ZENAN SAGLYGY: ONY NÄDIP GORAMALY?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.36 (22 Ses)

Biziň döwrümiziň jemgyýetinde zenanlaryň orny mese-mälim özgerendir. Zenanlar köp asyrlaryň dowamynda öz hukuklary ugrunda göreşip, deňhukuklygy aldylar. Indi zenanlar diňe öý hojalykçy däl, eýsem işewür zenanyň işlerini hem başarýandyr. Emma ol işewür zenana öwrülmek bilen, ýanýoldaşy, çagalary, öýi baradaky alada-hysyrdalary heniz-de onuň gerdenindedir. Şeýle agyr ýük eýsem zenan saglygyna täsir etmezmi? Elbetde eder!

Ýöne zenanyň döwrebap gadam urup, bu ýüküň astynda maýrylman, ýegşerilmän, gara gözüniň röwşenligini  ýitirmez ýaly näme etmeli?

Munuň jogaby gaty aňsatdyr: özüňe üns berip, saglygyň babatda öz ýaşyňa laýyk çäreleri görmeli. Ýaşyňy kemeldip, öz-özüňi aldamaly där. Eger 40 ýaşap barýan bolsaňyz, bedeniňize we saglygyňyza 40 ýaşlynyňky ýaly garamaly.

Biz ömrümiziň birinji ýarymynda keselleri ýygnap, onuň ikinji ýarymynda olardan gutuljak bolup dyrjaşýarys. Şoňa görä-de, zenan saglygyna ýaşlykdan üns berilse, soňra çykgynsyz saglyk kynçylyklary döremez. Sagdyn iýmitlenme, erbet endiklerden gaça durmak, sowuklama keselleriniň öňüni almak, jyns taýdan ýetişilende organizmiň garmonal ýagdaýyna üns bermek — ine, şu esaslar zenan saglygynyň girewidir.

Biz şu makalamyzda gaýgysyz-gamsyz ýaşlygy tamamlanyp, heniz garrylyk ýaşyna ýetmedik zenanlaryň saglyk ýagdaýy barada gürrüň etmekçi. Orta ýaşlaryndaky zenan öz saglygyna aýratyn üns bermelidir. Näme üçin? Zenan organizmi gurluşy taýdan erkegiňkiden has çylşyrymlydyr. Zenanyň organizminde iki jyns garmony (estrogen we progesteron) bardyr. Bu garmonlaryň beýleki garmonlar bilen özara gatnaşygy zenanyň saglygyna täsir edýändir.

40-45 ýaşdan soň zenanyň organizminde uly özgermeler bolup geçýändir. Olar esasan-da reproduktiw (nesil öndüriji) organlaryna täsir edýär. Bu organizmde jyns garmonlarynyň azalmagynyň netijesinde ýüze çykýar. Organizmde bolýan özgermeleriň ilkinji alamaty — aýbaşy aýlawynyň bozulmagy (onuň wagtyndan öň ýa-da giç gelmegi) we klimakteriki (aýbaşydan galmaklyk) alamatlarynyň ýaýbaňlanmagydyr. Aýbaşydan galmanyň alamatlary şulardyr:

Bu döwürde aýallaryň 10%-ne ýörite bejergi berilýär. Galan 90%-de bolsa bu alamatlar iki ýylyň dowamynda kem-kemden aýrylýar. Bu döwür zenan üçin örän kyn döwürdir. Sebäbi ol özüni erbet duýýandygyna garamazdan, maşgalasynyň we öýüniň aladasyny etmeli bolýar. Lukmanlar bu döwürde zenanlaryň özlerine aýratyn üns bermelidigini aýratyn nygtaýarlar.

Şeýle-de ýylda bir gezek göwüsleriň mammografiýasyny etdirmelidir. Her aýda göwüsleriňizi özüňiz barlap görmeli (Muny barlamagyň usullary şu saýtda ýerleşdirilen «Süýt mäziniň howply täze döremeleri» atly makalada berlendir). Her alty aýdan organizmdäki holesteriniň derejesini bilmek üçin gan barlagyny geçmelidir. Ýylda bir gezek hökman ginekolog lukmanynyň barlagyndan geçmeli. E, C witaminlerini, beta-karotini kabul etmeli, dogry iýmitlenjek bolmaly, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeli. Bu siziň agramyňyzyň kada laýyk bolup, organizmdäki holesteriniň derjesiniň artmazlygyna ýardam berer. Ine, şu aşakdakylary hem berjaý etmelidir.

Alymlar hem öz gezeginde zenan saglygyny goramak babatda şulary maslahat berýärler:

Organizmiňizdäki garmonlaryň dereje ýagdaýyna üns beriň. Sebäbi zenan saglygy onuň organizmindäki dürli garmonlaryň özara täsirine örän baglydyr. Siz 35 ýaşdan soň wagtal-wagtal endokrinolog we ginekolog lukmanlaryň barlagyndan geçip durmalysyňyz.

Günde dorog (tworog), garaly ýa-da banan iýjek boluň. Olar sustupesligiň aýrylmagyna ýardam berýärler.

Çaga dogurmak we ony emdirmek süýt mäziniň howply täze döremelerine uçramaklygy 50%-e çenli azaldýandyr.

Foliý turşulygyny kabul ediň. Ol zenan organizmine iň gerekli 6 maddanyň biridir. Şeýle-de B6 we B12 witaminlerini kabul ediň. Olar görejiň görüş ukybyna oňat täsir edýär. 
 
«Moskwa gözýaşlara ynanmaýar» atly meşhur filminiň baş gahrymanynyň 40 ýaşda durmuşyň indi başlanýandygy baradaky sözleri ýadyňyzda bolsun. Siz diýseň owadan, parasatly we üstünliklisiňiz! Sagdyn durmuş ýörelgesinden ýöräp, her bir ýaşan günüňize begeniň!  Goý, siziň ýakynlaryňyz sizi bagtyýar etsin, zenan saglygy bolsa sizi, goy, biynjalyk etmesin!