SPORT BILEN MEŞGULLANMAKDA GADAGAN EDILÝÄN 10 DÜZGÜN

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (16 Ses)

Häzirki wagtda bütin dünýäniň adamlary sagdyn durmuş ýörelgesi babatda aladalanýarlar. Biz sagdyn we uzak ýaşap, öz bedenimize erk edesimiz gelýär. Adamlar bu ugurda täze usullary özleşdirip, şoňa görä diňe bir öz türgenleşiklerini, sport işjeňligini, iýmitlenmegini gurnaman, hatda dem alyş häsiýetini we pikirlenmegi hem şol ugurda alyp barmaga çalyşýarlar. Bu elbetde öwgä mynasypdyr.

Ýönebiziň köpimiz  şu wagta çenli  sport bilen meşgullanmakda gadagan edilýän zatlar barada bilmeýäris. Bu gadagan edilýän zatlaryň inkär edilen ýagdaýynda türgenleşmelerden garaşylýan netijeleri gazanmak juda kyn bolýar.

Türgenleşik wagtynda şulary etmek gadagan:

1. Irden ylgamak.

Aşakdaky belliklerden tapawutlylykda, şuny gadaganlyk däl-de, ýöne maslahat hökmünde kabul edip bilersiňiz. Bedeniň biologiki sagatlary baradaky ylmyň (bioenergetika) düşündirmegine görä, ylgamak agşamlyk naharyndan takmynan bir sagat soň, 20:00 – 22:00 aralygynda has peýdaly hasaplanylýar. Türgenleşmeden 40 min geçensoň, ýeňil garbanmak maslahat berilýär.

2. Asfaltyň üstünde ylgamak.

Asfaltyň türgenleşme üçin ýaramaz täsiri, aýagyň  asfaltly ýerden iteklenende döredýän agramlylygyny gowşadyp bilmeýänligi bilen düşündirilýär. Bu bolsa, aýagyň hemme süňklerine, bogunlaryna we bil oňurgasyna hem agramyň düşmegine getirip biler. Şonuň üçin hem, eger mümkinçilik bolsa, stadionda ýörite ot örtgüsi bilen örtülen ýollarda ýa-da bolmasa baglaryň içindäki toprakly ýodajyklarda ylgamak maslahat berilýär.

3. Awtoulag ýollarynyň golaýynda ylgamak.

Ylganan wagtynda dem alyş çaltlaşýar we bedenda alyş-çalyş ýagdaýlary tizleşýär. Arassa howadan dem alnanda bedeniň kislorod bilen üpjünçiligi ýokarlanýar. Bu bolsa bedeniň  arassalanmagyna ýardam berýär.

Hapalanan howadan dem alnanda, tozan sorujynyň işleýşi ýaly, beden ýaramaz howa bilen doldyrylýar.

4. Çem gelen eşiklerde türgenleşmek.

Türgenleşme üçin laýyk egin-eşik saýlanylmalydyr. Elbetde, onuň üçin zyňylmaga dözülmeýän, könelşen futbolkany ýa-da mekdep ýyllary geýen balagyňyzy ulanmak bolmaz. Sport eşigi ykjam we oňayly bolmalydyr. Arassa pagta matadan taýýarlanan sport egin-eşigi ulanmak oňaýly däldir: olar deri özüne siňdirip, teniňe ýelmeşip durýar. Şonuň üçin hem düzüminde pagtadan başga laýkra, poliester, elastan ýa-da neýlon bolan matalardan tikilen eşikleri geýmeli. Şeýle türgenleşik eşigi öz görküni gowy saklaýar we dartylyp durmaýar.

5. Aýakýalaňaç türgenleşmek.

Aýakýalaňaç, joraply ýa-da aşagy ýasy krassowkada türgenleşmek,  oňurgalyga uly agram salyp, onuň zeperlenmegine getirýär. Egerde, bedende damarlaryň näsazlygy bar bosa, onda bu ýagdaýy iki esse beterleşýändir.

6. Islän wagtyň suw içmek.

Türgenleşik wagtynda bedeniň köp suw ýitirýändigi hemmelere aýandyr. Biziň köpümiz bolsa suwy islän wagtymyz kabul etmäge öwrenişendiris. Fiziologlaryň maslahat bermegine görä, bedeniň suwsuzlanmagynyň öňüni almak üçin her 20 minutdan 2-3 gezek suw owurtlamak hökmandyr .

7. Derlemä garşy serişdeleri ulanmak.

Türgenleşik wagtynda adam köp derleýär. Derlemek bilen bedenden ýaramaz täsirli  şlaklar çykarylýandyr. Derlemä garşy serişdeleriň ulanylmagy,  bedende şlaklaryň derejesiniň ýokarlanmagyna getirýär.

8. Saz diňlenýän guraly – audiopleýeri ulanmak.

"Ony ulanman bolarmy?" – diýip, ör-gökden gelmegiňiz mümkindir. Alberty Uniwersitetinden kanadaly alym Wilýam Hodžetsiň düşündirmegine görä, türgenleşik bilen güýçli sesli sazyň utgaşmasy irde-giçde eşidişiň doly ýitmegine getirip biler. Kä halatlarda bu ýagdaýyň duýdansyz ýuze çykmagy mümkindir.

9. Türgenleşik wagtynda başga zatlara pikiriňizi sowmak.

Türgenleşik mahaly Siz gepleşýän bolsaňyz ýa-da telewizor görüp ünsüňizi sowýan bolsaňyz, hereketleriňize gözegçilik edýän esasy agza bolan beýniniň "ünsi" hem sowulýandyr. Onuň netijesinde beden myşsalaryna bolan gözegçilik hem peselýändir. Şeýlelikde, türgenleşigiň peýdasy örän azalýar. Bu ýagdaýda hünärmenler öz hereketleriňize gowy üns berip, "bedeniňiz bilen ruhy gatnaşyga" girmegiň möhümdigini belleýärler.

10. Ýadaw ýagdayda meşgullanmak.

Siz ýadaw ýa-da ukyňyzy almadyk bolsaňyz, türgenleşik oňat netijeleri berip bilmez. Bu ýagdaýda siz diňe stress gormonlarynyň (adrenalin) gana zyňylmagyny gazanarsyňyz.

Siz öz türgenleşikleriňizde ýokarda beýan edilenleri ünsden düşürmesiňiz, uly we gerekli netijeleri gazanmaga şertler döredersiňiz.