ZENAN SAGLYGY WE SOSIAL GURŞAW

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.75 (12 Ses)

Beden saglygy hemmelere gerek, gymmatly, satyn alyp bolmajak baýlyk bolup durýar. Ýöne aýallara saglyk has hem gerekdir.  Erkekler bilen deňeşdirlende, aýal maşgalanyň bedeni dürli faktorlara durnukly bolsa-da, ol öz ömründe  uly fiziologiki üýtgeşmelere sezewar bolýandyr. Şol fiziologiki üýtgeşmelere, daşky gurşawyň ýaramaz faktorlary ýa-da sosial kynçylyklar goşulsa, aýal saglygy peselip ugraýar.

Aşakdaky maglumatlar aýallaryň saglyk ýagdaýynyň peselýänliginden habar berýär:

 

Aýallaryň saglygyna, onuň ýaşaýan sosial gurşawynyň aýry-aýry faktorlary göniden-göni täsir edýändir. Biziň döwürdeş zenanlarymyz, diňe bir maşgala ojagyny goraýjy öý bikesi, çagalary terbiýeleýän eneler bolman, jemgyýetiň işjeň agzalary hem bolyp durýandyr. Zenanlar bilim almaga, jemgyýetde öz ornuny tapmaga,belli bir hünärmen höküminde ösmäge ymtylýarlar. Esasan, erkek adamlaryň gatnaşmagynda dolandyrylýan jemgyýetde, jynsy kemsitmeleriň aýry-aýry ýagdaýlaryna biz islesek-islemesek duş gelýäris.

ABŞ-da, sorag etmek netijesinde, 15-20% aýallaryň zorlanma sezewar bolandyklary anyklanyldy. Jynsy jenaýatçylygy başdan geçiren zenanlaryň soňky durmuşynda dürli ýagdaýlar döräp biler. Anketirleme netijesinde, neşe edýän ýa-da ahlak taýdan bozuk aýallaryň 10-15%-iň ýaşlykda zorlanmany başdan geçirendikleri ýüze çykaryldy. Uly psihiki sarsgyny başdan geçiren zenanda özüne bolan ýigrenç, mertebesine kembaha garamak, erkeklere ýigrenç döreme ýaly duýgular döräp biler. Ol aýallarda maşgala gurmak mümkinçiligi peselýär. Şol sebäpli, olaryň ýarysy öz halasgäri höküminde neşäni ulansa, ýarysy tertipsiz jyns gatnaşyklary amala aşyryp, elden-ele geçýär.

Bu ýagdaýlar bolsa, zenan saglygyna uly zyýan ýetirýändir. (meselem, weneriki keseller bilen kesellemek, soň ýüze çykýan önelgesizlik ýagdaýy we ş.m.).

Öz başlygy tarapyndan jynsy gatnaşyga boýun etme synanşygynyň bolýanlygy barada, aýallaryň 20%-i boýun aldylar.

Jemgyýetde, sosial basgançaklary eýelemek, hünärmenlik taýdan ösmek üçin aýal bu gün ummasyz güýç sarp edýär. Ol bütin gününi işde geçirýär. “Bu ýagdaýyň nämesi erbet?“ diýip soramagyňyz mümkin.

Tebigat tarapyndan aýal ýaşaýşyň gözbaşy, ene höküminde döredilipdir. Adamzat asyrlar boýy aýala köpelmegiň simwoly höküminde seredipdir. Aýala tebigat iň esasy işi – çaga dogrup, köpelmegi tabşyrypdyr.

Aýal öz ýüregini, mähirliligini, öz içki kuwwatlylygyny çaga dogurmaga, ony ösdürmäge, terbiýelemäge gönükdirmelidir. Şeýle edilende, aýalyň jyns we gormonal ulgamlary kadaly we sazlaşykly işleýär. Gormonal ulgamynyň sazlaşykly işi, aýal bedeniniň saglygynyň, garramazlygynyň esasy sebäbidir.

Çaga dogmazlyk, çaga dogmagy gijikdirmek, çagany ene süýdi bilen emdirmekden saklanmak, abort etdirmek, nerw dartgynlylyk gormonal näsazlyklara getirýär. Bu bolsa, ýatgynyň miomasy, mastopatiýa, endometrioz, jyns agzalaryň täze döremelerine, aýbaşy bozulmalaryna getirip biler. Gormonal üýtgeşmeler aýbaşydan ir galma               (38-40 ýaşda) ýagdaýynyň ýüze çykmagyna getirýär. Barlaglaryň görkezişi ýaly, endokrin bozulmalary, önelgesizlik şäherde ýaşaýan, işleýän aýallarda has köp duş gelýändir.

Zenan saglygynyň ýagdaýy, onuň işleýän işinde duş gelýän ýaramaz faktorlara hem baglydyr. Önümçilikde duş gelýän himiki serişdeler bilen galtaşykda  bolmak, oba hojalygynda ulanylýan pestisidler, tehniki abzallaryň işinde ýüze çykýan elektromagnit şöhlelenmeler galkam şekilli mäziň gormonal näsazlyklaryna, çaga düwünçeginiň düşmegine, çaganyň dogabitdi ýetmezçiligine, ýumurtgalyklaryň kadasyz işlemegine getirip biler.

Aýallaryň uzak wagtlap, kompýuteriň başynda oturyp işlemegi çanaklyk agzalaryň gan aýlanşygynyň kynçylyklaryna getirip bilyär. Kompýuterden gelýän elektromagnit şöhlelenmeler göwreli aýallara ýaramaz täsir edip biler.

Aýallar işe ýerleşdirlende, ýokardaky ýagdaýlar göz öňüne tutulyp, aýallar üçin gadagan zähmetiň görnüşleri kesgitlense gowy bolardy. Kanuna  laýyklykda, işleýän göwreli aýala dogrumdan öň we soňky döwür üçin jemi 112 gün dekret rugsady berilip, işden boşadylýar. Agyrlaşan ýa-da operatiw dogrumlarda dekret rugsadyna goşmaça 16 gün, ekiz çaga dogran aýallara bolsa, goşmaça 40 gün berilýär.

Aýalyň beden we ruhy saglygyna aýawly garamak, onuň ýaşaýan maşgalasynda berjaý  edilmelidir. Öz aýalyna hormatly, söýgüli gatnaşyk, ýaşaýyş meselelerinde kömek bermek, göwrelilik döwründe we dogrumdan soňky döwürde aýala aýawly garaýyş hökmandyr. Maşgalada aýala zulum etmek, onuň hukuklaryny kemsitmek, maddy taýdan elgaramalyk aýalyň durmuşynda dartgynlylyk ýagdaýyny ýüze çykarýar.

“Jemgyýetiň ösenligi, onuň aýala bolan garaýşy bilen ölçelýär“ diýen tilsimat pikir etmäge mejbur edýär.

Zenan saglygyny goramak üçin:

HÖKMANDYR.

 

P.S. Zenan saglygyny goramagyň degişli ugurlary barada öz pikirleriňizi aytsaňyz, size minnetdar bolardyk. Zenan saglygynyň jemgyýetçilik faktorlara baglylygy barada bir makalada aýtmak mümkin däldir. Bu barada pikir alyşmalarymyzy dowam ederis diýen umydymyz bar.