bilen ejem ýoga hem-de aerobika gatnaşýarys we biz olaryň peýdalaryny gaty çalt duýup başladyk.
Makalada galdyrylan mowzuk okyjylaryň biziň jemgyýetimizdäki aýal-gyzlaryň sport işjeňligi bilen bagly meselelerine ünsüni çeker diýip tama edýärin.

Makalada beýan edilýän pikirler, garaýyşlar hem-de teklipler awtoryň özüne degişli bolup, olar Saglyk.org saýtynyň garaýyşlary höküminde kabul edilmeli däldir.

Awtor: Artykgül Ÿazmyradowa