AÝALLARDA ÝÜREK INFARKTYNYŇ ALAMATLARY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

ayallarda infarktHemmämiz erkek adamyň agyr dem alyp, döşüni gysyp, ýere ýykylýan film sahnalaryny gören bolsak gerek. Hakyky durmuşda welin, ýürek keseliniň pidasy aýal hem bolup bilýär we bu hadysanyň filmlerdäki ýaly beýle dramatik bolmazlygy ahmal.

"Erkeklerem, aýallaram kükreklerinde pil oturan ýaly basyşy başdan geçirýärler, emma aýallar döş gysylmasy bolmazdan hem ýürek infarktyny geçirip bilýärler. Munuň ýerine olar demgysma, döşüň aşagynda ýa-da garnyň ýokarragynda basyş ýa-da agyry, baş aýlanma, özüňden gitme, ýagyrnyda basyş ýa-da aşa ýadawlygy başdan geçirip bilerler" – diýip, Nieca Goldberg (M.D., Nýu-Ýork Uniwersitetiniň Lagone Saglyk Merkeziniň ýanyndaky Joan H. Tisch Aýallaryň Saglygyny Goraýyş Merkeziniň saglyk müdiri we Amerikan Ýürek Birleşiginiň meýletinçisi) aýdýar.

Ýürek infarktynyň alamatlary ujypsyzja bolsa-da, onuň netijeleri ölüm-howply bolup biler, esasanam näsag dessine kömek almasa.

Her 43 sekuntda bir adam ýürek infarktyny geçirýär. Bu ýürek myşsasyna kislorod geçirýän gan akymy örän azalanda ýa-da düýbünden togtanda bolup geçýär. Muňa ýüregi gan bilen üpjün edýän arteriýalaryň ýagyň, holesteriniň we beýleki maddalaryň (trombosit) köpelmegi zerarly ýuwaş-ýuwaşdan daralmagy sebäp bolýar.

Eger şu alamatlaryň haýsam bolsa biri bar bolsa, wagt ýitirmän hassahana gidiň:

1. Döşüň ortasynda oňaýsyz basyş, gysylma, agyrlyk ýa-da agyry. Bu birnäçe minutdan gowrak dowam edýär ýa-da aýrylyp gidýär we ýene gaýtalanýar.

2. Elleriň birinde ýa-da ikisinde, arkada, boýunda, eňekde, aşgazanda agyry ýa rahatsyzlyk.

3. Döşüň rahatsyzlygy bilen utgaşýan ýa-da utgaşmaýan demgysma.

4. Sowuk derleme, ýürek bulanma, baş aýlanma ýaly alamatlar.

5. Erkeklerde bolşy ýaly, aýallarda hem ýürek infarktynyň iň köp ýaýran alamaty döş agyrylary ýa-da döşde rahatsyzlykdyr. Ýöne aýallarda käbir beýleki alamatlaryň, aýratynam dem gysmanyň, ýürek bulanmanyň/gaýtarmanyň, arka ýa-da eňek agyrylarynyň ýüze çykma ähtimallygy ýokary bolýar.

Özüňe gowy ideg etmek arkaly ýürek infarktynyň öňüni alyp bolýar:

↪ Ýürek infarktynyň özüňe salýan howplary barada lukman bilen maslahatlaşyp öwren.

↪ Yzygiderli maşk edip başla. Diňe günde 30 minutlyk ýöremek hem ýürek infarktynyň we insultyň howpuny peseldip biler.

↪ Zerur bolsa maşgalaň iýmitleniş endigini üýtget.

Çeşme: Ameriсan Heart Association