PYÝADA ÝÖREMEGIŇ PEÝDASY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.11 (9 Ses)

Gadym döwürlerde adam ýabany haýwanlary awlanda, ir-iýmişleri ýygnanda, köp ýöremeli bolýardy, käte uzakly gün aýak üstünde bolmaly bolýardy. Emma mälim bolşy ýaly, ýaltalyk – ösüşiň (progressiň) herekete getirijisidir. Adam akyl taýdan ösdügiçe, işlemezligiň hem iň kämil ýollaryny oýlap tapyp, az hereketlenip başlady. Biziň günlerimizde tehnika enjamlarynyň we serişdeleriniň güýçli depgin bilen ösmegi adamlaryň az hereketlenmegine mümkinçilik döredýär. Awtoulaglar, kir ýuwujy maşynlar, tozan sorujylar, tehniki serişdeleriň pult arkaly dolandyrylmagy, umuman, sanasaň sanap oturmaly. Ýöne bularyň bary adamlaryň durmuşyny ýeňilletmek bilen, onuň saglygyna belli bir derejede zyýan hem berýändir. Sebäbi adamlar az hereket edýärler, bu bolsa kem-kemden saglyk kynçylyklarynyň döremegine sebäp bolýar. Şonuň üçin-de, biz pyýada ýöremekligiň peýdasy barada şu makalany siziň dykgatyňyza hödürleýäris.

Pyýada ýöremek saglygy, bedeni, ruhy berkitmegiň iň ýeňil we iň howpsuz usulydyr. Pyýada ýöremek bedeniň  has oňat we netijeli işlemegine, rahatlanmagyna ýardam berýär. Adamlar pyýada ýöränlerinde, gündeki gaýgy-aladalardan daşlaşýar, güýjüni tiz dikeldýär. Ýürek we damarlar berkeýär hem-de olaryň işi has gowulaşýar. Ýöreýän adamlarda ähli bar bolan keselleriň döremek töwekgelligi peselýär, olaryň immuniteti ýokarlanýar. Pyýada ýöremegiň netijesinde süňkler we bogunlar bekeýär, gan bedende has oňat aýlanyp başlaýar. Bedeniňizdäki artykmaç ýaglar ýok bolup gidýärler, zäherli maddalar bolsa der bilen bedenden çykýarlar. Köp keselleriň sebäbi bolan holesteriniň hem mukdary azalýar.

Üns beren bolsaňyz, adam gaharlananda ýa-da tolgunanda, ol iki ýana  ýöräp başlaýar we az-kem köşeşýär. Pyýada ýöremek dartgynlygy, göwnüçökgünligi hem aradan aýyrýar. Nerw ulgamy köşeşýär, ýokary dartgynly işden has rahat ýagdaýa gelýär. Netijede, aňymyz has durlanýar, pikirlenmek we belli bir kararlara gelmek aňsatlaşýar.

Şonuň üçin-de, has köp ýöremeklige çalşyň. Siz gat jaýlarda ýaşaýan bolsaňyz, aşak we ýokaryk münmeli ýa-da düşmeli bolsaňyz, lifte garaşyp durmaň. Basgançaklardan ýokaryk galyp we aşak düşüp hereket etseňiz, saglygyňyzy berkidersiňiz. Garaž, hereket etmäge, köpräk pyýada ýöremäge mümkinçilik tapsaňyz, elden bermäň. Dükana, bazara, işe we beýleki ýerlere mümkin boldugyndan pyýada gatnaň. Günüň dowamynda azyndan bir sagat pyýada ýöräň!

Ukymyzyň rahat, ynjalykly bolmagy üçin ýöremegiň peýdasy uludyr. Agşamlaryna gezelenje çykanyňyzda, otaglaryňyzyň penjirelerini açyşdyryň. Şemalladylan salkyn otagda  ýatmak has ýakymly bolýar.

Pyýada ýöremek ählimiz üçin elýeterdir. Bedeniň fiziki taýdan gözelligini saklamakda-da ol örän ähmiýetlidir. Iň esasy zatlaryň biri - ýöremegi gündelik endigimize öwrüp bolýar.

Ýüregi türgenleşdirmekde hem ýöremegiň ornuny tutup biljek zat ýok. Adam näçe köp ýörese, ol şonça-da sagdyn bolýar: ýürek, öýken, gan aýlanyş has gowy işleýär, myşsalaryň tonusy artýar. Semiz adamlar ýöränlerinde, bir sagadyň dowamynda ep-esli koloriýalary ýitirýärler. Agramyňyzy azaltmak isleseňiz, ädim ölçeýji enjamy ulansaňyz bolýar. Bu ýönekeýje gural özüňizi oňat fiziki görnüşde saklamaga kömek edýär. Hemişe ädimleriňizi sanap, siz geçen aralygyňyza, işjeňlik derejäňize, ýakylan kaloriýalara gözegçilik edip bilersiňiz. Bu enjamyň  käbir  görnüşlerinde agzalan zatlaryň hasaby öz-özünden awtomatiki gözegçilik edilýär, netijede çykarylýar.

