DÖWÜRDEŞ AÝALLAR: OLAR KIMLER?

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.78 (27 Ses)

Perişde Ýaradana ýüzlenip: "Ol diýseň ýumşak, eý Ýaradan, bu jandar näme?" diýip soraýar. Ýaradan: "Hawa, ol ýumşak we näzik. Üstesine ol berk we çydamly. Onuň näçe zatlary çydap başarýanyny sen göz öňüne hem getirip bilýän dalsiň!" diýip jogap berýär. "Ol pikirlenip bilýärmi?" – diýip perişde ýene sorag edýär. Ýaradan: "Ol diňe pikirlenmän, öz nukdaý nazaryny beýan edip, söhbetdeşlik gurup bilýär" – diýip jogap berýär. Şol wagt, perişde zenanyň ýaňagyna elini degirip geň galýar: "Eý Ýaradan, ol suw geçirýär. Görýän welin ol aýdyşyň ýaly berk däl". "Ýok, ýok ol suw geçirenok. Bu onuň göz ýaşlary. Ol göz ýaşlarynyň üsti bilen, özüniň begenjini, gaýgy-hasratyny, agyrsyny, ýekeligini we buýsanjyny beýan edip bilýär" – diýip jogap berýär. Bularyň ählisini eşiden perişde, "Eý Ýaradan, sen dogurdanam üýtgeşik jandar ýaradypsyň. Bu zenan hakykatdanam üýtgeşik! Deňi-taýy ýok we bolmadyk" – diýip begençli jogap berýär.

Zenanlar erkekleri özüniň çydamlylygy, näzikligi we şol wagtyň özünde mähirden doly kalby bilen haýran edýärler. Olar çagalara terbiýe berýärler, ähli kynçylyklary çekip çydaýarlar we şol wagtyň özünde daş-töweregine bagt, söýgi we şadyýanlyk saçýarlar. Olarda, başga hiç kimde bolmadyk güýç bar. Müňýyllyklaryň dowamynda zenanlar nesil dowam edijiler hökmünde hasap edilýärdiler. Zenanlar maşgala ojagynyň ýeke-täk goraýjylary hasap edilip, daşky dünýä bilen aragatnaşyk diňe erkekleriň borjy bolupdyr. Netijede, erkekler aýallary özlerinden has pes tutmaga başlapdyrlar. Emma tehnologiki ösüşiň, ylmy açyşlaryň we feminizm ýörelgeleriniň ösmegi bilen ýagdaý düýpgöter üýtgedi. Häzirki döwürde, aýallaryň jemgyýetdäki eýeleýän ornunyň üýtgemegi hem-de olaryň başga jemgyýetçilik derejesiniň peýda bolmagy bilen dünýägaraýşlary, islegleri, gymmatlyklary we borçlary hem üýtgedi.

ŞEÝLE DÜRLI ZENANLAR...

Biziň jemgyýetimizdäki aýallaryň dürli toparlara bölünýändigini görmek bolýar:

► Ýolbaşçy (lider) aýallar. Şeýle aýallar, köplenç öňünde goýan maksatlarynyň ählisine öz güýçleri bilen ýetýärler. Olar amatly pursatlara garaşmaýarlar. Diňe öz güýçlerine ynanýarlar we başga hiç kimden kömege garaşmaýarlar. Beýik Britaniýada ilkinji aýal premýer-ministr bolmagy başaran Margaret Tetçer, ABŞ-nyň baş döwlet sekretarynyň wezipesinde işlän Kondoliza Raýs we Hillary Klinton ýaly aýallar, häzirki döwrüň lider aýallaryň aýdyň mysaly bolup durýarlar.

Karýerist (işleýän işinde ýokary netijeleri gazanyp, ösüşe ymtylýan) aýallar. Bu aýallar üçin erkekler we maşgala iň soňky ýerde durýarlar. Olar ilki bilen telekeçilikde, iş ýerinde we jemgyýetde ýokary derejelere ýetmek üçin işleýärler. Bu täsin aýallaryň aklynda nämeleriň bolup geçýändigini hiç kim bilmeýär. Olar diňe işlemek üçin ýaşaýan ýaly. Jemgyýetde öz ornuny tapmaklyk we hünärmenlik ukyplaryny ösdürmeklik olara ylham berýar. Amerikan aktrisasy we BMG-nyň meýletin hoşniýetli ilçisi Anželina Joli, metbugat telekeçisi, aktrisa we filantropist Opra Winfri, hukukçy we ýazyjy Amal Alamuddin-Kluni, kazy we adam hukuklarynyň goragçysy Şirin Ebadi ýaly aýallar häziriki döwrüň karýerist aýallarynyň mysaly bolup durýarlar.

