ZENAN MYLAKATLYLYGYNY SAKLAMAGA KÖMEK ETJEK 5 MASLAHAT

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.54 (24 Ses)

Döwürdeş zenanlara öý hojalygynyň keşigini çekme, hünärmenlik ösüşini gazanmak, döreýän dürli durmuşy kynçylyklary ýeňip geçme bilen birlikde zenan näzeninligini, mylakatlylygyny saklamak kyn bolsa gerek. Durmuşy kynçylyklaryň çözgüdini gözleme, barha ýokarlanýan jemgyýetçilik talaplary mylakatlylygy, zenan mähirliligini ýok edip, zenana mahsus bolmadyk yňdarmalygyň, rehimsizligiň, duýgularyň sowuklygynyň döremegine getirmäge ukyplydyr. Öz kalbyňda ýumşaklygy, hoşamaýlygy saklap, nädip mähirli bolup galyp bolýarka?

1. Eşigiňe görä garşylaýarlar

Köplenç biziň içki dünýämiz, keýpimiz, häsiýetimiz biziň daşky keşbimizi, geýinme endigimizi kesgitleýär. Zenanyň daşky keşbi, egin-eşigi onuň zenan näzikligini, asyllylygyny açyp görkezip, öz ýüz keşbiň gözel aýratynlyklaryny kesgitlemäge kömek edýän, dogry goýlan makiýaž bolsa onuň obrazynyň üstüni ýetirmäge kömek edip biler. Zenan näzeninligini görkezmäge kömek etjek dürli köýneklerdir, ýubkalar, ýaglyklardyr, şarflar dogry saýlanan şaý-seplerdir, bižuteriýalar bilen bilelikde siziň keýpiňizi, içki dünýäňizi açyp görkezmäge ukyplydyr. Esasy bellemeli düzgün – makiýažda we şaý bezegleri dakynmakda aşa öte geçmezlikdir. Modalar dünýäsiniň ussady Koko Şaneliň bellemegine görä, zenanyň biri-biri bilen utgaşýan diňe üç sany şaý-sepi birden dakynmagy dogry hasaplanýandyr.

Ýygy-ýygydan aýna seredip, özüňiziň gözel, goraga, söýgä mätäç we näzikdigiňizi gaýtalamagy unutmaň!

2. Maşgaladaky ornuňy bil!

Eger Siz işiňizde edaranyň ýolbaşçysy bolup, edermen, işewir häsiýetlilige öwrenşen bolsaňyz hem, öz hünärmenlik häsiýetiňizi maşgala ornaşdyrmajak bolup çalşyň.

Asyrlar boýy erkek adam maşgalabaşy höküminde hemme meseleleri çözme, maşgalany ekleme keşigini çekiji bolup, ol aýalyň arkadagyna öwrülipdir. Maşgalabaşyňyzy bu orundan mahrum etmäň! Siz öz iş ýeriňizde nähili edenli we dogumly bolsaňyz hem, öýde mylakatly ene we goldawa, söýgä mätäç zenansyňyz. Erkek adamyň "öňünden ylgap", oňa derek meseleleri çözmegiň, onuň elini sowadyp, maşgala meselelerinden daşlaşdyryp biler. Fiziki agramly zähmeti hem erkek adamlara tabşyrma ýerlikli bolar. Erkek adama mylaýym, ýyly sözler bilen ýüzleniň, şonda siz onuň jadylaýjy täsirini görersiňiz!

3. Dil bela...

Mylakatly zenan keşbini siziň sözleýiş äheňiňiz, sözleýişde ulanýan gödek sözleriňiz zaýalap biler. Belki-de, "Zenan agzyny açýança gözeldi" diýen jümle hem şonuň üçin dörändir. Dogrudan hem, gygyryp kethudalyk edip duran görmegeý aýal onuň ýaly bir näzenin hem görünmeýär. Öz sözleýiş äheňiňize, ulanýan sözleriňize üns beriň. Siziň mylakatlylygyňyz hemme zatda duýulmaly: garaýyşda, hereketlerde, sözleýişde.

4. Özüňizde zenan mylakatlylygyny terbiýeläň!

Hemişe öz içki duýgularyňyza üns beriň! Hemme aladalaryňyzy wagtlaýyn unudyp, dynç almaga, arzuw etmäge, hyýalyňyzda başdan geçiren mähirli pursatlaryňyzy ýadyňyza salmaga ymtylyň. Boş wagtlaryňyz hyjuw beriji söýgi eserlerini okamaga ýa-da süýji duýgulary başdan geçirýän gahrymanlardan söz açýan kinofilmlere tomaşa etmäge çalşyň. Olar siziň zenan kalbyňyzy oýandyryp, söýmäne we söýülmäne, näzenin bolmaga isleg döreder.

5. Söýgi bilen bile ýaşaň!

Söýýän zenandan gözel, näzik, mylaýym zenan görüpdiňizmi? Megerem, gören dälsiňiz. Söýme we söýülme islegi adamyny uly özgerişlere iterýär. Eger siz entek öz söýgüli ýaryňyza duşmadyk bolsaňyz, psihologlaryň maslahatyna eýerip, öý haýwanlaryny (kiçijik pişijek ýa-da güjüjek) ediniň. Goragsyz we adam söýgüsine mätäç janawerler baradaky alada sizde ýakymly duýgulary dörederler.

Näzenin we mährem bolmak ukyby hemme zenana tebigat tarapyndan berlendir. Esasy mesele – hemme durmuşy pursatlarda hem ony saklamagy başarmakdyr.