AÝALLARDA PEŞEWI SAKLAP BILMEZLIK ÝAGDAÝY: SEBÄPLERI, GÖRNÜŞLERI WE BEJERGISI

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

ayallarda enurezAýallarda peşewi saklap bilmezlik ýagdaýy (inkontinensiýa) – peşewiň erke, gözegçilige tabyn bolmazdan bölünip çykmagydyr.

Peşewi saklap bilmezlik aýallaryň arasynda has ýygy duş gelýän ýaramaz ýagdaý bolup, bu ýagdaý diňe bir gigiýeniki kynçylyklara dälde, aýalyň emosional durkuna hen täsir edip bilýändir. Şeýle aýallarda lapykeçlik, adamlardan gaça durma, öýden çykmakdan gorkmak ýaly stressli ýagdaýlar syn edilip bilinýändir. Peşewi saklap bilmezlik peşewiň daşky jyns agzalaryny we derini gyjyndyryp, ýörite bu ýagdaý üçin niýetlenen gigiýeniki serişdeleriň ulanylmagyny talap edýändir. Bu bolsa aýal maşgala üçin goşmaça maddy çykdaýjy bolup durýar. Bu oňaýsyz ýagdaý aýaly seksual gatnaşyklardan hem gaça durmaga mejbur edip, maşgala gatnaşyklarynyň gowşamagyna sebäp bolup biler. Bu näsazlygyň bejergisine ynamsyzlyk we orta hem-de gartaşan aýallar üçin ony kadaly hasaplamak – lukmanlara wagtynda ýüz tutulmazlygyň sebäbi bolýar.

Peşewi saklama meseleleri boýunça Halkara jemgyýetçilik guramasynyň (ing. ICS) habar bermegine görä, ABŞ-da we Ýewropa ýurtlarynda aýallaryň 38%-i peşewi saklap bilmezligiň stressli görnüşinden kösenýärler. Esasan hem, urolog lukmanlaryň bellemegine görä, bu ýagdaý 40-55 ýaş aralygynda has ýygy duş gelip, artykmaç utanjaňlyk sebäpli kösenýän aýallaryň diňe her onunjysy lukmana ýüz tutmagy ýüregine düwýändir.

Näme sebäpler peşewi saklap bilmezlige getirýär?

Köplenç peşewi saklap bilmezlik ençeme sebäpleriň utgaşmasy netijesinde döreýär:

↪ Çanaklyk düýbiniň myşsalarynyň gowşamagy: agyr, uzak geçýän dogrumlar; aýbaşydan galma döwri – estrogen gormonynyň azalmagy myşsalaryň we baglaýjylaryň çeýeligini peseldýär; ginekologiki bejergiler – ýatgyny aýyrmak, baglaýjyara çişleri aýyrmak, ýamzyň şikesleri; jynshana diwarlaryň we ýatgynyň aşak düşmegi;

↪ Peşew bölüp çykaryjy kanalynda geçirilýän operasiýalar, peşew çykaryş ýollaryň sowuklama hadysalary;

↪ Kelle çanagynyň we oňurga ýiliginiň keselleri:kellä gan inme, oňurganyň we kelle çanagynyň şikesleri, Alsgeýmeriň keseli, ýaýbaňlanan skleroz;

↪ Bedeniň artykmaç agramlylygy.

Peşewi saklap bilmezlik ýagdaýynyň görnüşleri

Aýallaryň arasynda peşewi saklap bilmezligiň esasan üç görnüşi tapawutlandyrylýar:

Stressli peşewi saklap bilmezlik – garyn boşlugynda basyşyň ýokarlanmagy we uretranyň ýapma mehanizmleriniň gowşaklygy netijesinde ýüze çykýar. Aýalda fiziki işjeňlik wagty (bedeniň ýagdaýynyň birden üýtgemegi, asgyrma, üsgürme, gülmek) peşewiň bölünip çykmagy ýüze çykýar. Hemme ýagdaýlaryň 27-64% tutýar.

Gaýragoýulmasyz (imperatiw) peşewi saklap bilmezlik – peşew etmäge güýçli isleg döräp, peşewiň özbaşdak, erke tabyn bolmazdan bölünip çykmagy bilen häsiýetlendirilýär. Peşewiň erksiz bölünip çykmagy islendik ýerde, islendik wagtda, fiziki dartgynlylyk bolmazdan döräp bilýändir. Bu ýagdaý peşew halta bilen onuň işini kadalaşdyryjy nerw merkezleriň arabaglanşygynyň bozulmagyna we peşew haltanyň aşa gyjyndyrylmagyna baglydyr. Peşewi saklap bilmezligiň bu görnüşi hemme ýagdaýlaryň 9-20%-i düzýändir.

Garyşyk görnüşi – stressli we imperatiw görnüşleriň utgaşmasy bolup, hemme ýagdaýlaryň 5-12%-i düzýändir.

Anyklaýyş çäreleri nähili geçirilýär?

Peşewi saklap bilmezligiň görnüşini anyklamak üçin indiki çäreler geçirilýär:

↪ Ginekologiki barlag – içki jyns agzalaryň ýagdaýyny we olaryň aşak düşme derejesini anyklamaga kömek edýär.

↪ Ultrases barlagy – böwregiň we kiçi çanaklyk agzalaryň ýagdaýy barada maglumat berýär.

↪ Rentgen barlagy (uretrosistografiýa) – peşew haltanyň we peşew çykaryş kanalynyň ýagdaýyny anyk öwrenmäge mümkinçilik berýär.