Elbetde, adam özüne zerur bolan zatlar üçin ýöremeli bolýar: öý işleri, nahar taýýarlamak, gap-gaçlary ýuwmak, zir-zibilleri dökmek we ş.m. Emma bu ýeterlikli  bolmaýar. Lukmanlar günde 10.000 ädim ýöremegi maslahat berýärler. Bu 8 killometre golaýdyr. Diýmek, gündeki öý işleriňizi edip ýöremegiňizden artyk azyndan 30 minut ýöremeli.

Ýöräp barýarkaňyz, 2 metr öňe serediň. Elleriňizi gowşagyň, olaryň bedeniňize degmezligine üns beriň, hereketleriň bolsa öňe we yza bolmagyny gazanyň. Garnyňyzy içiňize çekiň, ýöne ol dem alşyňyza päsgel bermesin. Guýruk myşsalaryňyzy ýygnaň, sebäbi ýöräniňizde, oňurga sütüniňize zyýan ýetmez we has köp kaloriýalar ýakylar. Kelläňizi dik tutuň, eginleriňizi 85-90° epiň. Ýöräp barýarkaňyz, butlaryňyz hem hereketde bolmalydyr.

Arassa howada gezelenç etmegiň berýän peýdasy:

Sagdyn durmuş endiklerini wagyz ediji belli Pol Bregg pyýada ýöremegi "fiziki maşklaryň şasy" hasaplaýardy. Ol hiç bir fiziki maşklaryň muskulaturanyň sazlaşygyny, gan aýlanyşynyň kämilligini, ýokary işjeňligi, bedeniň ähli agzalarynyň we ulgamlarynyň sagdynlygyny ýöremekdäki ýaly üpjün edip bilmeýändigini nygtaýar.

Gadymy pelsepeçiler pyýada ýöremegiň diňe bedeni janlandyrman, eýsem akyl we ruhy sazlaşygyny işjeňleşdirýändigini belleýärdiler. Adam ýöräp barýarka, kellesine ajaýyp pikirler gelýär. Platon we Aristotel aýratyn, täsin mekdepleri döredip, söhbetdeşlikleri we leksiýalary ýöräp barylýarka geçirýärdiler. Şol döwrüň beren ajaýyp şahslary bu hakykaty tassyklaýarlar.

Pyýada ýöremegiň peýdalydygyna diňe gadymy grekler göz ýetirmändiler. Belli bolşy ýaly, şu gün uzak ýaşamakda Ýaponiýa birinjiligi eýeleýär, sebäbi ol ýerde sagdyn iýmitlenmä we yzygider hereket edilmegine uly ähmiýet berýärler. Ýaponiýalylaryň köpüsi "Günde – 10 müň ädim" atly şygara eýerýärler. Özlerine mahsus bolan erjellik we tertiplilik bilen, olaryň köpüsi günde pyýada geçmeli ädimlerini sanaýarlar. Ýaponiýaly işewürler nerw dartgynlygynyň öňüni almak üçin ýokary derejeli kynçylykly şertlerde pyýada ýöreýärler. Fudziýama dagyna galmak – iň giňden ýaýran pyýada geçilmeli ýoldur.

Uly aralyklary ýöräp geçmek aňsat däldir. Şonda-da bir ädimi adip, siz özüňizi oňat duýýandygyňyza göz ýetirersiňiz. Pol Bregg ýaly, siz hem her ädimiňizde "saglyk", "güýç-kuwwat", "ýigitlik" ýaly "jadyly sözleri" aýtsaňyz, ýoly geçmek ýeňilleşýär.

Bir sagatdan az ýöreýän erkek adamlara garanyňda, günüň dowamynda bir sagatdan artyk pyýada ýöreýän erkek adamlarda ýüregiň işemiýa keseli bäş esse az duş gelýär.

Adamlar awtoulagy sürüp başlan ilkinji günlerinden köplenç semreýärler, olaryň ýürek-damar ulgamynyň işi bozulýar. Ulag sürmegi taşlamaly däl, ýöne günüň dowamynda pyýada ýöremegiň aladasyny etmeli. Ähli ýerlere ulagly gitmegi endik edinen bolsaňyzam, golaý aralyklara, dükana, zir-zibil dökmäge, seýilgähe pyýada ýöräň. Howa ýagynsyz, salkyn, arassa bolan günleri, işe ýa-da beýleki ýerlere ulagyňyzy goýup, pyýada gidiň. Bu size diňe gowy täsirini ýetirer, şähdiňizi açar, özüňizi duýuşyňyzy gowulandyrar.

Semiz adamlaryň "duşenbe güni berhiz tutup başlajak" diýşi ýaly, ýaltarak adamlar hem "ertirden başlap ir bilen pyýada ýörejek" diýýärler. Ýöne käwagt bu ýerine ýetirilmäm galýar. Siz az-azdan, gysgarak aralyklary pyýada geçip başlasaňyz, özüňizi duýşuňyzyň gowulanýandygyna göz ýetirseňiz. Soňra siziň uzak ýerlere hem pyýada gidesiňiz geler. Netijede, bu siziň iň gowy, saglyga peýdaly endikleriňiziň birine öwrüler.

Dogry iýmitlenme, arassa howa we pyýada ýöremek siziň bedeniňizi, ruhuňyzy sagdyn, pikirleriňizi ýagty we aýdyň eder!