Öý bikeleri. Şeýle aýallar durmuşa çykan ýa-da çykmadyk bolup bilerler. Olar biziň söýgüli ertekimiziň gahrymany Zoluşkanyň obrazyny alan aýallar. Hojalyk işlerini ýerine ýetirip, çagalaryny terbiýeläp, ärleriniň sözünden çykman ýaşaýan aýallar. Köplenç ärleri, olary gabanjaňlyk, gorky we egoizm häsiýetleri sebäpli "öýden çykarmaýarlar". Bu aýallar köplenç, ykdysady we maliýe taýdan ärine doly garaşly bolýarlar.

AÝAL WE JEMGYÝET GARAÝYŞLARY

Aýallaryň jemgyýetde eýeleýän orny esasan olaryň çagalykda alýan terbiýesine we eşidýän zatlaryna bagly bolýar. Haçanda oglan çaga dogulanda "ol geljekde telekeçi/prezident/hukukçy bolar" diýýärler. Gyz bäbekleriň durmuşyny bolsa onuň geljekdäki durmuşa çykjak ýan ýoldaşy we maşgalasy bilen baglanyşdyrýarlar. Umuman jemgyýetdäki jynsy aýratynlyklar bilen bagly garaýyşlar ýaş gyzlaryň, gelinleriň, aýal maşgalalaryň durmuşynyň ähli döwürlerinede öz täsirini ýetirýär. Jynslaryň ikisi üçin hem ýetilip bilinjek üstünliginiň derejesi bellenen. Egerde erkek adamlar üçin hünärmenlik we ykdysady ösüş üstünlik bolup durýan bolsa, onda aýal maşgalalar üçin agzybir maşgala gurmak, gowy terbiýelenen çagalar we şuňa meňzeşler ýetilmeli üstünlikler bolup durýandyr. Egerde gyzlara çagalykdan "gowy biş-düş etme we soňy bilen ärine goldaw berip, çagalara terbiýe berme barada" gulagyna guýulmaýan bolsa, onda olaryň jemgyýetde tutýan orny başga bolup bilerdi. Özüniň hünärmenlik ukyplaryny ösdürmek we karýera gurmak isleýän aýal-gyzlar köplenç çylşyrymly ýagdaýlara sezewar bolýarlar. Sebäbi, bu ýerde olaryň "enelik" we "karýera" borçlary biri-birine garşy gelýär.

Ýokarda bellenip geçilşi ýaly, globallaşmak aýal-gyzlaryň birnäçe toparlara bölünmegine getirdi. Aýal-gyzlaryň jemgyýetdäki hakyky orny nämeden ybarat? Agzybir maşgala gurup, ýan-ýoldaşyna goldaw bermekdenmi? Ýa-da karýera gurup, erkekler bilen bir hatarda üstünliklere ýetmekdemi? Bu soraglara jogap tapmak her bir gyzyň özüne bagly. Ýöne bellenip geçilmeli wajyp zatlaryň biri hem, maşgalada jynslaryň rollarynyň üýtgemän, şol sebäpli hem döwürdeş aýallaryň borçlarynyň we talaplarynyň iki esse köpelendigindedir. Olar hünärleri bilen bagly borçlarynyň üstüne öý işlerine hem ýetişip, çagalara terbiýe bermeli bolýarlar. Netijede, aýallar ähli borçlaryna ýetişjek bolup, özüniň hakyky zenanlyk ukyplaryny we mylaýymlylygyny ýitirýärler. Olar erkekleriň häsiýetlerini özüne alyp, has gödek we ýoknasyz bolýarlar. Aýal we erkegiň arasynda durmuşy meseleler ýüze çykýp, maşgala agzalalygyna getirýär.

Türkmen aýal-gyzlarynyň maşgalada we jemgyýetde tutýan orny ägirtdir. Olar maşgala-hojalyk işlerinden başga-da, maşgala agzalarynyň arasynda agzybirlik saklaýarlar, işläp pul gazanýarlar we çagalarynyň gowy ýaşamagy üçin ähli zady edýärler. Jemgyýetiň ösmegi üçin ylymy, bilimi, tehnologiýalary, el-hünärlerini ösdürmekde öz uly goşantlaryny goşýarlar. Şeýlelikde, aýal-maşgalanyň jemgyýetde tutýan orny wajyp. Aýal maşgalalaryň işi, gyzyklanýan güýmenjeleri bolup biler. Emma özüniň hünärmenlik borçlaryndan başga, maşgala-hojalyk işlerini hem ýerine ýetirip bilip, özüniň zenan mylaýymlygyny ýitirmez ýaly, olary goldamak möhümdir. Olara diňe "biş-düş edýänçi" hökmünde garaman, eýsem, her bir zenanyň aýratyn bir şahsyýetdigini we olara hem şahsy ösüşiň wajypdygyny unutmaly däldir. Sebäbi adamzadyň geljegi zenanlara baglydyr.

Ulanylan WEB Çeşmeleri: 1 / 2 / 3