↪ Peşewiň barlaglary, şol sanda mikroflora ekmek barlagy.

↪ Magnit-rezonans tomografiýasy – has çylşyrymly ýagdaýlarda anyklaýşy geçirmäge kömek berýär.

Peşewi saklap bilmezlik ýagdaýynyň görnüşini anyklamaga aýalyň öz alyp barýan "peşew çykarma gündelikleri" peýdaly maglumat serişdesi bolup hyzmat edip bilýändir. Onda aýal peşew bölünip çykma getiren ýagdaýlary, olaryň sanyny we başga lukman üçin peýdaly maglumatlary görkezip bilýändir.

Peşewi saklap bilmezlik ýagdaýynyň bejergisinde maşklar netijelimi?

Peşewi saklap bilmezlik ýagdaýynyň stressli görnüşinde, jyns agzalaryň aşak düşme ýagdaýynda çanaklyk düýbüniň myşsalaryny berkitmek üçin ýörite maşklar ulanylýar. Bu maşklar geçen asyryň 40-njy ýyllarynda amerikan ginekology A. Kegel tarapyndan düzülip, häzir hem giňden ulanylýandyr. Myşsalaryň aýratyn toparyny türgenleşdirmek arkaly aýalda dartgynly ýagdaýda peşewini saklamaga ukyp döreýär. Maşklar keseliň başky tapgyrlarynda netijelidir. Kegeliň maşklary dogry ýerine ýetirilmelidir: diňe çanaklyk düýbüniň myşsalary gysylyp göýberilmelidir. Ýalňyşlyk bilen garnyň öňki diwarynyň myşsalarynyň türgenleşdirilmegi tersine, garyn boşlugynda basyşy ýokarlandyryp, peşewi saklap bilmezlik ýagdaýyny beterleşdirip biler.

Peşewi saklap bilmezlik ýagdaýynyň bejergi çäreleri

Bu ýagdaýyň görnüşine, aýalyň ýaşyna baglylykda derman serişdeleri bilen we hirurgiki bejeriş çäreleri ulanylýar:

Derman serişdeleri bilen bejergi – häzirki wagtda peşew saklap bilmezligiň imperatiw görnüşini netijeli bejermek üçin muskarin holinergin reseptorlary baglaýjy ( meselem, darifenasin) we beta-adrenoreseptorlary tijendiriji (meselem, mirabegron) serişdeler ulanylýar. Olar bilen bejergi birnäçe aý dowam edilmelidir.

Peşew haltanyň içinde elektroforez geçirmek – imperatiw peşewi saklap bilmezlik ýagdaýynda ulanylyp, peşew haltanyň içinde oksibutinin serişdesi bilen elektroforez geçirilýär. Bu çäre peşew haltanyň agzyndaky myşsalary gowşatmaga we dartgynlylygy aýyrmaga kömek edýär.

Botulotoksin bilen bejergi – botulotoksin A häzirki wagtda diňe kosmetologiýada ulanylman, eýsem urologiýada peşew haltanyň aşa ýygrylmagyny üpjün edýän myşsalara barýan nerw impulslary gowşatmak üçin hem ulanylýandyr. Botulotoksin sistoskopyň kömegi bilen peşew haltanyň agzynyň myşsalaryna göýberilýändir. Bu bejergi 15-20 min. wagty talap edip, botulotoksiniň ýerli täsiri 10-11 aýa çenli dowam edýändir.

 Operatiw çemeleşme başga çäreler netijesiz bolanda ulanylýar:

Peşew çykaryş kanalyna gel göýbermek – sistoskopyň kömegi bilen geçirilip, peşew çykaryş kanalynyň nemli gatlagynyň aşagynyň birnäçe ýerine ýörite gel göýberilýär. Kanala göýberilen gel ony daraldyp, peşewi saklap bilmeklige şert döretmäge kömek edýändir. Geliň siňip, ýene bejergini gaýtalama ýagdaýy – onuň esasy ýetmezçiligi bolup durýandyr. Ýöne käbir ýagdaýlarda (operatiw bejergini, narkozy geçirip bilmezlik) gel serişdesi esasy bejergi höküminde ulanmaga görkezme bolup biler. Bejerginiň bu görnüşi peşewi saklap bilmezligiň stressli görnüşinde ulanylýar.

Lazer bilen bejergi – jyns agzalaryň aşak düşmegi bilen utgaşýan stressli görnüşi bejermegiň usuly höküminde ulanylýar. Lazer şöhlesi bilen biraz wagtlyk jynshananyň öňki diwary we peşew çykaryş kanalynyň girelgesi işlenilýär. Işlenme netijesinde kollagen süýümleri dartylýar, onuň emele gelmegi tijendirilýär we dokumanyň çeýeligi gazanylýar. Işlenilen ýer az wagtdan gysylýar we peşew haltanyň dogry ýerleşmegi üçin şert döredilýär.

Peşew haltany asýan we halkalaýyn (slingowyýe) operasiýalar – häzirki wagtda kämilleşdirilen we netijeli operatiw bejergilere degişli edilýär. Hirurgiki bejerginiň bu görnüşinde ýörite ýasy sintetiki serişde peşew çykaryş kanalyň aşagyndan garnyň öňki diwaryna çykarylýar we oňa ýa-da çanaklyk süňklerine daňylýar. Netijede, peşew çykaryş kanalyň ýokary galdyrylmasy we daralmasy gazanylýar. Operatiw bejerginiň bu görnüşi peşewi saklap bilmezligiň stressli görnüşinde netijelidir.