PAGTA ÝAGYNYŇ PEÝDASY WE ZYÝANLY TARAPLARY

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.28 (32 Ses)

Gündelik durmuşymyzda ýygy ulanylýan pagta ýagy, irki döwürlerden bäri Merkezi Aziýa sebitlerinde giňden peýdalanylyp gelinýär. Merkezi Aziýanyň esasy naharlarynyň biri bolan palowyň pagta ýagyna bişirilmegi nahara özboluşly tagam berýär. Bu ýaga bolan talap ABŞ we Ýewropa ýurtlarynda hem barha artýar. Bu ýurtlarda iýmitde günebakar, zeýtun, mekge ýaglary has köp peýdalanylýar.

Biziň günlerimizde pagta ýagynyň iki görnüşi satlyga çykarylýar: arassalanan we arassalanmadyk. Birinji görnüşi yzygiderli arassalanmak netijesinde açyk sary reňke eýe bolýar, yssyz diýen ýalydyr we biraz hozuň tagamyny berýär. Şu görkezijileriň esasynda bu görnüşli ýag aşhanada we kosmetologiýada ulanylýar.

Pagta ýagynyň arassalanmadyk görnüşi bolsa, güýçli ysly, gyzyl reňklidir. Ol düzüminde köp sanly çökündileri we zyýanly garyndylary saklaýar. Ýadyňyza düşýän bolsa, öňler dükanlarda satylýan ýaglar öýe getirilip ýakylyp, iýmäne ýaramly görmüşe getirilýärdi. Ana, şol ýaglar arassalanmadyk görnüşindedi. Pagta ýagynyň arassalanmadyk görnüşi himiýa önümçiliginde özüniň peýdasyny tapandyr. Ondan çyra ýagyny, çalgy we olif ýaglaryny taýýarlaýarlar. Ol düzüminde beden üçin gerekli we peýdaly maddalary saklaýandygy üçin bejeriji häsiýete hem eýe bolup, weterinariýada giňden ulanylýar

Üns beriň! Arassalanmadyk pagta ýagyny kosmetikada we iýmit taýýarlamakda ulanmak gadagandyr. Arassalanmadyk ýagyň düzüminde zäherli madda bolan gossipol saklanýar. Hut şu maddanyň täsiiri bilen arassa däl ýag goýy reňke eýe bolýandyr.

Arassalanan görnüşiniň ulanylýan ýerleri:

► Aşhanada: Biziň ýurdumyzda aşhanany pagta ýagsyz göz öňüne getirip bolmaýar. Käte beýleki ýaglardan peýdalanýan bolsak hem, pagta ýagy biziň ýurdumyzda has ýörgünlidir. Palowdyr, somsa, pişme-çapady ýaly tagamlar türkmeniň aşhanasynda iň köp ýag talap edýän iýmitler bolsa gerek. Pagta ýagyna bişen bu naharlar hemişe süýjüligi we aýratyn tagamy bilen tapawutlanýar. Mundan başga-da, pagta ýagy dürli işdäaçarlaryň düzümine goşulsa, has-da datly tagam berýär.

► Iýmit önümçiliginde: Pagta ýagy bize mälim bolan margarin ýagynyň esasy düzüm böleklerini tutýandyr. Şeýle hem, ony et we gök-önüm konserwalaryny taýýarlamakda giňden ulanýarlar.

► Kosmetologiýa: Pagta ýagy köp sanly kosmetika önümleriniň (balzamlar, emulsiýalar, kremler, şol sanda günden goraýjy kremleriň) iň "söýgüli" düzüm bölegidir. Bu bolsa pagta ýagynyň düzüminde doýgun däl organiki ýag turşylyklaryň saklanýandygy sebäplidir.

Pagta ýagynyň düzümi (arassalanan)

Ýagyň düzümi barada söz açylanda, onuň iýmitlilik hilini ýatlap geçmek hökmanydyr. Arassa pagta ýagynyň 100 gramynda 899 kkal saklanýar.

Pagta ýagynda saklanýan peýdaly maddalar:

→ Witamin E. (100 gram önümde 99mg).

→ Ösümlik sterollary.

→ Gymmatly doýgun däl ýag turşylyklary – stearin, palmitin, linolew, olein, miristin we beýlekiler.

Bu maddalaryň kömegi bilen pagta ýagynyň bedene ýetirýän peýdalary has-da artýar.

Pagta ýagynyň peýdalary

♦ Pagta ýagynda ösümlik sterollary (fitosterollar) saklanyp, olar içege diwaryndan "zyýanly" holesterinleriň sorulmagyny peseldýärler. Bu bolsa holesteriniň damarlaryň diwarynda az mukdarda toplanmagyna getirýär. Umuman, bu maddanyň kömegi bilen bedende holesteriniň mukdary 15%-e çenli peselýär. Bu bolsa ateroskleroz, çiş keselleriniň we ýüregiň infarktynyň döremek howpunyň öňüni alýar.

♦ Ýene-de, pagta ýagy E witaminine baý bolup, immuniteti saklaýjy serişdedir we antioksidant häsiýetlidir. Mundan başga-da, bu witamin nerw ulgamynyň işini sazlap, ir garramaklygyň öňüni alýar.

♦ Doýgun däl ýag turşylyklary bedende seramidleriň emele gelmegine gatnaşýarlar we hut şunuň üçin hem kosmetologiýada bu önüm giňden ulanylýar. Yzygiderli ulanylmagy deriniň aşa guraklygynyň öňüni alyp ony ýumşadýar we deriň gurluşyny gowulandyrýar.

♦ Irki döwürlerden bäri belli bolşy ýaly, pagta ýagy ýanyklary netijeli we çalt bejermekde gowy serişdedir. Bellik: ýanykdan soň bada-bat islendik bir ýagy ýanan ýere çalmak bolmaýar. Çünki ýaglar ýylylygy saklaýarlar. Ýanyga bolsa sowuklyk gerekdir.

Zyýanlary we ulanmaga garşy görkezmeler

Ösümlik ýaglarynyň islendiginiň bedende allergiki täsirliligi döredip biljekdigi gizlin däl. Ol pagta ýagyna hem degişlidir. Şonuň üçin pagta ýagyny saýlanyňyzda onuň reňkine, ysyna üns bermegi unutmaň. Arassalanan ýagy reňkinden, ysyndan tanap, baha berip bolýandyr.

Arassalanmadyk ýag düzüminde howply gossipol pigmentini saklap, erkek adamlarda spermatogeniziň emele gelmegini peseldýär we önelgelilik ukybyny bozýar. Mundan başga-da, ol madda çalşygyna gatnaşýan käbir fermentleriň işjeňligini peseltmäge ukyplydyr. Arassalnan ýagda gossipol düýbünden bolmaýar. Şonuň üçin arassalanan ýag bu babat-da hiç hili zyýanly däldir.

Awtor: Kerim Nurlyýew